Progres.Online

Merkezi Aziýada sanly ulgamda we internetde ösüp barýan çaklendirmelere nähili garşy durmaly?

Ildar Daminow bilen söhbetdeşlik.

Merkezi Aziýada (MA) sanly awtoritarizm güýçli ösýär. Сabar. asia analitiki proýekty ekspert bilen söhbetdeşliginde sebitdäki sanly ulgamyndaky diktatura meselesine düşünmäge çalyşýar. Raýatlara we media çözgüt hödürlenýär. Ildar Daminow Wenadaky Merkezi Ýewropa Uniwersitetiniň doktoranty, Halkara Syýasy Ykdysadyýetini deňeşdirme we Sosial ylymlarynyň usulyýetinde hünärmen. Ol merkezi we gündogar Ýewropa hem-de Aziýadaky esasan hem d/g Koreýadaky awtoritar gurluşy, sanly ulgamyň meselelerini öwrenýär we çözmäge çalyşýar.

Soňky döwürde MA sanly awtoritarizmiň ösmegi we sebäpleri näme?

  1. Adaty syýasy basyş. Sowet soýuzyndan galan öňki KGB meňzeş Milli döwlet howupsyzlygy ýada Milli içerki howupsyzlyk ýaly jeza beriji edaralar bu zynjyryň esasy halkalary bolup durýar. Syýasaty öwreniş ylymynda “path depedence” teoriýasy (geçmişdäki wakalaryň soňraky hadysalara täsiri) sebitiň syýasy ýagdaýyny düşündirýär.
  2. Sebitiň awtokratik (özhäkimlilik ýa-da çäksiz hökümdarlyk) birleşmegi ýada döwletleriň özara awtokratik baglanşygy). Sebitdäki hökümetler biri-birinden söwda, daşary syýat gatnaşyklary we kanun çykaryjylyk tejribelerini alýar.
  3. Gysdyrylan biznes gurşawy. Sebitde Meta (öňki Facebook) we Google ýaly halkara tehnologik korporsiýalar sanly hyzmatlary we programma üpjinçiligi (PÜ) berýär. Ýöne bu hyzmatlar Türkmenistanda we Täjigistanda doly hökümete tabyn edilendir.

MA döwletleriniň gözegçiligi we senzurany güýçlendirmegi raýatlaryň sanly giňişlikdäki hukuklaryna täsir etdimi?

Bu ýagdaý MA döwletlerine görä üýtgeýär. 2000-nji ýyllarda başlan onlaýn garaşsyzlyga döwletler nähili garajagyny bilmändirler. Meselem Türkmenistanda we Täjigistanda internede girişi çäkleniripdirler ýada doly kesipdirler. Türkmenistanda 2007-nji ýyla çenli internet ulanýan seýrek bolupdyr. Beýle petiklemeler diňe jemgyýetçilik aragatnaşyga däl ykdysadyýete hem uly zyýan ýetirýär. Häzirki döwürde telefonlary yzarlamak aňsatlaşdy. Gözegçilik kameralarda ýüzleri tanaýan programmalar bar. Bu kameralar entäk Türkmenistan bilen Täjigistanda ýok.

MA sanly awtoritarizmiň sanly ykdysadyýetiň ösmegine we sebitiň global ykdysadyýetine täsiri nähili?

MA raýatlary “sanly çäklendirmeleri” ünssüz goýmaýarlar. Sebitiň Türkmenistandan başga ýurtlarynda VPN ulanylmagy gowy habarlaryň biridir. Gyrgyzystanyň raýatlar jemgyýeti mediada halka ýalňyş habar ýaýramagyna garşy derňewler geçirilýar. Meta ýada Google (Türkmenistanda bu platformalary çäklendirmäge çalyşýarlar) halkyň sosial durmuşynda çuňňur ornaşandyr.

Meta we Google ýaly uly platformalar sebitdäki sanly awtoritarizime garşy raýatlaryň hukugyny goramaga kömek edýärmi?

Eger hakykaty aýtsak beýle uly kompaniýalaryň adam haklary bilen işi ýok. Muňa garamzadan MA döwletleri olary çäklendirmäge çalyşýarlar. Şeýle hem bu kompanýalaryň sebitdäki ýagdaýlardan jikme-jik habarlary ýok. Şonuň üçin hem bu kompanýalar ýerli wekilhanalaryny açsa sebitiň raýatlarynyň sanly giňişlikdäki hukuklaryny gorap biler.

MA döwletleriniň güýçli kontrolynda saklaýan sanly giňişlikde ýerli we halkara guramalar raýatlaryň hukuklaryny nähili gorap biler?

  1. Bilim ulgamynyň we halkyň ünsüni çekmek. Ilata ýönekeý “maglumat gigiýenasy” ýagny, haýsy maglumatlara ynanmaly, çeşmeleri deňeşdirmegi we analitiki pikirlenmegi öwretmeli.
  2. Halka şahsy azatlygyň ähmiýetini düşündirmek. Onlaýyn gözegçilik wagtyň geçmegi bilen adaty durmuşy kontrol etmeklige öwürlip biler.

Sanly ulgamyň uly kompaniýalarynyň wekilhanalarany bilen işleşip, ýerli hökümetleriň manysyz çäklendirmelerine garşy göreşmeli. MA awtokratiýanyň berkleşmegine garamazdan Gyrgyzystanda, Özbekistanda we Gazagystanda sanly awtoritarizime garşyraýat jemgyýetleri güýçli ösýar.

Çeşme: Cabar.asia

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: