Progres.Online

Goňşulykda wizaly gatnaşyklar

Türkmenistanyň beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen syýahatçylyk we söwda gatnaşyklary pes derejededir. Onuň iň esasy sebäpkari ýurtlaryň arasynda wiza talapynyň bolmagydyr. Gazagystanly, gyrgyzstanly, täjigistanly we özbegistanly raýatlar öz aralarynda wiza talap edilmezden erkin syýahat edip bilýärler.

5-nji noýabrda Bişkekde, Gyrgyzstanda Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) gurnamagynda “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa Ykdysady Forumy: sebitleri birleşdirmek” atly forum geçirildi. Forum Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetlerini diwersifikasiýalaşdyrmagy, ýurtlar arasyndaky söwdany ösdürmegi, kanunyň hökmürowanlygyny berkitmegi we kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagy ýaly temalary maslahatlaşmagy maksat edindi. Bu forum ÝB-niň 2019-njy ýylda kabul eden, “Merkezi Aziýa boýunça Ýewroňa Bileleşiginiň Strategiýasynyň” çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýakyn ýyllarda​ geçiriljek çäreleriň ilkinjisi boldy.

Duşuşyga Merkezi Aziýanyň ýokary wezipeli döwlet dolandyryjy işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyñ wekilçilikli toparyna söwda pudagy boýunça Ministrler Kabinetiniñ orunbarasary Ç. Gylyjow ýolbaşçylyk etdi.

Eýsem, Türkmenistanyň beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşygy nähili ýagdaýda?

Biznes we turizm üçin wizalar

Türkmenistanyň beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen syýahatçylyk gatnaşyklary örän pes derejededir. Onuň iň esasy sebäpkari ýurtlaryň arasynda wiza talaplarynyň bolmagydyr. Merkezi Aziýadaky dört ýurtlarynynyň (Gazagystan, Gyrgyzstan, Täjigistan we Özbegistan) raýatlary öz aralarynda wiza talap edilmezden erkin syýahat edip bilýärler.

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň hemme dört ýurtlarynyň raýatlaryndan wiza talap edýär. Netijede, bu ýurtlaryň hökümetleri hem Türkmenistanyň raýatlaryndan wiza talap edýär. Bäş sany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dört sanysynyň raýatlary wizasyz režimde erkin hereket edýän wagtynda, Türkmenistanyň wiza syýasaty raýatlary izolirläp, ýurtda durnukly ykdysady ösüşi bökdeýär. Wiza talaplary diňe turizma degişli bolup çäklenmän, eýsem biznes we telekeçilik üçin hem şeýle. ÝB öz hasabatlarynda Türkmenistanyň 30 ýyl dowam edip gelýän wiza režimi hakynda hiçzat agzap geçmeýär.

Forumda Türkmenistanyň we goňşy ýurtlaryň türkmenistanly raýatlaryna bolan wiza talaplary ara alynyp maslahatşşylandygy barada hiç ýerde maglumat berilmeýär.

Söwda dolanyşygy

ÝB-niö forumy Merkezi Aziýa ýurtlary arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň artmagynyň örän wajypdygyny belläp geçýär. ÝB-niň bellemegine görä, muňa ýetmek üçin, Merkezi Aziýa ýurtlary: erkin söwdany dikeltmeli, gümrük we býurokratiýa işlerini ýeňilleşdirmeli, hususy sektory we sanly ulgamy ösdürmeli, bäsdeşligi artdyrmak üçin döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmaly, telekeçilik üçin has gowy mümkinçilikleri döretmeli we söwdanyň ekologiýany zaýalamajak şekilde ýaşyl we durnukly bolmagyny sazlamaly.

Türkmenistanyň beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýyllyk alyp barýan söwda dolanşygynyň hasaplanylşy eksportyň we importyň birlikdäki umumy mukdarydyr.

  • Meselem, Türkmenistanyň eksporty 300 mln USD, importy 150 mln USD bolsa, onda umumy söwda dolanyşygy 450 mln USD barabar bolýar. Türkmenistanyň Merkezi Aziýada iň uly söwda dolanşygy Özbegistan bilen bolup 2020-nji ýylda onuň mukdary 527 million USD (döwletiň sany) deň boldy.
  • Ikinji orunda Türkmenistan 143.7 mln USD (2021 ýanwar-sentýabr arasy) bilen Gazagystan, şeýle hem 2020-nji ýylda 11.7 mln USD mukdarda Gyrgyzstan bilen söwda dolanyşygyny alyp barýar.
  • Türkmenistanyň 2021-nji ýyldaky umumy hemme ýurtlar bilen söwda dolanşygy 9.192 mlrd USD we bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň paýy örän çäklidir. Meselem, Türkmenistanyň ýyllyk umumy söwda dolanyşygynyň 5.7% Özbegistan bilen, 1.5% Gazagystan we 0.12% Gyrgyzstan bilen amala aşyryldy. Goňşy ýurtlar bilen söwdany artdyrmak türkmen ykdysadyýeti üçin gowy bolup, telekeçilik, turizm we dostlukly aragatnaşygy gowylandyrmaga itergi berer.
  • Ýokarky söwda degişli sanlaryň hemmesi Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzstanyň hökümetleri tarapyndan paýlaşylan sanlardyr. Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary söwda dolanyşygy barada anyk maglumatlary, sanlary paýlaşmaýar.
[wpdatatable id=6]

Çeşme: Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzstanyň hökümetleriniň paýlaşan sanlary

Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna edýän esasy eksport önümleri we harytlary: oba-hojalyk önümleri (pomidor, sogan we ş.m); tekstil; polietilen; nebit we gaz himiýa senagatlary; plastmas önümleri; çörek, un we konditer önümleri; sement, beton we emeli daşlar. (Çeşmeler: Kabar.kg, Sputnik, GDA döwletleriň ýerine ýetiriji komitety)

Uçar gatnawy

Türkmenistandan diňe Gazagstanyň Almaty şäherine uçup bolýar we Merkezi Aziýanyň beýleki üç sany ýurduna göni uçar gatnawy ýok. Uçar reýsleriniň beýle az bolmagy bolsa wiza talaplary bilen baglanyşdyryp bolýar. Wiza dokument ýygnamak, tabşyrmak we almak çylşyrymly, wagt alýan gymmat býurokratik päsgelçiliklerden düzülen prosesdyr.

Türkmenistanyň beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen arasyndaky demir ýollarynyň sany örän az we hemmesi diňe kargo üçin niýetlenendir. Ýagny, bu demir ýollardan ýolagçylar peýdalanyp bilmeýärler. ÝB-niň gurnan forumynda Merkezi Aziýa ýurtlar arasynda söwda dolanyşygynyň artmagynyň wajyplydygyny belläp geçýär, emma demir we uçar ýollary hakynda takyk maglumatlar berilmeýär.

TürkmenistanMerkezi Aziýa sebit demirýollary

2014-nji ýylda Gazagystan (Uzen) – Türkmenistan (Bereket) – Eýran (Gorgan) arasyndaky demir ýollarynyň gurluşygy tamamlandy we olar diňe kargo ýükleri üçin niýetlenen. Bu demirýolyň gurluşygyna 2007-nji ýylda gol çekildi, 2009-njy ýylda gurluşyga başlanyldy we 2014-nji ýylda gurluşyk tamamlandy.

Hytaý – Gazagystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran demirýol korridorynyň gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky söwdany gowylandyrmaga uly potensiýaly bar. Türkmenistan bu demirýol korridory arkaly beýleki ýurtlar bilen söwda alyş-çalşygyny edip biler we öz territoriýasyndan geçýän ýüklerden hem salgyt alyp biler.

Şeýle hem, Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan (TAT) demirýol korridoryny gurmak barada 2013-nji ýylda gol çekildi. Bu 400 km uzynlykdaky ýoly öz içine alýan demirýol korridory henizem tamamlanmady. Türkmenistanlylar öz territoriýasyndan Owganystan serhetine çenli bolan aralykdaky demirýolynyň gurluşygyny 2016-njy ýylda tamamlady we onuň uzaklygy 88 km boldy. Täjigistan birnäçe problemal sebäpli öz çägindäki demirýollary henizem gurup gutarmady we bu proýektiň haçan pozitiw şekilde netijelenjegi barada şübhe bildirilýär.

Maslahatlar

Türkmenistanyň beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ykdysady we söwda gatnaşyklaryny artdyrmak üçin söwdanyň we syýahatyň erkin bolmagy, gümrük geçelgelerindäki býurokratiýa işleriniň ýeňilleşdirilmegi, şeýle hem ilatyň we telekeçilere degişli wiza çäklendirmäniň ýatyrlylmagy, şol sanda, demir, gara ýollaryň we uçar gatnawynyň köpelmegi örän wajypdyr we zerurdyr.

Ýewropa Bileleşigi bu wajyp ädimleriň jikme-jiklerini, durmuşa geçirilşini hökümet bilen duşuşuklarda yzygiderli galdyryp durmaly we anyk edilen işler we netijeler barada köpçülige hasabat bermeli.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: