Progres.Online

Merkezi Aziýada suw baýlyklarynyň ýagdaýy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy “Global suw baýlyklarynyň ýagdaýy” atly ilkinji hasabatyny çap etdi. Hasabat jemgyýetiň, klimatyň, daşky gurşawyň üýtgemeginiň global suw çeşmelerine edýän täsirine baha berýär we dünýäniň suw çeşmeleriniň elýeterliligi hem-de ýerli we global derejede suw çeşmelerini dolandyrmak üçin düýpli düşünjeleri üpjün edýär. Klimatyň üýtgemeginiň täsirini suw arkaly, ýagny örän güýçli we ýygy-ýygydan gurakçylygy, aşa suw joşmalaryny, adatdan daşary möwsümleýin ýagyşlary, buzluklaryň çalt eremegini başdan geçirenimizde görýäris. Meselem: 2001-2018-nji ýyllar aralygynda ähli tebigy betbagtçylyklaryň 74% -i suw bilen baglanyşyklydy.

Hasabat Merkezi Aziýanyň suw baýlyklary barada hem gysgaça maglumat berýär. 2021-nji ýylda, Merkezi Aziýanyň ýerasty we ýerüsti suw gorlarynyň ählisi kadaly derejeden azdy. Şonuň ýaly-da, sebitiň derýa akymlary, has takygy derýadan akýan hemişeki suwuň mukdary ortaça derejesinden pesdi. Týan Şan we Pamir daglarynda 28.000 töweregi buzluklar bolup, bu Merkezi Aziýanyň oba hojalygy, durmuş we senagat üçin peýdalanýan esasy suw çeşmesidir. Hasabat soňky 40 ýylda, Täjigistanda Zerawşan, Kaşolaýah we Hirson buzluklarynyň ep-esli erändigini we yza çekilendigini görkezýär. Şeýle hem, 2020–2021-nji ýyllarda, Özbegistanda günbatar Týan Şandaky Barkrak buzlugynyň umumy göwrümi 67 sm kiçeldi. Bu bolsa 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 3 esse köp.

Umuman, Gyrgyzystan we Täjigistan suw akymynyň başynda ýerleşýär we Merkezi Aziýanyň suwa baý ýurtlary. Özbegistan, Türkmenistan we Gazagystan akymyň aşagyndaky ýurtlar bolup, suw talaplary juda ýokary. Merkezi Aziýa döwletleri dünýäde adam başyna iň kän suw sarp edýän ýurtlardyr. Sebitdäki suwuň 90% -den gowragy suwaryş üçin ulanylsa-da, oba hojalygynyň jemi içerki önümdäki paýy bary-ýogy 15%.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: