Progres.Online

HPG-nyň Merkezi Aziýanyň ykdysady gelejegi boýunça syny

2023-nji ýylyň maýynda, Halkara pul gaznasy (HPG) “Sebitleýin ykdysady perspektiwalar: Orta Gündogar we Merkezi Aziýa” atly täze hasabaty çap etdi. Hasabat sebitdäki ýurtlaryň soňky ykdysady ösüşini, gelejegini we syýasy meselelerini seljerýär. Hasabatda Türkmenistan barada hem bellenilýär.

Birnäçe global üýtgeşmelere garamazdan, 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa (MA) ýurtlarynyň ykdysadyýeti durnuklylyk görkezdi. Sebitdäki nebit eksport edýän ýurtlar energiýa bahalarynyň ýokarlanmagyndan peýdalandy. Bu ýurtlaryň daşarky balansyna pozitiw täsirini ýetirdi. 2022-nji ýylyň ykdysady täsirleriniň azalmagy bilen 2023-nji ýylda ösüşiň haýallamagyna garaşylýar.

JIÖ-niň ösüşi

HPG Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky hakyky JIÖ-niň ösüşini (inflýasiýa görä üýtgedildi) 1.8%, 2023-nji ýyldaky ösüşini bolsa 2.3% diýip çaklady. Mundan tapawutlylykda, Türkmenistanyň hökümeti 2022-nji we 2023-nji ýyllarda JIÖ-niň 6.5% ösjekdigini çaklapdy. 2023-nji ýylda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Özbegistanda hakyky JIÖ 5.3%, Täjigistanda 5.0%, Gazagystan 4.3%, Gyrgyzystan 3.5% ösjekdigi çaklanylýar.

Inflýasiýa görkezijileri

2023-nji ýylda, Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitlerinde inflýasiýanyň ortaça derejesi 11.8% bolmagy çak edilýär. Türkmenistanda 2023-nji ýylda ýyllyk inflýasiýa derejesi 6.7% bolar diýilip çaklanylýar. Şeýle hem, hasabatda Türkmenistandan başga beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda aýlyk haklarynyň we karzlaryň ösüşi hem-de ýerli walýutalaryň hümmeti barada maglumatlar berilýär.

Pul syýasaty

Merkezi Aziýada inflýasiýa garşy göreşmek üçin pul syýasatynyň esasy guraly hökmünde göterim stawkalary we ätiýaçlyk talaplary ýokarlandyrmak ulanylýar. Göterim stwakalary – banklardan karz almagyň umumy bahasy. Hasabatda Türkmenistanyň göterim stwaklary barada maglumat berilmeýär.

Içerki we daşarky ätiýaçlyk talaplary – Merkezi banklaryň hasaplarynda saklamaly nagt pul mukdaryny kesgitleýär. Hasabatda Türkmenistanyň içerki we daşary ýurt walýuta ätiýaçlyk talaplary barada umumy maglumat berýär. Emma, kesgitli sanlary ýa-da jikme-jiklikleri bellenilmeýär.

2023-nji ýyl üçin Türkmenistan boýunça möhüm görkezijiler:

  • Döwlet býudjeti – JIÖ-niň 10.3%-ine deň.
  • Döwletiň umumy karzy – JIÖ-niň 4.4%-ine deň.
  • Eksportlar – $15.6 milliard.
  • Importlar – $9.0 milliard.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: