Respublika öz konstitusiýasynda resmi taýdan “ählumumy maddy hal-ýagdaýy ýokary döwlet” hökmünde bildirlendir. Muňa garamazdan döwlet öz raýatlarynyň adaty zerurlygyny kanagatlandyryp, laýyk derejede ýaşamagyny üpjin edip bilenok.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä eşretli döwlet hasaplanmak üçin hökümet azyndan JIÖ-niň (jemi içerki önüm) 20-30% sosial çykdaýjylara aýyrmaly. Bu çykdaýjylara raýatalaryň bilim, saglygy saklaýyş, sosial üpjünçilik, ýaşaýyş jaý we beýleki hyzmatlar bilen üpjinçiligi degişlidir.
- Eşretli döwletiň wajyp görkezijileriniň biri saglyk ulgamydyr. Bu ýyl Gyrgyzystan saglygy saklaýyş ulgamyna 8.8milliard som ($100.5 milliona golaý) berýär, ýagny döwlet çykdaýjysynyň 2.3% ýada JIÖ-niň 0.9% tutýar. BSGG-yň saglygy saklaýyş ulgamyna döwletiň JIÖ çykdaýjysynyň 4-5% bölüp aýyrmagy maslahat berýär.
- Eşretli döwletiň wajyp görkezijileriniň ýene biri hem ýokary hili bilim bilen üpjin etmek. Bu ýyl Gyrgyzystan bilim ulgamyna JIÖ-niň 7% ýada 65 milliard 279.2 million som ($745.28 million) sarp edýär. Geçen ýyl bilen deňeşdirende $265,05 million köp. Emma býujet boýunça goýberilen pul mugallymlaryň aýlygyny artdyrmaga we galany bolsa Batken welaýatynyň infrastrukturasyny dikeltmäge beriler. Netijede bölünip aýyrlan artykmaç pul bilimiň hiliniň artmagyna täsir etmeýär.
Hökümet 2023-nji ýylda ýörüte sosial üpjinçilik maksatly 19.9 milliard som ýada $227.2 million (+4.5 milliard som ýada $51.4 million) bölüp aýyrdy. Bu býujet boýunça goýberilen pul “Ui-bulogo komok” (gurpsyz hojalyklara) we pensionerlere kömek etmeklige, işsizlik we migrasiýa meselerini çözmeklige niýetlenendir.
Eşretli döwletleriň nusgasy bolan Daniýa, Şwesiýa, Norwgiýa ýaly ýurtlar sosial üpjinçilik üçin ýylda JIÖ-niň 25-30% bölüp aýyrýar. 2015-nji ýyldan bäri Gyrgyzystan Ýewrazaiýa Ykdysady Bileleşiginiň (ÝYB) agzasydyr. ÝYB agzalary bolan Russiýa, Gazagystan we Ermenistan sosial üpjinçilik üçin 22.6%-31.9% çenli çykdaýjy edýärler. Emma olar döwlet hyzmatlaryna gaty az çykdaýjy edýär (0.7%-18.3%).
Bütindünýä Bankynyň 2022-njy ýylyň ahyryndaky maglumtlaryna görä Gyrgyzystan 25.5% sosial üpjinçilik çykdaýjy edip, sebitiň iň garyp ýurdydyr. 2023-nji ýylyň mart aýynda iň pes aýlyk $366 bolup, ýurtda ýokary derejede ykdysady deňsizlik bar.
Gyrgyzystan özbaşdaklygyny alany bäri maddy üpjünçilik syýasatyny alyp barýar. Respublikanyň 2023-nji býujet taslamasy sosial üpjinçilige ugrukdyrlandygyny görkezýär. JIÖ çykdaýjylarynyň 7% bilim, 0.9% saglygy saklaýyş we 2.1% sosial üpjinçilige niýetlenendir.
Gyrgyzystanyň “eşretli ýurt” bolmak üçin edýän tagallalaryna garamazdan, bu maksady diňe kagyz ýüzünde galýar. Gyrgyzystana bu maksadyny durumşa geçirmek üçin entek kän iş geçirmeli bolar.