Progres.Online

“Merkezi Aziýada gelinleriň hukuklary: zyýanly däp-dessurlar we ulgamlaýyn sütem” – Gazagystanly gözlegçileriň täze işi

Gelniň Merkezi Aziýa jemgyýetlerindäki ýaramaz, höwes eder ýaly däl ýagdaýyna gözlegçileriň ünsüni özüne çekmegini dowam etdirýär. “Merkezi Aziýada gelinleriň hukuklary: zyýanly däp-dessurlar we ulgamlaýyn sütem” atly 2020-nji ýylyň dekabrynda Merkezi Aziýa Gözlegi zurnalynda neşir edilen täze işde awtorlar Galym Jusipbek we Zanar Nagaýewa bu mesele barada öz garaýyşlaryny hödürleýärler. Awtorlar bu sosial meselä adam hukuklary nukdaýnazaryndan seredýärler.

Bu gözleg işi adam hukuklarynyň bozulmagynyň derejesini öwrenmäni maksat edinmän, meseläni Aýris Ýangyň “zulumyň bäş ýüzi” düşünjesini we “zyýanly däp-dessurlar” düşünjelerini birleşdirýän ýörite konseptual ulgamyň nukdaýnazaryndan seljermegi maksat edinýär. Işiň esasy maksady – adaty maşgalalarda ýaş gelniň ýagdaýy we oňa adalatsyz çemeleşilmeginden söz açmak bolup durýar.

Awtorlar “Aziýanyň gymmatlyklary” we “Rus özboluşlylygy” ýaly düşünjeler, medeni tapawudynyň adam hukuklarynyň ähliumumylygynyň ýoklugyny subut etmek üçin ulanylýandygyna mysalydyr diýip belleýär.

Konserwatiw maşgalalarda gelne erbet göz bilen garamagyň mysallary zyýanly medeni däp-dessurlardan we tejribelerden düýbüni alyp gaýdýar. Awtorlar şeýle “geçmişe” bolan gyzyklanmanyň täzeden güýç almagyny we Merkezi Aziýada “esaslarymyza, ata-babalarymyza gaýdyp gelmegiň” täze tapylan gymmatyny aňladýar diýip belleýärler.

Şeýle gürrüňler “hakyky gazak bolmaga” dolanmagyň zerurlygy baradaky argumentler bilen utgaşýar – bu diňe bir döwlet syýasatynda däl-de, eýsem jemgyýetiň özündäki ritorika hem degişlidir. Makalada şeýle prosesleriň diňe bir Gazagystanda däl, eýsem “gelip çykyşyňa gaýdyp gelmek” baradaky çagyryşyň Sowet Soýuzy dargandan soň Merkezi Aziýada sosial gözegçilik gurallarynyň birine öwrüldi diýip aýdylýar.

Gözlegçileriň pikiriçe, bu bölünişik awtoritarizm, patriarhal düşünjeleri bilen hem baglanyşyklydyr. Gelniň maşgalada we jemgyýetde pes ýagdaýy hakyky “gazaklygyň” alamaty hökmünde kabul edilip başlandy.

Makala türkmen maşgalasynda we jemgyýetinde gelniň ýagdaýy we şu wagt “türkmençiligiň” oňa ýetirýän täsiri barada täze oýlanmalara itekleýär.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: