2023-nji ýylyň awgustynda Merkezi Aziýada Parahtçylyk we uruş reportažlary instituty (IWPR) Merkezi Aziýanyň infrastruktura we energiýa potensialyny ara alyp maslahatlaşmak üçin halkara ekspertleriň duşuşygyny gurady. Ekspertleriň duşuşygynyň maksady Merkezi Aziýada infrastruktura we energiýa taslamalaryny ösdürmekde öňegidişlikleri we kynçylyklary ara alyp maslahatlaşmak boldy. Duşuşyga Ýewropa we halkara ylymlary boýunça hünärmen Eldaniz Guseinow başlyklyk edip, duşuşykda Georgetown uniwersitetiniň işewürlik mekdebiniň professory Tereza Sabonis-Helf, Abu Dabi milli goranyş kollejiniň professory Farhod Aminjonow, Merkezi Aziýa seljeriş, gepleşik we ösüş boýunça strategik merkezinden Przemyslaw Ozerski we Halkara işleri boýunça Norwegiýa institutyndan Dr. Roman Vakulçuk ýaly tanymal ekspertler çykyş etdiler.
Sowet we post-sowet döwründe energiýa söwdasy
Geçmişde, Merkezi Aziýada elektrik alyş-çalşygy sebitdäki ähli respublikalaryň ýerli çeşmeleri biri-biriniň ýetmezçiliginiň üstüni ýetirýän derejede guraldy. Gyrgyzystan we Täjigistan suwuň bol akýan wagtynda birnäçe aý gidroelektrik toguny berýärdiler. Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan bolsa gyş aýlarynda ýyladyş üçin ýerli ýangyçlary üpjün edýärdiler. Soňlugy bilen, energiýa ulgamy ýaramazlaşyp 2008-nji ýylda ýapyldy we diňe 2018-nji ýylda täzeden dikeldildi.
Sowet Soýuzy dargandan soň, Merkezi Aziýa ýurtlary elektrik energiýasynyň elýeterli bahalaryny kesgitlemäge gönükdirilen energiýa geçişine başlady. Emma, bir ekspertiň pikiriçe, elektrik satuwyndan gelýän girdejiler elektrik generatorlary bilen bagly çykdajylara ýetse-de, bu geçiş entek doly tamamlanmady. Sebitiň energiýa kuwwaty 1994-nji ýyldakydan has ýokarydygyna garamazdan, adam başyna elektrik energiýasynyň sarp edilişi ösen ýurtlara garanyňda heniz hem pes. Munuň 2030-njy ýyla çenli 30% ýokarlanmagyna garaşylýandygyny bellemek möhümdir.
Infrastruktura bilen baglanyşykly meseleler
Hünärmenler Merkezi Aziýanyň energiýa ulgamy bilen bagly birnäçe meseläni bellediler. Mysal üçin, energiýa pudagynda täze infrastruktura taslamalary esasan ýerli aktýorlaryň çäkli gatnaşan ýagdaýynda üstünlik gazandy. Ýerliler tarapyndan amala aşyrylan taslamalaryň aglabasy bolsa şowsuzlyga uçrady. Munuň sebäplerine maýa goýum gurşawy we tehnologiýany, ekspert tejribelerini köplenç daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň üpjün etmegi degişlidir. Bir ekspertiň bellemegine görä, Merkezi Aziýada gara ýollar ýaly fiziki infrastruktura ösen bolsa-da, sosial infrastrukturanyň (adam kapitalyna maýa goýumlary goýmak) ösdürilmegi we giňeldilmegi zerur. Merkezi Aziýa sebite halkara maýadarlaryny çekmek üçin özboluşly, peýdaly teklipleri öňe sürmeli.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň her biri energiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we durnukly üstaşyr geçiş üçin öz ýol kartalaryny düzmegi möhümdir. Bu duşuşykda her bir ýurtda özboluşly kynçylyklaryň we şertleriň barlygyna seretmezden bütin sebit üçin birmeňzeş maslahatlar berildi. Mundan başga-da, ýerli hökümetler we hyzmatdaşlar diňe bir aňsat we göterim stawkasy az bolan karzlar bilen gyzyklanman, dürli taslamalara açyk bolmalydyrlar. Sebitde energiýa sarp edilişinde alternatiw energiýa çeşmeleriniň ulanylmagy her ýyl yzygiderli ~1% ösýär. Ýöne, uzak möhletde peýda getirýänligi üçin has gymmat we çylşyrymly taslamalar hem göz öňünde tutulmalydyr. Şeýle hem, halkyň ynamyny gazanmak üstünlik üçin wajyp. Çünki, adamlar uzak möhletleýin energiýa howpsuzlygy üçin gysga möhletli kynçylyklary ýeňip geçmäge meýilli bolup bilerler. Bu aýratynam bir ýangyç (Meselem: kömür) görnüşiniň esasy senagat pudagy bolan we ilatyň agramly bölegi şol pudakda işleýän ýerleri üçin has möhümdir. Şeýle jemgyýetler alternatiw çeşmelere geçenlerinde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Global üpjünçilik zynjyrynda Merkezi Aziýanyň roly
Ekspertler COVID-19 pandemiýasy we Russiýanyň Ukraina çozmagy ýaly soňky krizisleriň Merkezi Aziýanyň logistika we transport geçelgelerine nähili täsir edendigini gözden geçirdiler. Sebit Russiýa garaşlylygy azaltmak we ünsi günorta gönükdirmek üçin alternatiw ýollary tapmaga synanyşýar. Häzirki wagtda, Kawkaz bilen Türkiýä baglaýan Hazar deňizi ýoluny döretmek, şeýle hem Eýrandaky we Pars aýlagyndaky portlara täze geçelgeleri gözlemek göz öňünde tutulýar. Bu potensial täze ýollar sebitiň dünýä bazarlaryndaky ornyny we täsirini güýçlendirip, ykdysady ösüşe goşant goşmagyna garaşylýar.