2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Gazagystanda “Global Metan Borçnamasy: Dünýä tejribesi we Gazagystan” temaly ikinji syýasy gepleşik geçirildi. Ekologiýa we Tebigatdan peýdalanma Komiteti, Gazagystanyň Ekologiýa we Tebigy baýlyklar Ministrligi we “Ýaşyl Akademiýa” ylmy-barlag merkezi (REC “Green Academy”) tarapyndan guralan ýygnaga ÝB, ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) we Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky (EBRD) hem hemaýat etdi. Gatnaşyjylar Global Metan Borçnamasyna goşulmak baradaky tejribelerini ara alyp maslahatlaşdylar we COP-28 öňüsyrasynda Gazagystan üçin teklipler işläp düzdiler.
Global Metan Borçnamasy näme?
2021-nji ýylda COP-26-da başladylan Global Metan Borçnamasy (GMB) bütin dünýäde metan zyňyndylaryny 2030-njy ýyla çenli 2020-nji ýyldaky derejesi bilen deňeşdirende 30% azaltmaga gönükdirlendir. 150-den köpräk ýurt bu borçnama gatnaşdy we 50-den gowrak ýurduň metan zyňyndylaryna garşy milli meýilnamalary bar ýada häzirki wagtda işläp düzýärler. Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gyrgyzystan we Özbegistan eýýäm GMB goşuldy. Häzirki wagtda Täjigistan, Türkmenistan we Gazagystan GMB goşulma mümkinçiliklerini maslahatlaşýarlar. Ýakynda Prezident Berdimuhammedowyň bildirmegine görä Türkmenistanyň bu borçnama goşulma meselesine degişli görüşmeler işjeň dowam edýär.
Gazagystanda zyňyndylaryň azalmagy
Gazagystanda 2021-nji ýylda jemi 2.4 megatonna metan zyňyndysy bolup, onuň ýarysy energetika pudagyna degişli, 41% oba-hojalyga, galan bölegi bolsa galyndylar we beýleki pudaklaryň paýyna düşýär. Beýleki çeşmeler Gazagystandaky metan zyňyndylaryny 1.7-3.5 megatonna hökmünde hasaplaýarlar.
Gazagystan Kesgitlenen Milli Goýumlaryny (NDC) täzeledi we esasan hem oba-hojalyyndaky metan zyňyndylarynyň azalmagyna degişli çäreleri goşdy. Şeýlede ýurtda elektrik we ýylylyk energiýasynyň önümçiligi üçin zibil dökülýän ýerleriň we kömür şahtalarynyň metanyny gaýtadan ulanmak, kömür şahtasynyň metanyndan ýangyç öndürmek ýaly dürli görnüşli çäreleri öz içine alýan NDC durmuşa geçirmek maksady bilen 2021-2025 ýyllary üçin iş meýilnamasyny işläp taýýarladylar.
Ondan başga-da USAID Gazagystanda metan zyňyndysyny ýüze çykarmak we ölçemek barada derňew geçirip, nebit-gaz taslamalarynda emele gelýän zyňyndylary azaltmak barada teklipler hem taýýarlady. Şeýle hem Astana we Taldykorgandaky suw arassalaýjy desgalardan çykýan metany ýüze çykarmagyň we gaýtadan işlemegiň tehniki-ykdysady derňemesi geçirildi.
Şonuň bilen birlikde duşuşykda dünýäniň iň uly gaz kondensat känleriniň biri bolan Karaçaganakdaky metan ölçeme we gözegçilik etme tejribeleri hem paýlaşylypdyr. Kändäki syzmalary dolandyrma maksatnamasynyň çäginde 2021-nji ýyldan bäri derňewler arkaly töwekgelçiligi kesgitleme we dessine abatlaýyş pursatynda syzýan zyňyndylara yzygiderli gözegçilik edilýär. 2023-nji ýyldan başlap bolup biläýjek syzmalary kesgitlemek üçin optiki gaz gözegçiligi we ýörüte programma üpjünçiligi hem ulanylar.
Teklipler:
Gepleşigiň ahyrynda Gazagystanyň hökümetine aşakdaky teklipler hödürlendi:
- Hökümet çäre görüp başlamaly we ýurduň Global Metan Borçnamasyna goşulma mümkinçiligini gözden geçirmelidir.
- Gazagystany 2050-nji ýyla çenli uglerodsyzlaşdyrma ýörelgesi üçin hökümet Iş meýilnamasyny taýýarlamalydyr;
- Meýilnama aşakdaky çäreleri öz içine almaly:
- täzelenýän energiýa çeşmelerini artdyrmak we merkezleşmegi gowşatmak (desentralizasiýa)
- energiýa talap edijiligi peseltmeklik we energiýanyň tygşytlylygyny ýokarlandyrmak;
- bar bolan iň gowy tehnikalary we ekologiki strategiýalary ornaşdyrmak;
- gatnaw ulgamynyň dizel ýangyjyndan elektrige geçmegini goldamak;
- parnik gaz zyňyndylarynyň gözegçiligini döwrebap halkara standartlaryna görä kämilleşdirmek;
- aýdyň zyňyndy söwda gurluşyny ornaşdyrmak we halkara uglerod zyňyndylary söwdasy bilen birleşdirmek;
- ýurduň energiýa howpsuzlygyny artdyrma maksady bilen wodorodly, bio we dürli görnüşli energiýa çeşmelerini kämilleşdirmek.