Progres.Online

Merkezi Aziýada aýallaryň zähmetine kembaha garalmagy ykdysadyýeti haýalladýar we garyplygy artdyrýar

Bütindünýä banky “Merkezi Aziýa çalt ösüş üçin aýal-gyzlaryň zähmetiniň gymmaty baradaky köre-kör garaýyşlara garşylyk görkezmeli” atly blog postyny çap etdi. Post Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda müňlerçe maşgalanyň agzalary bilen geçirilen Merkezi Aziýa syn sowalnamasynyň netijelerini paýlaşdy. Awtorlar gender töleg boşlugynyň dowam edýän meseledigini nygtap, Täjigistanda aýallar erkekleriň gazanýan girdejisiniň ~60% -ini, Özbegistanda 61%-ini, Gyrgyzystanda 75%-ini we Gazagystanda 78%-ini gazanýandygyny bellediler.

Sowalnama aýallaryň zähmet bazaryna deň we doly gatnaşmagyna päsgel berýän çäklendiriji gender kadalarynyň we garaýyşlaryň giň ýaýbaňlanandygyny ýüze çykardy.

  • Merkezi Aziýada sowalnama gatnaşanlaryň üçden iki böleginden gowragy aýallaryň öý-hojalyk işlerini we idegi işlemekden ileri tutmalydygyny, erkekleriň bolsa esasy maşgala ekleýjiler bolmalydygyny aýtdylar (1-nji grafika serediň).
  • Sowalnama gatnaşanlaryň 20 – 50%-i durmuşa çykan aýallar maşgala agzybirligini saklamak üçin ýoldaşlaryndan has az pul gazanmalydygyny bellediler. Bu ynanç şäher we oba ýerlerinde tas deňeçerdi.
  • Merkezi Aziýaly sowalnama gatnaşanlaryň 70% -den gowragy aýallaryň wagtlaryny öý-hojalyk işlerine sarp etmegi üçin iş işlemäge az wagt sarp etmelidigine ynanýarlar.
  • Özbegistanly gatnaşyjylaryň 34% -i, Gyrgyzystanlylaryň 42%-i, Gazagystanlylaryň 20%-i we Täjigistanlylaryň 51%-i maşgalada asudalygy saklamak üçin aýallaryň erkeklerden az girdeji gazanmalydygyna ynanýarlar.

Barlag topary gender deňsizliginiň şahsy isleglere ýa-da aýallaryň mümkinçiliklerini çäklendirýän struktura päsgelçiliklerine baglydygyny ýa-da däldigini anyklamak üçin iki eksperiment geçirdi.

Topar birinji eksperimentde adamyň kärini we gazanjyny beýan edýän gysga hekaýalary toplady. Hekaýalar biri-birine meňzeş bolup, diňe hekaýalaryň ýarysynda işçiniň ady aýal, galan ýarysynda erkek bellenilmegi bilen inçe tapawutlanýardy. 70.000-den gowrak gatnaşyjylardan sowalnamada görkezilen adama az töleýändigini, ýeterlik tölenýändigi ýa-da artykmaç tölenýändigi barada pikirler soraldy. Gatnaşanlaryň 13%-i zenana degişli hekaýada oňa “örän ýokary aýlyk” berilýändigini, 34%-i bolsa hekaýa erkege degişli bolanda “örän pes aýlyk” berilýändigini bellediler (3-nji grafika serediň). Bu netijeler aýallara garşy ulgamlaýyn diskriminasiýany görkezýär.

Ikinji eksperimentde alymlar işe almak bilen bagly diskriminasiýany gözden geçirdiler. Olar Özbegistanda hakyky iş mahabatlaryna galp rezýume iberdiler. Rezýumeleriň ýarysynda aýal adynyň ýazylmagyndan başga ähli maglumatlar birmeňzeşdi. Sürüji işine söhbetdeşlige çagyrylmak üçin aýallar erkeklere garanyňda 180% kän arza tabşyrmaly. Erkekleriň ofis dolandyryjysy wezipesine söhbetdeşlige çagyrylmagy üçin aýal dalaşgäre garanyňda 685% köp arza ibermeli bolýar (4-nji grafika serediň). Bu eksperimentler kök uran sosial kadalaryň deňsiz ykdysady netijelere getirýändigini, şeýle hem erkeklerleriň we aýallaryň ikisi üçin-de mümkinçilikleri çäklendirýändigini görkezýär.

Näme üçin jynslaryň arasyndaky aýlyk tapawudy barada söz açmak möhüm?

Gender deňligi ösen ýurtlarda adam başyna düşýän milli girdeji ýokary bolýar we çalt ykdysady ösüş gazanylýar. Emma, Merkezi Aziýada aýallar az işe alynmakdan we pes aýlykdan kynçylyk çekýärler. Bu bolsa milli ykdysadyýeti gysýar we garyplyk derejesini ýokarlandyrýar. Eger Merkezi Aziýaly aýallaryň erkekler bilen deň mümkinçilikleri bolsa, milli girdeji Gazagystanda ~27%-e, Täjigistanda ~63%-e çenli ýokary bolardy. Özbegistanda aýallara we erkeklere deň ortaça aýlyk bermek 700.000-den gowrak adamy garyplykdan çykarar.

Merkezi Aziýada gender esasly diskriminasiýa garşy nähili göreşmeli?

Merkezi Aziýada gender esasly ynamsyzlygy aradan aýyrmakda käbir öňegidişlikler gazanyldy. 2022-nji ýylda, Özbegistan Merkezi Aziýada ilkinji bolup erkeklere we aýallara deň wezipeli iş üçin deň aýlyk haky bermegi ýola goýdy. 2021-nji ýylda, Gazagystan ozal aýallaryň işlemegine rugsat berilmeýän “gadagan hünärler” baradaky çäklendirmeleri ýatyrdy.

Şeýle-de bolsa, işde we tölegde gender deňsizligine sebäp bolýan sosial kadalary üýtgetmek üçin has köp iş edilmeli. Hökümetler gender deňlikdäki kanuny päsgelçilikleri ýatyrmaly. Iş berijiler, işçiler, hökümetler we umuman jemgyýet aýallaryň işdäki roly we gymmaty barada giňden ýaýran ýalňyş düşünjelere garşy göreşmeli.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: