2021-nji ýylda, Oksford uniwersitetinden Huw du Boulay we Sofya du Boulay “Täze elipbiýler, köne düzgünler: Merkezi Aziýada latynlaşdyrmak, miras we azatlyk” atly makalasyny çap etdiler. Makala görä, Türkmenistanda elipbiýiň latynlaşdyrylmagy beýleki Merkezi Aziýa döwletleri bilen deňeşdirilende juda üstünlikli boldy. Alymlar makalada latynlaşdyrmagyň taryhy ähmiýetini we ýurtdaky awtoritarizmiň latynlaşdyrmak prosesine nähili täsir edendigini gözden geçirýärler.
Merkezi Aziýada latynlaşdyrmagyň maksady
- Merkezi Aziýa ýurtlarynda awtoritar liderler elipbiýi latynlaşdyrma tagallalaryny şahsy mirasy hökmünde görkezip, öz dolandyryşyny kanunylaşdyrmak üçin ulandylar. Sebitdäki awtokrat prezident režimleriň şowsuzlyklary we üstünlikleri elipbiýi latynlaşdyrmakda we halkyň milletçiligini oýandyrmakda gazanan üstünlikleri bilen kesgitlendi.
- Latynlaşdyrmak post-kolonial şahsyýetliligi döretmek üçin hem ulanyldy. Elipbiýiň kirillisadan latyn elipbiýine geçmegi milli şahsyýet duýgusyny güýçlendirip, Sowet mirasyndan we rus täsirinden azatlygy alamatlandyrýar. Emma, Merkezi Aziýa rus täsirinden çykmak meýilleşdirilişi ýaly ýeňil bolmady. Ýurtlara ozal basylyp ýatyrylan medeniýetini, dilini we milli gymmatlyklaryny doly dikeltmek aňsat düşmedi.
- Merkezi Aziýa döwletleri üçin latynlaşdyrmagyň üçünji maksady döwrebaplygy görkezmek we dünýä bazarynda has özüne çekiji bolmak. Latynlaşdyrmagyň esasy peýdalanyjylary ýerli halk bolsa-da, Merkezi Aziýanyň elipbiý özgertmeleri halkara derejede ykrar edilmäge goldaw berýär.
Taryhy maglumat
Aslynda, häzirki latynlaşdyrma tolkuny Merkezi Aziýa ýurtlarynda ikinji tolkundyr. 1920-nji ýyllaryň ahyrynda, arap ýazuwyndan latyn elipbiýine geçdiler. Soňra, 1930-njy ýyllarda latyn elipbiýi kirillisa bilen çalşyryldy.
Latynlaşdyrmagyň birinji tolkuny Russiýa imperiýasynyň agdarylyp, Sowet Soýuzy döredileninden 10 ýyl soň ýüze çykdy. Sowet latynlaşdyrma taryhynda “öwrülişikli pursat” 1926-njy ýylda, Bakuda Türkologiýa boýunça bütin soýuz gurultaýynda bolup geçdi. Gurultaýa SSSR-iň dürli künjeginden gelen türki dilde gürleýän halklaryň wekilleri jemlenip, öňki ulanylýan arap ýazuwynyň latyn elipbiýine çalyşylmalydygyny ýa-da çalyşylmaly däldigini ara alyp maslahatlaşdylar. Tatar we gazak wekiliýetleri arap ýazuwyny uýgunlaşdyryp ulanmaga ses berdiler. Ýöne, wekilleriň köpüsi arap harplaryndan latyn elipbiýine geçmegiň döwrebap dünýä bilen aýakdaş gitmek üçin has amatly boljakdygyna ynanýardylar.
Şeýle-de bolsa, latyn elipbiýi diňe 1938-nji ýyla çenli kabul edildi. Şondan soň, ähli Türki sowet döwletlerinden kirillisa elipbiýini ulanmagy talap edildi. Munuň sebäplerine Sowet dil syýasatynyň üýtgemegi, milli elipbiý döredilmegi, rus diliniň ileri tutulmagy we döwletiň esasy güýji hökmünde ruslaşdyrmaga üns berilmegi degişlidir. Hakykatdanam, 1938-nji ýylda rus dilini öwrenmek hökmanylygy girizildi. Ýerli dilleri bolsa diňe meýletin öwrenmäge rugsat berildi. Bu düzgüni ýerli intelligensiýa makullamady we ony sütemiň bir görnüşi hasapladylar. Ýöne, bu barada dil ýarmaga gorkýardylar. 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaýança bu düzgünlere tabyn bolmaga mejbur edildi.
Sowet dolandyryşy döwründe esasy maksat türki halklaryň arasynda medeni jebisligi we özara düşünişmegi güýçlendirip, elipbiýiň birmeňzeşligini üpjün etmekdi. Bu her bir ýurduň özboluşly şahsyýetliligini dikeltmek isleýän post-sowet düşünjesine düýpgöter ters gelýär.
Türkmenistanyň mysaly
1993-nji ýylda, Türkmenistan Merkezi Aziýada latyn elipbiýini kabul eden we iki ýyldan soň şol üýtgeşmelere täzeden sereden ilkinji post-sowet döwletidir. Prezident Saparmyrat Niýazow garaşsyzlyk we medeni galkynyşyň şöhlelenmesi hökmünde, ýörite döredilen milli elipbiý esasynda türkmen dilini latynlaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamasyna gol çekdi.
Bilim ministrligi latyn elipbiýinde okuw kitaplarynyň we täze okuw meýilnamasynyň taýýarlanmagyna jogapkärdi. Prezident administrasiýasynyň garamagyndaky Ýokary geňeşiň ylym we tehnologiýa baradaky bölümi hem-de Milli medeniýet geňeşi şol golýazmalar çap edilmezinden öň tassyklamalydy. 1995-nji ýylyň başynda, latynlaşdyrylan türkmen dilindäki ilkinji kitap neşir edilip, kitap Prezident Niýazowa bagyşlandy.
Şeýle-de bolsa, ilatyň aglabasy, esasanam ulular täze ýazuw ulgamy bilen gowy tanyşdyrylmanlygy sebäpli kynçylyk çekdi. 2017-nji ýyla çenli ilatyň 30% – 40% aralygy latyn elipbiýini bilmeýärdi.
Türkmen elipbiýiniň latynlaşdyrylmagy bilen bir hatarda, hökümet ýurdy Sowet döwrüniň amallaryndan daşlaşdyrjak Milli galkynyş hereketini esaslandyrdy.
Türkmenleşdirmek we millileşdirmek babatdaky agressiw syýasat migrassiýanyň artmagyna, şol sanda syýasy we sosial täsirini ýetirdi. 1979-njy ýyldaky ilat ýazuwyna görä, slawýanlar (ruslar, ukrainler, belaruslar) Türkmenistanyň ilatynyň 17%-ini emele getirýärdi. Emma, Türkmenbaşynyň çykyşynda bellenilşine görä, 1999-njy ýylyň ahyryna çenli ýurtdaky slawýanlaryň sany 3%-e çenli azaldy.
Ilatyň ýazuw ulgamy barada sowatsyzlygy we aljyraňlylygy Türkmenistanda latynlaşdyrmagyň ýene bir netijesidir. 2000-nji ýyllaryň başlarynda latyn elipbiýinde okamaga başlan orta mekdep okuwçylary köne okuw materiallaryna düşünmek üçin kirillisa elipbiýini öwrenmeli boldular. Ilatyň sowatlylyk derejesine täsir eden beýleki faktorlara Ylymlar akademiýasynyň ýapylmagy, öňki we häzirki prezidentleriň şahsyýetini şöhratlandyrýan güýçli ideologik wagyz etme degişli.
Umuman, Merkezi Aziýadaky goňşy ýurtlar Türkmenistanyň elipbiýi latynlaşdyrmagyny iň uly üstünlik hasaplaýarlar. Ýöne, özgertmeleriň radikal häsiýeti we azatlygyň milletçi tebigaty dürli ugurlara ýaramaz täsir etdi. Netijede, sowatlylygyň peselmegine, köpçülikleýin migrasiýa we Türkmenistanda şahsyýeti şöhratlandyrmagyň güýçlenmegine sebäp boldy.