Progres.Online

Kitaplaryň gyrgyz diline terjimesi: Diňe höwes ýeterlik däl

Gyrgyzystanda kitaplaryň gyrgyzça terjimesini hususy neşirýatlar öz güýçleriniň we serişdeleriniň hasabyna edýärler. Hünärmenleriň aýtmagyna görä ahwaly düzetmek üçin döwletiň goldawy we ýurtda gyrgyz diliniň ýagdaýynyň gowlandyrlymagy gerek.

Islegler tekliplerden kän

1998-nji ýylda açylan Bişkekte ýerleşýän az sanly diňe gyrgyz dilinde kitap satýan merkezlerden biri “Nuska”-dyr. Merkeziň müdiri kitap ylymlarynyň hünärmeni 51 ýyllyk tejribeli Anarhan Sadykulawanyň aýtmagyna görä, gyrgyzça terjime edilen dünýä edebiýatlarynyň sowet döwründen galan köne nusgalary bar. Dürli awtorlaryň kitaplaryny gyrgyz dilinde soraýan müşderiler bar. Anarhan kitaplaryň ýokary hili gyrgyzça terjimesini edip biljek terjimeçilieriň azdygyny, şeýle hem bu işiň gymmatdygyny belläp geçýär.

Kitap Öýüniň müdiri Koýçuman Momunkulowyň CABAR.asia beren teswirinde Medenýet Ministrliginiň gyrgyz dilinde kitap neşiri üçin ýylda 500 müň som ($5,700) bölünip aýrylýandygyny aýtdy. Bu bolsa diňe bir-iki kitaba ýetýändigini, awtorlar we hususy neşitýatlar kitaplary öz hasabyna çap edýändigi belläp geçdi.

Öz gezeginde ýazyjy-terjimeçi Turusbek Madilbaý gyrgyzça kitaplaryň azalandygyny we ýurduň kitap bazaryny rus dilindäki edebiýatynyň doldurandygyny aýdýar. Ýolbaşçylaryň öňünçä ykdysadyýeti ösdürip soňra medenýeti ösdürmeli diýen düşünjeleri bolup, kitap terjimeleri üçin ujypsyzja pul bölüp aýyrýarlar. Turusbek okamaýan we medenýetsiz ýurtda hiç hili ösüş bolmaz we ykdysadyýet düzelmez diýip belläp geçär.

Ahlisi öz tagallalarynyň we çykdaýjylarynyň hasabyna

Belli bolşy ýaly kitaplaryň gyrgyz diline terjimesi üçin ABŞ-nyň ilçihanasy ýerli çaphanalara, bilim ederalaryna ýada hökümete degişli bolmadyk guramalara ýaryş esasynda pul ýardamy berýär. Bu ýardam ortaça $35,000-$45,000 bolup, diňe ABŞ-yň gymmatlyklaryny görkezýän awtorlaryň kitabynyň terjimesini çap edilmegine niýetlenendir. Kitepstan we Bugupress ýaly hususy çaphanalar bu işler üçin maddy serişdeleri özbaşdak gözleýarler. Bu güne çenli “Kitepstan” 28 sany kitap çap etdi, olaryň biri dünýä belli britan ýazyjysy George Orwell-iň “1984” atly romanydyr. “Kitepstanyň” müdiri Bakytbek Abdullaýew “biz kitaplary asyl nusgasyndan terjime edýäris” – diýip aýdýar.

“Bugupress”-iň müdiri Žanybek Abidetegin hem, eger terjimeler asyl nusgadan edilmese onuň manysynyň ýoýulýandygyny, kähalatda doly ýitýändigini aýdýar. 2019-njy ýyldan bäri “Bugupress” 20 sany çagalar üçin we 7 sany ulylar üçin kitaplary çap etdiler. Olaryň arasynda Ray Bradbury-nyň “Farengeýt 451º” we amerikan ykdysadyýetçileri Daron Acemogly we James Robinson-yň “Halklar name üçin şowsuzlyga ugraýar”(Why Nations Fail) ýaly meşhur kitaplary bar. Neşirýatçylaryň aýtmagyna görä kitaplaryň terjimesi köp zähmetli iş bolup, her kitabyň çykmasy ýarym ýyla çenli wagt alyp bilýär. Çaphanalaryň öz terjimeçileriniň ýetmezçiligi sebäpli köplenç žurnalistler, özbaşdak terçimeçiler, dilçiler, filologlar we hökümet işkärleri bilen işleşýarler.

Näme etmeli?

Hünärmenler Gyrgyzystanda kitap terjimeleriniň ýagdaýyny üýtgetmek üçin öňünçä ýurtda gyrgyz diliniň kämilleşdirilmegini nygtaýarlar. “Ilkinji nobatda gyrgyz dili ylymyň we işewürligiň dili bolmaly. Eýsem adamlar bu dilde diňe geplemän, pikir hem etmeli. Şol sebäpli gyrgyzça pikilenmegi ornaşdyrmak üçin çeper edebiýatlary terjime etmeli” – diýip Žanybek Abidetegin nygtaýar. Turusbek Madilbaý bolsa, ýurtda professional terjimeçileriň okuwlarynyň açylmagyny we netijede dünýä edebiýatynyň we çeper filimleriniň gyrgyz diline terjime edilmegini belläp geçýär.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: