Gyrgyzystanda soňky wagtlarda hukuk bozýan ýaşlaryň sany aşa artdy we 14-17 ýaşlylaryň arasynda 2022-nji ýylda 2021-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 33% köp jenaýat hasaba alyndy. Ekspertleriň bellemegine görä, ýaşlaryň jenaýata baş goşmaklarynyň käbir sebäpleri garyplygy, hereketsizligi (sport, güýmenje klublary we ş.m.), sosial mediýany, ýeterliksiz ene-atanyň gözegçiligini we netijeli öňüni alyş düzgünleriniň ýoklugyny öz içine alýar. Diňe ýagdaýy pes ýaşlar däl, eýsem barly maşgalalaryň çagalary hem jenaýatda tutulýarlar.
Ýagdaýa mysal edip ýetimler öýünde ulalan Zarinany alyp bolar. 15 ýaşly Zarina bikanun neşe serişdeleri bilen iş salyşýanlaryň hilesine düşüp, polisiýanyň eline düşýär. Oňa aklawçy maslahaty ýa-da durmuş üpjünçiligi kömekleri berilmezden, sekiz aýlap kazyýetden öňki tussaglykda saklanylýar. Soňra hem 50,000 som ($588 töweregi) jerime salnyp, 5 ýyl gözegçilik astynda saklanmak bilen jezalandyrylýar. Zarinanyň başyna düşen ýagdaý ejiz ýaşlara ýeterlik goldawyň berilmeýändigine, derňew prosesleriniň pes hillidigine we jenaýatyň gaýtalanmagyna sebäp bolýan jezalaryň kesilýändigine şaýatlyk edýär.
2021-nji ýylyň hasabyna görä, Gyrgyzystandaky çagalaryň 40.5%-imi (1.072 million) garyplykda ýaşaýar we 2022-nji ýylda 88,000 sany migrant çagalary hasaba alnan. Şeýle-de, ýurtda garyndaşlary däl bolan adamlar bilen ýaşaýan çagalaryň sany 5 müňden geçýär. Bu sanlardan ugur alyp, sosial-ykdysady status bilen ýaşlaryň jenaýatçylygynyň arasynda baglanyşyk görse bolýar. Ýaşlaryň iň köp baş goşýan jenaýaty ogurlyk bolup, ol köplenç bozgaklyk däl-de, zerurlyk sebäpli ýüze çykýar.
Ýurt muňa garşy nähili çäreleri görýär?
2019-njy ýylda Gyrgyzystan kazyýet reformasynyň bir bölegi hökmünde probasiýa institutynyň düýbüni tutdy. Bu taslama kämillik ýaşyna ýetmedik jenaýatçylara türmä girmezden etmişleri hakda oýlanmaga we düzelmäge mümkinçilik berýär. Bu hyzmatdan ýylda ortaça 130 ýetginjek peýdalanýar. Institutda ekspertler reabilitasiýa we motiwasiýa programmalaryny üpjün edýärler, şol sanda hünär mekdeplerine girmäge hem ýardam berýärler.
Jenaýat kodeksine girizilen soňky üýtgeşmeler hem oňyn netijeleri berýär: 2022-nji ýyldan bäri 195 sany jenaýatda aýyplanan ýetginjek kazyýet ulgamyndan doly çykaryldy. “Bir mümkinçilik” programmasy bolsa, kiçiräk kanun bozujylyk eden ýaşlara kazyýete çekilmäge derek jemgyýetçilik hyzmatlary edarasyna ugradylyp, ol ýerde bilim almaga we düzediş işleri bilen meşgullanmaga ýol açýar.
Ejiz çagalar we aýallar bilen işleşýän, hökümete degişli däl Oasis guramasynyň hünärmenlerine görä, Gyrgyzystan çagalaryň arasyndaky hukuk bozulmalaryň öňüni almakda Sowet Soýuzyndan miras galan kanunlary ulanýar. Ýagny, jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çeken, urşa gatnaşan, okuwyny okamaýan, ogurlyk eden we ş.m. ýetginjek ýerli polisiýa tarapyndan hasaba alnyp bilinýär. Guramanyň hünärmenleri diňe polisiýanyň hasaba almagynyň ýaşlary gaýtadan jenaýat etmekden saklamaýandygyny aýdýarlar. Olar polisiýada hasapda duran ýetginjekleri önjeýli güýmenjeler bilen işli saklamagy maslahat berýärler:
- Sport mekdeplerine gatnatmak;
- Çagalaryň çeperçilik merkezlerine ibermek;
- Kitaphanalara ugratmak we yzygiderli kitap okatmak;
- Ýaşlaryň derňew edarasynda sungat terapiýa otagyny döretmek.
Şeýle-de, olar çagalara we ýetginjeklere haýbat atyp ýa-da jeza berip däl-de, ynam, düşgürlik we hormat bilen çemeleşmegiň iň gowy netijeleri berjekdigini belleýärler.
Mundan başga-da, ekspertler öňüni alyş çäreleriniň ösdürilmelidigine üns çekýärler. Meselem, häzirki wagtda kyn güne düşen çagalar we olaryň maşgalalary bilen işleşýän kwalifikasiýaly jemgyýetçilik işgärleri ýok ýa-da käbir etraplarda bir ofiser 57 müň çaga jogapkär bolýar. Şonuň üçin ýetginjekleriň arasynda jenaýatçylygyň öňüni almakda hemmetaraplaýyn ulgam döredilmeli we ol psihologlary, jemgyýetçilik işgärlerini, mugallymlary we psihoterapewtleri öz içine almaly. Çagaň diňe esasy gerek-ýaragy däl-de, emosional we psihologik zerurlyklary hem göz öňünde tutulmaly.