31-nji oktýabrda CABAR.asia-nyň guran hünärmenleriň duşuşygynda, Owgan hökümetiniň gurýan Koştepa kanalynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna, esasan hem Amyderýanyň aşaky akymynda ýerleşýän Türkmenistana we Özbegistana ýetirýän täsirini we gelejegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu duşuşyga, Özbegistandan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ýolbaşçysy Wadim Sokolow, Gazagystandan suw resurslary, eko-syýasat we durnukly ösüş ugrundan hünärmen Bulat Ýesekin, Täjigistandan energetika we suwdan peýdalanyş meselesi boýunça hünärmen Homižon Orifow we Gyrgysyztandan beýik dag zolaklarynyň klimaty, buzlaryň eremegi we suw resurslary baradaky barlag geçiriji Ryskul Usubaliýew gatnaşdylar.
Owganystanyň hökümeti “Taliban” hereketi 2022-nji ýylyň martynda kanal gurluşygyna başladylar we häzirki wagtda 285km bolamaly kanalyň 100km amala aşyryldy. Kanal gurluşygy doly gutaranda Merkezi Aziýa ýurtlary, esasan hem Amyderýanyň aşaky akymynda ýerleşýän ýurtlar 15% suwaryş suwuny ýitirer.
Wadim Sokolow: “Gurulşyk meýilnamalaryny durmuşa geçirseler Amyderýadan jemi 6-10 km3 suw çekiler, bu bolsa häzirki akyşyň 15% köprägi diýmekdir. Elbetde bu Türkmenistan we Özbegistan başda bolmak bilen aşaky akymynda ýerleşýän ähli territoriýa täsir eder” – diýdi.
Bulat Ýesekin bolsa: “Merkezi Aziýa ýeke-täk suw howdanydyr we biz bir öýde, bir ekosistemada ýaşaýarys. Ýerli bozulyşlar bütün sebitde kynçylyklara ýol açar. Suw gytlygy ýüze çykar-bu biziň esasy meselämizdir. Muňa bagly ýüze çykjak kynçylyklar – iýmit gytlygy, açlyk, migrasiýa, keselçilik” diýip belläp geçdi.
Hünärmenler bu meseleler boýunça aşakdaky teklipleri hödürlerýärler:
- Merkezi Aziýa ýurtlary we Owganystan suwy netijeli ulanmak we ýurtlaryň arasynda adalatly paýlaşmak baradaky gepleşiklere geçmeli.
- Ähli ýurtlar suw çeşmelerini goramak we oba hojalykda tygşytly peýdalanmak üçin täze tehnologiýalary ulanyp başlamaly.
- Sebitdäki ýurtlar suw ulanma syýastayny gaýtadan gözden geçirmeli we kämilleşdirmegiň täze ugurlaryny meýilnamalaşdyrmaly.
- Suw resurslarynyň azalmagy we klimatyň üýtgemegi ýaly şertlere nädip hötde gelmeldigini bileleşip çözmeli.