2023-nji ýylyň iýunynda, Raşid Gabdulhakowyň awtorlyk etmeginde Ýewropa – Merkezi Aziýa monitoringi (EUCAM) Uruş we parahatçylyk instituty (IWPR) bilen hyzmatdaşlykda analitiki brifiňi çap etdi. Brifiňe görä, gyrgyz mediýasynda rus propogandasy agdyklyk edip, günbatar ýurtlara garşy pikirleri döredýär, Russiýanyň Ukrainadaky uruşy baradaky düşünjeleri öňe sürýär we Gyrgyzystanyň Russiýa garaşlydygyny nygtaýar. Bu analitiki hasabat Gyrgyzystanyň häkimiýetlerini, donorlary, žurnalistleri, raýat jemgyýetleri we alymlary herekete geçmäge çagyrýar.
Analitiki brif IWPR-yň we EUCAM-yň Gyrgyzystandaky Russiýanyň propagandasy baradaky doly hasabatyna (ýakynda çap ediler) esaslanýar. Barlagda 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan 2022-nji ýylyň 1-nji dekabry aralygyndaky Russiýanyň Gyrgyzystandaky propagandasy seljerildi. Barlagyň birinji tapgyrynda, barlag topary Russiýanyň Gyrgyzystandaky esasy habar beriş serişdelerini kesgitledi. Ikinji tapgyrda, topar Russiýanyň 6 teleýaýlymyndan, 3 gazetinden we 1 sany onlaýn habar portalyndan täzelikleri ýygnadylar, bölümlere böldüler, seljerdiler we kontend bazasyny döretdiler. Şeýle hem, Gyrgyzystanda rus propagandasynyň nähili ulanylýandygyna we kabul edilýändigine baha bermek üçin 6 sany pikir soraşyk topary bilen (Bişkek, Naryn we Oş şäherleriniň herisinden 2 topar) maslahatlaşmalar geçirildi.
Esasy maglumatlar:
- Russiýanyň mediýasy Gyrgyzystanda giň ýaýbaňlanan we agdyklyk edýär. Muny gyrgyz häkimiýetleri goldaýarlar we halkara donorlary kabul edýärler.
- Rus habar beriş serişdeleri Ukrainanyň aljyraňňylygy, Günbataryň ýowuzlygy, Russiýanyň mukaddesligi we Gyrgyzystanyň Russiýa garaşlydygy baradaky habarlary öz içine alýar.
- Gyrgyzystanda rus mediýasy ýokary hilli, tanyş, ygtybarly we hili pes ýerli mediýa bilen ahlaksyz günbatar mediýasynyň arasynda durnukly mediýa hasaplanýar.
Hasabatyň netijesine görä, rus mediýasyna we propagandalaryna garşy alternatiwalary döretmek we güýçlendirmek üçin birnäçe çäreleri we maýa goýumlary durmuşa geçirmek zerurdyr:
- Gyrgyzystanyň häkimiýetleri ýerli habar beriş serişdelerine basyş etmekden ýüz öwürüp, gyrgyz žurnalistlerine goldaw bermeli we has garaşsyz mediýanyň professionalizmini ýokarlandyrmak üçin maýa goýmaly.
- Halkara donorlary mümkinçiligi ýokarlandyrmak üçin goldawy güýçlendirmeli we rus mediýasynyň täsirlerini adatylyk ýaly kabul etmeli däldirler.
- Žurnalistler birleşip, inklýuziw we professional bileleşik döretmeli.
- Uniwersitetler we raýat jemgyýetleri has köp barlag geçirmeli, bilim bermeli we raýatlaryň arasynda habardarlygy ýokarlandyrmaly.