BMG-nyň “BMG zenanlary: Ideg ykdysadyýetine täzeden garaýyş we ösüş üçin aýallary güýçlendirmek” atly hasabatyna görä, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda aýallaryň oýde tölegsiz iş jogapkärçiligi azaldylanda sebitiň aýallary giň mümkinçilige eýe bolar.
- Aýallaryň edýän tölegsiz işi (mysal üçin: öý işleri) gender deňligi we aýallaryň ykdysady, sosial taýdan güýçlenmeginde esasy päsgelçilikdir.
 - Merkezi Aziýada gender gatnaşyklary gurluşy boýunça henizem erkeklere “maşgala ekleýji”, aýallara bolsa “ideg ediji” hökmünde seredilýär we aýallaryň hem işleýändigi göze ilmeýär.
 - Zenanlaryň işçi güýjüne gatnaşmagy aýallaryň ykdysady mümkinçilikleri gazanmagy üçin möhümdir. Merkezi Aziýada aýallaryň işçi güýjünine gatnaşyk derejesi ortaça 70%.
 - COVID-19 pandemiýasy döwründe, köp adamlar şäherlerden obalara göçdiler. Bu oba aýallarynyň tölegsiz ideg we öý-hojalyk işleriniň ýüküni artdyrdy. Şeýle hem, baý ýurtlaryň we maşgalalaryň sosial we ideg hyzmatlary üçin migrant aýal işçilere garaşlydygyny paş etdi.
 - Pandemiýa başlany bäri, erkeklere seredeniňde aýallar has köp öý işlerini edipdirler we uzak wagtlap tölegsiz ideg beripdirler, aýratynam Gyrgyzystanda.
 
Türkmenistan:
- 2019-njy ýylyň hasabatyna görä, erkekleriň işçi güýjüne gatnaşygy 93.7%, aýallaryňky bolsa 68.3% bolup, işçi güýjündäki gender aratapawudy 25.4%.
 - Türkmenistanda işçi aýallaryň 64%-i bilim pudagynda işleýärler.
 - Türkmenistanda aýallaryň işçi güýjüne gatnaşygy boýunça Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň pes derejede, emma mekdebe çenli çagalaryň bilim almagy boýunça iň ýokary derejede.
 - Hasabata görä, Türkmenistanda aýallara 16 hepde doly tölegli enelik rugsady berilýär, emma kakalyk rugsady tölegsizdir. Şeýle hem, erkeklere kakalyk rugsady diňe enäniň çaga ideg etmäge ukypsyzlygyny subut eden ýagdaýynda, çaga 3 ýaşaýança berilýär. Enä ýa ata berilýän çaga idegi üçin tölegsiz rugsat 156 hepde.
 - Ýöne, Özbegistanda boluşy ýaly, Türkmenistanyň hem syýasylaşdyrylan we ösmedik statistika ulgamy zerarly aýallaryň hukuklaryna, tölegsiz işine we işçi güýjüne gatnaşygyna gözegçilik, syn etmek kyn.
 

            



