Progres.Online

Merkezi Aziýa Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky köpri bolarmy?

2023-nji ýylyň 8-nji dekabyrynda Amerikanyň Sesiniň (VOA) “Merkezi Aziýa söwda koridory sebitdäki dartgynlyklardan ötri üns çekýär” atly habarynda Russiýanyň agalyk edýän söwda ýollarynda Merkezi Aziýa goşmaça ugur boljakdygy ara alyp maslahatlaşyldy. Trans-Hazar hökmünde hem bilinýän Orta koridor Aziýany Merkezi Aziýanyň üsti bilen Ýewropa bazaryna baglaýan üstaşar ulgamdyr.

Soňky ýyllarda aýratyn hem Russiýanyň Ukraina çozup girmeginden soňra, Trans-Hazar ýoly Russiýanyň kontroldyndaky ugurlara derek goşmaça ýol boldy. 2023-nji ýylda bu ýol umumy goýberiş ukybynyň diňe ýarysyna ýetdi, muňa garamazdan eltme wagty 38 günden 19 güne düşdi.

Türkmenistan heniz bu koridoryň bölegi bolmasa-da, bu ýoluň türkmen gazyny günbatara eksport etmek üçin ulanylmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan gazyny esasan Hytaýa eksport edýär. Emma Russiýanyň has arzan gaz bilen üpjin edýänligi we soňky döwürde Hytaýa eksportyny artdyrandygyny göz öňüne tutsak, Hytaýyň bu zerurlygy ähtibarsyz bolup biler.

Hünärmenler ABŞ we ÝB Orta koridory ösdürmäge ýardam ederler, Hazar we Gara deňizleriniň arasyndaky ýollary kämilleşdirerler diýip umyt edýärler. Olar Merkezi we Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň Rus çeşmelerine we infrastrukturasyna bolan taryhy garşlylygyny azaltmak üçin günorta Kawkaz bilen Merkezi Aziýa wajyp ugur hökmünde garaýarlar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: