Progres.Online

Kolonializm barada hakykatlar. Russiýanyň we SSSR-iň kolonializme dahyly näme?

SSSR we patyşa Russiýasynyň Merkezi Aziýadaky kolonial syýasaty nähilidi? Sebitdäki döwletlerde dekolonial (koloniýalara syýasy, ykdysady, medeni we ş.m taýdan garaşsyzlyk bermek) çekişmeleriň güýçlenmegine näme itergi berdi?

Kolonializm näme?

Klassyk düşündirişe görä kolonializm – bu ösen döwletleriň garaşsyz halklary basyp almagydyr. Kolonializm döwrüne 16-njy we 20-nji asyrlar aralygy degişli. Onuň ýokary derejesi Birinji jahan urşunyň başynda bolup geçdi. Şeýle hem, kolonializm köplenç imperializm bilen meňzeş hasaplanýar.

Döwletleriň kolonial syýasatynyň esasy alamatlary haýsylar?

Kolonial syýasatyň alamatlaryna ykdysady we sosial taýdan ekspluatasiýa etmek, şol sanda özygtyýarlylygyň ýitirilmegi, territoriýalary eýelemek, basyp almak, ýerli ýaşaýjylary koloniýa göçürmek we territoriýalaryň anneksiýa (zor bilen özüne birikdirmegi/basyp almagy) edilmegi degişli.

Ykdysady ekspluatasiýa – bu baýlyklary, arzan zähmeti ulanmak we ş.m.

Siwilizasiýa ekspluatasiýasy – kolonial ýa güýçli döwletiň öz medeniýetini we dinini ýaýratmagy.

Kolonializmiň görnüşleri haýsylar?

Kolonializmiň üçden bäşe çenli görnüşi bar:

Klassyk – göçüriji kolonializm bolup, ýerli ilatyň köpçülikleýin göçe-göçlügini öz içine alýar. Ýerli ýaşaýjylar merkezden uzaga göçürülip, iň gowy ýerleri basyp alyjylar eýeleýärler. Bu ýörelge Demirgazyk Amerika, Awstraliýa we Täze Zelandiýa basylyp alynanda ulanyldy. Şeýle hem, kolonializmiň bu görnüşi Russiýa mahsus hasaplanýar.

Ekspluatasiýa edýän kolonializm – eýelenen ýeriň baýlyklaryndan peýdalanmak we arzan işçi güýjüni ulanmakdyr. Kolonializmiň bu görnüşi Hindistanda we Afrika döwletlerinde ýöredildi.

Içerki kolonializm – bir döwletiň içinde ýüze çykýar. Bu Russiýa imperiýasyna mahsus (bu barada Aleksandr Etkind “Içerki kolonializm” kitabynda ýazýar) bolup, käbir adamlaryň beýlekilerden has köp baýlyklara gözegçilik edýändigi sebäpli diskriminasiýa ýüze çykanda döreýär. Bu deňsizlik has güýçli toparlara ejiz toparlary kolonizirlemäge mümkinçilik berýär. Emma, kolonializmiň bu görnüşi öňki koloniýalara hem mahsusdyr.

Russiýanyň kolonial syýasaty Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň we beýleki ýurtlaryň kolonializminden nähili tapawutlanýar?

SSSR hakynda aýdanymyzda, ýurtlaryň Sowet Soýuzyna meýletin goşulandygy barada ritorikalar bar. Ýöne, häzirki zaman düşünjesinde bu kolonizasiýanyň bir görnüşidir.

Bolşewikler häkimiýet başyna geçenlerinden soň ähli ýurtlara özbaşdaklyk berilse-de, aslynda bu diňe bir görkezilişdi. Elbetde, klassyk manyda kolonializm Sowet Soýuzynyň konsepsiýasyndan tapawutlanýar. Şeýle-de bolsa, häzirki döwürde, esasanam akademik toparlarda post-sowet we imperiýadan soňky döwürler post-kolonial döwür bilen deň hasaplanmalydygy barada çekişmeler bar.

SSSR-de kolonial syýasat bardymy?

SSSR-iň Merkezi Aziýada hökmürowanlyk eden döwründe kolonializmiň ähli alamatlary doly ýa-da bölekleýin bardy.

SSSR respubliklaryň baýlyklardan peýdalanýardy we ýerli ilaty merkezden uzaga gysyp çykardy.

Şeýle hem, ýerlileşdirme (merkezi häkimýet bilen ilatyň arasyndaky gapma-garşylyklary aradan aýyrmak üçin ýöredilýän syýasy kampaniýa) we oturymlylaşdyrma (çarwa ýaşaýyşdan çomry ýaşaýyşa geçirmek) syýasaty alynyp barylýardy.

Mundan başga-da, ýerli ilatyň wekilleri bolan “titul halklar” (bir territoriýada agalyk ediji ýa agdyk bolan bir etniki topar/millet) düşünjesiniň döredilmegi bilen millet gurmak syýasatyna eýerildi. Ýöne, artykmaçlyklar deň berilmändi. Meselem, titul halklaryň wekilleriniň medeniýet we kino pudagynda ýolbaşçy wezipelere bellenilmegine garamazdan, merkezleşdirilen hökümet olaryň ýokary edaralara hasabat bermegini talap edýärdi.

Şeýle hem, bu syýasata dil syýasaty degişli edilip bilner. Respublikalaryň hökümetlerinde bolsa titul halklaryň wekilleri juda azdy.

Sowet Soýuzynyň kolonial syýasaty sebitiň halklaryna nähili täsir etdi?

Mysal üçin, käbir ýerli halklar heniz hem ene dilinde gürlemeýärler. Okuw sapaklarynyň esasy dili rus dilidi we ýerli dillere wajyplyk berilmeýärdi.

Umuman, Sowet döwrüniň nostalgiýasy (geçmiş ýatlamalary, geçmişi küýsemek) şol ýurtlaryň halkyny porpaganda garşy ejizleşdirýär. Ýurtlaryň milliligini gündogar medeniýetine meňzetmesi hem Sowet döwrüniň täsiridir.

SSSR-iň täsiri häzirki günde hem duýulýarmy? Bu näme many berýär?

Şol döwrüň alamatlaryny häzir hem görýäris. Muny ilkinji nobatda Russiýanyň “Ýewraziýa” sebitindäki liderliginde görmek bolýar.

Şeýle hem, Russiýa Federasiýasynyň hökümet resmileri köplenç döwletleriň territorial bütewiligi we umuman döwlet gurluşy barada aç-açan ikirjiňlenýärler. Russiýa hem ykdysady garaşlylyk sebäpli hem-de bähbitler, borçlar we jogapkärçilikler deň bölünmedik Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň üsti bilen täsirini ýetirýär.

Sebitiň ilaty mediýa çeşmeleriň, teleýaýlymlaryň we onlaýn platformalaryň propagandalaryna garşy ejizdir.

Merkezi Aziýanyň ýurtlary Russiýanyň koloniýasy bolmasa-da, häzirki wagtda bize dekolonial çekişmeler zerurmy?

Dekolinial çekişmeler bize asyl milliligimizi täzeden gözden geçirmek we dikeltmek üçin möhüm. Bu aýtarynam, rus wekilleri döwletleriň ene dilini giňden ornaşdyrmak syýasatyny has güýçli alyp barmak synanyşyklaryna negatiw garaýanlygy üçin zerur. Wekiller esasan “Russofobiýa” ritorikasyny ulanýarlar.

Merkezi Aziýa ýurtlary dekolonializm döwrüne gadam basdymy?

Merkezi Aziýa ýurtlarynda millet gurluşy adatça ýokardan aşak amala aşyrylýar. Indi, jemgyýetler özbaşyna “Biz kim?” diýen soragy bermäge başladylar. Ukrainadaky söweş bu prosesiň güýçlenmegine goşant goşdy. Bu diňe Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda däl, eýsem Russiýada hem öz asyl milliligi baradaky soraglar ýerli halklaryň arasynda has aktuallyga eýe boldy.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: