Progres.Online

Gyrgyzystan: Zibil dagyndan – gaýtadan işlemä gidýan ýol

1978-nji ýylda gurulan 400 müň kişilik paýtagt üçin niýetlenen zibil poligony (zir-zibil dökülýän ýörüte çukur) geçen aý gömüldi. Bir milliondan köp ýaşaýjysy bolan paýtagt Bişkek üçin şäher häkimligi täze zibil çukuryny gazdy. Häkimlik bu zibil poligonyny başgaça işletmegi meýilleşdirýär.

Her gün Bişkekden we töwereginden 1.5 tonna golaý zibil ýygnalýar. Çüýşe, kagyz, iýmit, geýim we plastikden ybarat bolan parhlandyrylmadyk zibil üýşmegi bir ýük maşyna ýüklenilýär. Maşynlara ýüklenmänkä gaýtadan işleýän kompaniýalara satmak üçin öýsizler we pukaralar zibilleri sortlaýar. Soňra poligonda onlarça kişi ýanyp duran zibil dagyndan gaýtadan işlemek üçin ýaramly zir-zibilleri ýygnaýarlar.

“Tazar” ekologiýa toparynyň esaslandyryjylarydan biri bolan Aýmerim Tursaliýewanyň Eurasianet.org bilen söhbetdeşliginde: “Gyş aýlary 500-den gowrak kişi zibil sortlamada işleýär. Möwsümine görä kilogramy – plastik 25-50 soma ($0.30-$0.60), hojalyk plastigi 35 soma, aýna 5-7 soma, arassa polietilen 35 soma we hapa polietilen bolsa 8 soma satýarlar”.

Öňki zibil poligony “Beken Dos” hususy kompaniýasyna mart aýyna çenli kärendä berilipdi. Kompaniýa adamlaryň sortlan zibilini satyn alyp gaýtadan işleýän şereketlere satýardy.

Paýtagt häkimliginiň habar bermegine görä Çeh kompaniýalarynyň konsorsiumy $45 millionlyk maliýe goýumlarynyň hasabyna zibil gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygyna oktýabr aýynda başlaýar. Poligonyň dolandyryjysy Nurlan Jumaliýewiň aýtmagyna görä bu ýerde hem häzirki zibil sortlamada işleýänler we bu ugurda tejribesi bolanlar işe alynar.

2019-njy ýylyň gyş aýynda şäher derňewi we maslahat beriji kompaniýasy “Rush.Data” Bişkegiň 400 kg golaý zibilini barlady. Zibilleriň ýarysy iýmit önümleri bolup, 30% bolsa gaýtdan işlemäge oňaýly plastik, çüýşe we kagyzdan ybaratdyr.

Bişkek şäher hakimligi zibilleri görnüşine görä sortlamaga niýetlenen täze hapa sebetlerine gözegçilik kameraly goýmagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde adamlar öz zibillerini sortlamagy öwrener. Gynansakda bu synag entäk şowsyz bolup galýar.

Şäher hojalygyny dolandyrma hünärmeni Ažar Baýsalowanyň Eurasianet.org bilen söhbetdeşliginde:

“Diňe hapa sebetlerini goýdylar we hiç kime zibilleri nähili sortlamalydygyny düşündirmedi. Ýerli halk bilen ýygnaklar geçirilmedi, şol sebäpli bu taslama işe ýaranok” diýip aýtdy.

Oş şäherinde bu taslama işe ýarady, sebäbi hapa sebetleriniň başynda 24/7 gözegçiler bardy diýip ekolog Tursaliýewa aýdýar. “Bu ideal usul däl, gynansakda biziň ilatymyz gözegçilerden utanyp zibili sortlaýar” – diýip üstüni ýetirdi.

Tazar guramasy “Zibil” programmasyny döretdi. Programmany ulanyjylar gaýtadan işlenilýän çig mallary tabşyryp bal gazanýarlar, soňra olary harytlara we hyzmatlara çalşyp bilýärler. Şeýle hem programmanyň ulanyjylary 200 golaý gaýtadan işlenýän zibiliň kabul ediliş nokatlaryny görüp bilýärler.

Bişkegiň ýaşaýjysy 22 ýaşly Nargiza Korgoldoýewa talyp döwürinden bäri gaýtadan işlenilýän zibilleri ýygnamak işine batareýalary sortlamak bilen başlapdyr. Nargiza: “Men adamlaryň bize nämeleriň garaşýandygyny we gelejegimizi üýtgedip biljekdigimizi düşünmegini isleýärin. Her birimiz diňe özümiz üçin däl, geleçegimiz üçin hem jogapkärçilik çekýäris” – diýýär.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: