Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (WMO) “2023-nji ýylda Aziýanyň klimatynyň ýagdaýy” atly hasabaty Aziýanyň klimatyna täsir edýän esasy görkezijileri seljerýär. Hasabata görä, 2023-nji ýylda Aziýanyň ikinji iň ýokary orta temperaturasy hasaba alynyp, 1991-2020-nji ýyllaryň ortaça temperaturasyndan 0.91°C we 1961-1990-njy ýyllaryň ortaça temperaturasyndan 1.87°C ýokary boldy.
Türkmenistan 2023-nji ýylda ýylylyk tolkunlarynyň iň köp täsir eden Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýer alýar. Gazagystan hem klimatyň ortaça derejesinden ýokary temperaturany başdan geçirdi we iň maýyl ýyllary hasaba aldy. Ýylylyk tolkunlary ýangyn üçin amatly gurak şertleri döredýär. Meselem: 2023-nji ýylyň iýunynda Gazagystanyň demirgazyk-gündogarynda tokaý ýangyny bolup, 14 adamyň ölümine sebäp boldy. Iýul aýy hem Gazagystanyň aglaba böleginde jokrama yssy boldy.
Türkmenistan çynlakaý howa hadysalary, şol sanda ýagyn ýetmezçiligi, ýylylyk tolkunlary we tozan tupanlary bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýurtlaryň hatarynda. Ýagynlar agyz suwy, hojalyk sarp edişi, oba hojalygy, senagat we gidroenergetika üçin esasy suw çeşmesidir. Ýagynlaryň ýagmasynyň üýtgemegi guraklyk we suw joşmasy ýaly klimat hadysalarynyň ýüze çykmasyna täsir edýär. 2023-nji ýylda Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystan ýagynlaryň juda az ýagmasyny başdan geçirdi. Türkmenistan iň gurak 20%-iň arasynda bolup, Balkan welaýatynyň günortasyndaky ýerler iň gurak 10%-iň hataryndadyr. Ýagyş ýetmezçiligi sebäpli toprak guraýar we topragyň ýokarky gatlagy dykyzlygyny ýitirip, ýel arkaly ýokary göterilmegi ýitileşýär. Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň käbir sebitleri ýokary PM2.5 derejeli güýçli tozan tupanlaryny başdan geçirdi. PM2.5 ownuk maddalar dem alynanda öýkeniň has içki ýollaryna düşüp, dem alyş we beýleki saglyk meselelerine sebäp bolup biler.
Şonuň ýaly-da, gar örtügi klimat, şol sanda topragyň çyglylygy we wegetasiýa üçin möhümdir. Soňky 27 ýylda Aziýada, şol sanda Merkezi Aziýanyň demirgazyk sebitlerinde gar örtügi ortalamadan pes. Adatdan daşary ýokary temperatura we gurak şertler Týan Şan daglaryň köp böleginde buzluklaryň eremegini güýçlendirdi. Mysal üçin: 2022-2023-nji ýyllarda buzluk ölçemeleri 1959-njy ýylda başlanyndan bäri gündogar Týan Şandaky Urumqi No.1 buzlugynyň ikinji uly negatiw massa balansy (buzluklaryň göwrüminiň azalmasy) hasaba alyndy. Buzluklaryň eremegi deňiz derejesine, sebitdäki suw aýlawyna täsir edýär we ýerli howply hadysalara (meselem: suw joşmasy) sebäp bolýar.
Merkezi Aziýada irki duýduryş ulgamy juda pes ösen. Hatda, Türkmenistanda bolup geçýän hadysalar barada habar berilmeýär. Mysal üçin: Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda duýduryş we maglumat ýaýratmak gowy ösendir. Emma, Özbegistandan başga Merkezi Aziýa ýurtlaryň tebigy betbagtçylyklara garşy jogap berişe taýynlygy baradaky maglumatlar ýetmezçilik edýär.