Gazagystanda azyndan üç sany uly neşirýat dünýä belli meşhur kitaplary we çeper edebiýatlary öňki ýaly rus dilinden dälde asyl nusgasyndan terjime edýär.
Hut özüm başdan geçirdim
“Mazmundama” (Mazmun) jemgyýetçilik bileleşiginiň başlygy Şyngys Mukan 2000-nji ýylda ispan we iňlis dili terjimeçilik bölümine girmek üçin Almata gelende profesional edebiýatyň ýetmezçiligi bilen garşylaşandygyny aýdýar. Sebäbi ähli sözlükler we okuw kitaplary rus dilinde bolup, goşmaça rusça öwrenmäge mejbur bolupdyr. Ol gazak dilini ösdürmegiň üstünde işlemegi ýüregine düwýär. Bu pikirden ylham alyp adebiet.kz web-saýtyny döredýär we “Gazak dilini bilmegiň we geplemegiň 10 sebäbi” kitabyny ýazýar.
“Mazmundama” neşirýaty bu güne çenli 200-den gowrak kitaby terjime etdi we olaryň arasynda Deýl Karnegie, Artur Konan Doýl, George Orwell, Nikkolo Makiawelli ýaly dünýä belli ýazarlaryň meşhur kitaplary bar. Şyngys “ Mesele dildäki sözleriň mukdary däl, eýsem şol dilde näçeräk maglumatyň barlygy. Şonuň üçin dil biliminden başlap injinerlige çenli ähli ugurlarda gazak dilindäki kontetleri ösdürmeli” – diýip düşündirýär. 2018-nji ýylda “Mazmundama” açylanda bir kitap çap etdi, 2022-nji ýylda bolsa eýýäm bu san 111 ýetdi. Kitaplar alty dilde terjime edilip, 2050-nji ýyla çenli global maksat 10,000 kitap çap etmek. Adamlaryň kitap okamaga we öwrenmäge islegleri bar, şonuň üçin has köp neşirýatlar kitaplary gazak diline terjime etme işine girişýär.
Jadygöý oglanjyk gazakça gepledi
Steppe & World Publishing neşirýaty dört ýyl mundan öň, Joanne Rowlingiň soňky onlarça ýylyň iň meşhur çagalar üçin kitaby “Garry Potteri” gazak diline terjime edip kitap bazarynda uly täsir döretdi. Bu neşirýatyň ilkinji gazak diline terjime eden kitabydy. Çaphananyň esaslandyryjysy Raisa Kader: “Biziň neşirimiziň 70% çaga edebiýaty bolup galan bölegi ulular üçin ylym we okuw kitaplardan ybarat. Bütindünýäde çaga edebiýatlary trend bolup, adamalar oňa köp pul harjaçarlar” – diýip aýdýar. Häzirki döwürde neşirýat iňlis, nemes, fransuz, hytaý, türk we rus dillerinden her ýylda 30-50 kitap terijme edýär. Rasisanyň aýtamagyna görä çaphananyň esasy wezipeleriniň biri hem gazak kitap bazaryny golýazmalardan gazakça terjime edilen kitaplar bilen doldurmakdyr.
Terjimeçilik işiniň tilsimleri
Mira Sembaikyzy 12 ýyldan bäri köplenç iňlis dilinden kitaplaryň terjimesini edýär. Terjimeçiniň aýtmagyna görä golýazmadan terjime edilen kitaplaryň aýratyn nepisligi bar. Mira gazak dilinde okyjylaryň köpelendigini, esasan hem çagalar üçin kitaplara bolan islegleriň artandygyny belleýär. Mira: “Kitaplara bolan talap gowy, okamagy halaýanlar köp. Biz has köp çaga kitaplaryny, haýaly eserleri we ylham beriji kitaplary halkyň mentalitetine görä saýlap terjime etmeli” – diýýar.
Hertfordshire Pres britan neşirýatynyň müdiri, Ýewraziýa Döredijilik Birleşiginiň (ÝDB) wise-prezidenti Marat Ahmedjanow soňky ýyllarda gazak diline terjime edilen kitaplara bolan talaplaryň artýandygy öz kompaniýasynyň mysylynda görýär. “Bu ugur soňky ýyllarda ösüp başlady. Meselem, birleşigiň agzasy Zerde Publishing neşirýatynyň terjimeçisi Ýelden Sarybaý ÝDB-yň beýleki agzalarynyň hem kitaplaryny gazak diline terjime etdi we terjimesi dowam edýän kitaplar hem bar” – diýip Marat aýdýar. Şeýle-de birleşik gazak edebiýatyny iňlis dilinde ýaýradýar. Bu trend soňy döwürde meşhur boldy. “20 ýyl öň gazak ýazyjysynyň kitabyny satmak howaýy zat bolan bolsa, häzir bu kitaplaryň müňlerçe nusgasy satylýar” – diýip Ahmedjanow pikirini paýlaşýar.