Bütindünýä bankynyň hasabatyna görä, 2050-nji ýyla çenli Merkezi Aziýada içerki klimat migrasiýasy üç ssenariýa boýunça ýokarlanmagyna garaşylýar: pessimistik, inklýuziw ösüş we amatly klimat ssenariýalary.
- Pessimistik salgylanma ssenariýasy: Klimat migrantlarynyň sany 2.4 million (umumy ilatyň 3.4%-i) we klimat bilen bagly içerki migrasiýanyň 26% artmagy çak edilýär.
 - Inklýuziw ösüş ssenariýasy: Klimat migrantlarynyň sany 1.9 million (umumy ilatyň 2.5%-i) we klimat bilen baglanşykly içerki migrasiýa 38% ýokarlanmagy mümkin.
 - Amatly klimat ssenariýasy: Klimat migrantlarynyň sany 1.7 million (umumy ilatyň 2.4%-i) we içerki klimat migrasiýasy bolsa 20% köpelmegi çaklanylýar.
 
2050-nji ýyla çenli migrantlaryň göçip barmagy çaklanylýan sebitler:
- Fergana jülgesi (Özbegistanyň Taşkent şäherine golaý ýer);
 - Günorta Täjigistan, şol sanda Duşanbe;
 - Karagandy etraplary, Nur-Soltan we Kostanaý ýaly ýerler, şeýle hem Gazagystanyň demirgazygyndaky ýagyşa suwarylýan ekin meýdanlary;
 - Bu ýerlere göçüşiň artmagy suwuň elýeterliligi, ekiniň bol hasylylygynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrylýar we klimatyň üýtgemegi netijesinde ilat göçüşiniň köpelmegine garaşylýar.
 
2050-nji ýyla çenli ilatyň terk etmegine garaşylýan sebitler:
- Gazagystanyň günorta serhedindäki ýerler;
 - Uzbekistandaky we Täjigistandaky Fergana jülgesiniň töweregindäki ýerler;
 - Gyrgyzystanyň Bişkek şäheriniň töwerekleri;
 - Türkmenistanyň gündogaryndaky, Özbegistanyň günortasyndaky we Amyderýanyň boýuna golaý ýerler;
 - Suwuň elýeterliliginiň we ekin hasylylygynyň peselmegi zerarly ilatyň bu sebitleri terk etmegi çaklanylýar.
 

            



