Sowet Soýuzynda 1926-1956-njy ýyllarda millionlarça adam kommunistik hökümet tarapyndan türmä basyldy, sürgün edildi, ölüm jezasy berildi ýada başga şekillerde öldürildi. Emma soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleri KGB arhiwlerini açyp, ‘Stalin repressiýasynyň’ pidalary bolan syýasatçylary, aktiwistleri, gozgalaňçylary we beýleki zyýan çeken ýada öldürlen müňlerçe kişini aklady.
Iňlis-Amerikan ýazyjysy Robert Konkwest “The Great Terror (Beýik terror)” kitabynda Stalin zamanynda repressiýa netijesinde ölen sowet raýatlarynyň sanynyň 12 milliondan geçendigini ýazypdyr. Türkmenistanda 1937-1938-nji ýyllarda 13.259 kişi tussag edilipdir we 4.037-si bolsa öldürlipdir. 1926-1954-nji ýyllarda tussag edilen, gynalan, sürgüne goýberilen we öldürilen kişileriň sany belli däl.
Gazak barlag geçiriji we taryhçy Mambet Koýgeldiýew golaýda halk bilen paýlaşylan Gazak KGB-yň öň elýetersiz bolan maglumatlary taryha obýektiw bakmaga ygtyýar berýändigini aýtdy. Koýgeldiýew: “35 ýyldyr KGB materiallary bilen işleýärin we nähili emele getirlendigini bilýärin. Bu materiallardaky ähli zat hakyky subutnamadyr. KGB adamlaryň biri-birini şugullaýandygy barada myş-myş ýaýradypdyrlar, emma ne gazaklar ne-de gyrgyzlar hiç haçan beýle zatlar etmedi. Sowet hökümeti näme üçin beýle myş-myş ýaýradypdyr? Sebäbi etniki toparlary günäkärlemek üçin bahanalary we delilleri ýokdy” – diýdi.
Gyrgyz taryhçy Jumagul Baýdildeýew Gyrgyzystanda häzirki wagta çenli gizlin bolan we golaýda halk köpçüligine açylan KGB maglumatlaryndan pidalar barada täze hakykatlary bilmäge umytlanýar. Ol: “Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Garagalpagystandaky (özbek territoriýasy) repressiýa pidalary barada maglumatlar ýüze çykaryldy we iki sany taryhy maglumatlary öz içine alýan kitap çap edildi. Gynansak-da Stalin döwründe öldürlen gyrgyz watandaşlarymyz barada has köp maglumat bolan Moskwa KGB arhiwlerinden peýdalanmaga rugsat berilmeýär” diýdi.
2021-nji ýylda Russiýanyň Ýokary sudy Staliniň syýasy repressiýa pidalaryny aklaýan Memorial International guramasyny “daşary ýurtly agentler” baradaky kanunlary ýerine ýetirmeýändigi üçin ýapdy. Soňky 10 ýylyň dowamynda Russiýada onlarça Staliniň ýadygärlikleri guruldy we Moskwadaky Merkezi Gulag muzeýindäki şol döwüre degişli repressiýa pidalarynyň taryhy kartoçkalary ýok edildi. Käbir rus mediýasy özbek sudunyň aklama kararyny sowet zamanasyny biabraý edýän “ruslara garşy hereket” hökümnde tankytlady.
Merkezi Aziýada dekolonizasiýasyny goldaýan we sowet zamanasynyň pidalary barada derňew geçirýän gyrgyz žurnalist Mirjan Balybaýew, rus mediýasynyň täsiri we Kremliň ykdysady, syýasy basyşy netijesinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Stalin terrorynyň ähli ajy hakykatlaryny ýüze çykaryp bilmeýändiklerini aýtdy. Bu maglumatlary bilmek has uly taryhy özboluşlylyga we sebitiň garaşsyzlygyna getirjekdigini belläp geçýär.