2022-nji ýylda, Gyrgyzystanyň Bilim ministrligi ene-atalarynyň dini ynançlary sebäpli 100-den gowrak çaganyň mekdebe gatnamaýanlygyny anyklady. Ýöne, Merkezi Aziýa analitik hasabat býurosynyň “Gyrgyzystan: Ene-atalaryň dini ynançlary zerarly çagalar bilimden mahrum bolýar” atly hasabatyna we ministrligiň tassyklamagyna görä bu görkeziji has köp bolmagy mümkin.
Gyrgyzystanda radikal yslam
- Gyrgyzystanda Ýakyn Inkar ekstremist yslam hereketiniň täsiri barha artyp, tutuş ýurt boýunça radikal ideologiýany ýaýradýar.
- Ýakyn Inkar 1926-njy ýylda esaslandyryldy. Onuň esasy pelsepeleriniň biri tehnologik progres negatiw zat we musulmanlar Muhammet pygamberiň ýaşan döwründäki ýaly ýaşamaly diýen ideýalardyr.
- 2017-nji ýyla çenli bu gurama erkin hereket edýärdi. Emma, 2017-nji ýylyň 15-nji iýunynda Bişkekiň Oktýabrskiý etrap kazyýeti Ýakyn Inkara işini bes etmegini buýurdy. Bu gadagançylygyň sebäbi bolsa gurama agzalaryna bilimiň, lukmançylyk bejergileriniň gereksizdigini ündeýärdi we bu Gyrgyzystanyň kanunlaryna garşy gelýär.
- Içeri işler ministrliginiň ekstremizme we bikanun migrasiýa garşy göreş gullugynyň wekili Manas Amanbaýewiň aýtmagyna görä, Muhammet pygamberiň döwründe gyzlaryň mekdebe gatnamanlygy ýa-da bilim bilen üpjün edilmänligi üçin guramanyň yzarlaýjylary hem gyzlaryny mekdebe ibermeli däl diýip hasaplaýarlar.
Hökümetiň ýerine ýetirýän çäreleri
- Bilim ministrligine görä, 2022-nji ýylda Gyrgyzystanda 116 sany çaganyň dini sebäpler üçin mekdebe gatnamaýanlygy ýüze çykaryldy. Şeýle-de bolsa, Mekdep syýasaty we kitap neşirýat bölüminiň baş hünärmeni Gülşan Abdyldaýewanyň bellemegine görä, bu statistika diňe Ýakyn Inkar hereketini yzarlaýanlary öz içine almaýar. Döwlet din işleri komissiýasy (DDIK) çagalary bilim almakdan mahrum edýän ene-atalaryň kararlaryny kabul etmeýändigini habar berdi.
- DDIK raýatlaryň din azatlygy hukugyna ünsi çekip, bilimiň möhümdigini hem nygtady. 2022-nji ýylda, komissiya Ýakyn Inkar bilen konferensiýa geçirdi. Onda mekdepleriň we bilimiň zerurlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Emma, DDIK Ýakyn Inkaryň bu meselä çynlakaý garamaýandygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, komissiýa gelejekde dialoga açyk bolmak üçin şuňa meňzeş çäreleri geçirmäge ygrarly.
- Galyberse-de, hünärmenler Ýakyn Inkar hereketiniň düýpli öwrenilmänligi we bu hereketi yzarlaýanlaryň sany barada takyk maglumatyň ýokdugyny bellediler.
Din, hukuk, syýasat analitik merkeziniň müdiri Kadyr Malikowyň aýtmagyna görä, mekdebi sypdyrmagyň öňüni almak we strategiýalary işläp düzmek üçin guramanyň özi, onuň öňe sürýän ideýalary we ony yzarlaýanlar barada gözleg geçirmek möhüm. Ýakyn Inkaryň işini gadagan etmek peýdasyz, ýöne düýpli gözleg geçirmegiň peýdasy bolar.