Merkezi Aziýanyň analitik hasabat býurosy Gyrgyzystanda energiýa krizisiniň ýitileşýändigini nygtaýar. Ýurtda elektrigiň ýetmezçiligi has güýçlenip, elektrik beketleri talaplary kanagatlandyrmakda kynçylyk çekýär. Bu ýurduň elektrik importyna bolan garaşlylygyny artdyrýar.
Gyrgyzystanda elektrik önümçiligiň häzirki ýagdaýy
Gyrgyzystanda 30-dan gowrak gidroelektrik stansiýalary we 2 sany ýylylyk elektrik stansiýasy bar. Ozal bu stansiýalar ýurduň elektrik energiýasynyň 85%-ini öndürýärdi. Şeýle-de bolsa, gidroelektrik energiýasynyň önümçiligi 2018-nji ýylda 14.3 milliard kWt sagat bolan bolsa, 2022-nji ýylda 11.9 milliard kWt sagada çenli peseldi. Suw howdanlarynda suwuň azalanlygy sebäpli gidroelektrik önümçiligiň ~40%-ini üpjün edýän Toktogul gidroelektrik stansiýasynda elektrik energiýasynyň önümçiligi ep-esli kemeldi. 2019-njy ýyldan bäri Toktogul suw howdanynda suwuň mukdary ~17 milliard m3-den ~11 milliard m3-e çenli azaldy.
Suwuň mukdarynyň azalmagyna esasan buzluklaryň kiçelmegi sebäp boldy. Merkezi Aziýada iň uly buzluklaryň mekany bolan Gyrgyzystanda soňky 70 ýylda buzluklar 16% azaldy. Global maýylganlyk we Gyrgyzystanda howanyň ýyllyk ortaça temperaturasynyň 2.39°C ýokarlanmagy 20-nji asyryň başy bilen deňeşdirilende buzluklaryň göwrüminiň kiçelmegine we suwuň derejesiniň peselmegine getirdi.
Elektrigi tygşytlaýyş çäreleri
Gyrgyzystanda elektrik energiýasynyň importy gidroelektrik beketleriň kuwwatynyň peselmegi we elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň artmagy ýaly birnäçe faktorlar zerarly artýar. Bu Gyrgyzystanyň goňşy ýurtlaryň elektrik importyna garaşlylygynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Muňa jogap hökmünde hökümet ilaty elektrigiň sarp edilişini günde 5 kWt sagada çenli çäklendirmäge çagyrýar we bu mukdaryň esasy zerurlyklar üçin ýeterlikdigini aýdýar. Bu çäkden artykmaç elektrik sarp etmek 1-1.5 sagat elektrik togunyň kesilmegine sebäp bolup biler. Şeýle-de, elektrige talabyň iň ýokarlanýan sagatlarynda elektrik ýyladyjylary ulanmak gadagan edildi we çäklendirmeleriň berjaý edilişine berk gözegçilik ediler.
2019-njy ýylda Gyrgyzystan parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we temperaturanyň senagatdan öňki döwrüň derejesinden 2°C çenli ýokarlanmagyny çäklendirmek boýunça Pariž şertnamasyna gol çekdi. Iki ýyldan soňra, ýurt 2025-nji ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny 16.6% azaltmagy maksat edinýän milli meýilnamasyny yglan etdi. Şeýle çäreler Gyrgyzystan üçin biçak wajypdyr. Çünki, maýylganlyk buzluklaryň has-da kiçelmegine we netijede suw çeşmeleriniň azalmagyna getirer. Aýratynam, gidroenergetika bil baglaýan döwletler energiýa ulgamynyň potensial krizisleri bilen ýüzbe-ýüz bolmagy mümkin. Şonuň üçin ýurtlar täzelenýän energiýa çeşmelerini ösdürmeli.