Ýewropa Komissiýasy ýakyn wagtda Russiýa garşy sanksiýalaryň 11-nji bukjasyny kabul etjekdigini yglan etdi. Bu gezekki sanksiýalar Russiýanyň hut özüne garşy däl-de, Russiýa sanksiýaly harytlary iberýän üçünji ýurtlara garşy bolar. 2022-nji ýylda, Russiýa Federasiýasyna (RF) eksportyny artdyrandyklary sebäpli Merkezi Aziýa (MA) döwletlerinden hem şübhelenilýär. Şonuň üçin, Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ýörite wekili martda Gyrgyzystanda, aprelde Gazagystanda we Özbegistanda barlag saparynda boldy.
Ikinji derejeli sanksiýalaryň jikme-jikleri we olaryň kabul ediljek wagty entek resmi taýdan aýan edilmedi. Emma, Ýewropa ýurtlarynyň bu mesele babatda pozisiýasy The Daily Telegraph-yň çap eden içerki resminamalaryndan mälim boldy. Onda şeýle diýilýär: “Üçünji ýurtlardaky şahslara we guramalara güýçli duýduruş bermelidiris. Russiýanyň harby we goranyş senagatynyň bazasyna material goldaw bermek olaryň ÝB-niň bazaryna girmegine çynlakaý täsir eder”.
Bu goşa maksatly ulanylýan harytlary günbatar ýurtlaryň bazaryndan alyp Russiýa satmagy aňladýar. Meselem: Käbir ekspertlere görä, kir ýuwujy maşynlaryň ýa-da kameralaryň mikroçipleri harby enjamlary bejermek üçin ulanyp bolýar.
2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Russiýa eksporty:
- Gazagystandan Russiýa eksport 25% ýokarlandy;
- Gyrgyzystanyň Russiýa eksporty 2.4 esse köpeldi;
- Özbegistandan Russiýa eksport 49% artdy.
2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň Russiýa bilen söwda dolanşygy artdy:
- Gazagystan – $1.5 milliard;
- Gyrgyzystan – $0.9 milliard;
- Özbegistan – $1.8 milliard;
- Täjigistan – $0.2 milliard;
- Türkmenistan – $0.1 milliard (Türkmenistanyň görkezijileri diňe ýanwar – awgust aýlaryna degişli).
Täjigistanyň we Türkmenistanyň statistika komitetleri soňky iki ýylda daşary söwda barada açyk maglumat bermeýär. Ýöne, olaryň statistikasyny Russiýanyň wekili Mihail Mişustiniň bu ýurtlara resmi saparlary wagtynda agzan görkezijilerinden bilmek bolýar. Şeýlelikde, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Russiýa bilen özara söwdasy 32.7% (maglumatlar diňe ýanwar-awgust aýlaryna degişli), Täjigistan – Russiýa arasyndaky söwda bolsa 18% ýokarlandy. Bu görkezijiler umumy artyşy görkezip, ençeme faktorlara, şol sanda Russiýanyň bazaryndaky Ýewropa üpjün edijileriniň ýeriniň çalşylmagyny hem öz içine alýar.
Cabar.asia sanksiýaly harytlary günbatar döwletlerinden import edip, soňra Russiýa satylýar diýen çaklamany Gazagystanyň mysalynda seljerdi. Seljermä görä, günbatar ýurtlaryndan we ABŞ-dan Gazagystana edilýän importyň paýynyň örän azdygy ýüze çykdy: telefonlar – 7%, kompýuterler – 16%, sowadyjylar – 24 % we ş.m. Ýurda goşmaça gymmatly harytlaryň uly bölegi beýleki döwletlerden import edilýär.
Sanksiýa goýulmasy üçin bökdençlikler:
- Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary Ýewropadan, ABŞ-dan satyn alan harytlaryny Russiýa eksport edilýänligini doly tassyklap biljek jikme-jik statistikalary üpjün edip bilmeýärler;
- Içerki täjirçilik maglumatlary aýan etmezden, haýsy harytlaryň Russiýa, Ýewropa, Hytaýa ýa-da beýleki ýurtlara eksport edilendigini barlamak kyn.
Ýewropanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna ikinji derejeli sanksiýa goýup bilmesi üçin Ýewropanyň harytlarynyň Russiýa eksport edilýänligi barada subutnamalar biçak wajypdyr.
Ekspertleriň çaklamasy: Günbatar döwletleri MA ýurtlaryna syýasy, ykdysady we käbir MA döwletleriniň sanksiýadan gaça durmak üçin öňüni alyş çärelerini ornaşdyrmagy, harby önümleriň eksportynyň gadagan edilmegi ýaly birnäçe sebäpler üçin sanksiýa goýmazlygy ahmal.