Progres.Online

Gazagystanda köp aýallylygyň dürli keşpleri

Jemgyýetiniň sosial garaýyşlary konserwatiw hasaplanýan Gazagystan jynsy gatnaşyklar we nikalaşmak tejribelerinde liberal durmuş ýörelgelerini patriarhal dünýägaraýyşlar bilen utgaşdyrýar. Köp aýallylyk meselesi Täjigistanda we Gyrgyzystanda köplenç aýallaryň jemgyýetde ykdysady statusynyň gowşamagy, däp dessurlaryň jynslaryň rollaryna ýetirýän täsiri we dindarlygyň ýokarlanmagy sebäpli gowy öwrenildi.

Munuň tersine, Professor Hélène Thibault-yň barlagy nebite baý Gazagystanda köp aýallylygyň kosmopolit, käte özüne çekiji häsiýetini görkezýär. Gazagystanda ilatyň uly bölegi köp aýallylygy aýal-gyzlaryň ykdysady statusynyň gowşaklygy we opportunistik meýilleri bilen baglanyşdyrýan bolsa, beýleki bir topary meseläni ýurduň demografiki problemalarynda görýär, ýene bir topar ony dini däp-dessurlar we patriarhal zulum bilen baglanyşdyrýar. Professor Hélène Thibault-yň 2019-2020-nji ýyllarda geçiren söhbetdeşlikleri we gözlegleri biriniň ikijisi bolmak (gazakça “tokal” diýilýär) käbir aýallaryň gatnaşyklarynda öz garaşsyzlygyny saklamagyň bir ýoludygyny görkezýär.

Gazagystanda köp hojalyklarda gelinleriň gaýynlary barada alada etmegine garaşylýar we şeýle talaplar dürli düşünişmezliklere sebäp bolup bilýär. Bir tokalyň beren interwýusynda, maddy rahatlyk üçin adamsyna hyzmat etmegi we adaty gelniň roluny oýnamak islemeýändigini we “adaty ýuwaş gelin bolmakdan birniň oýnaşy bolmak has bagtlydygyny” aýtdy Bu garaýyş gazak onlaýn durmuşunda uly seslenme döretdi. Şeýlelik bilen, jemgyýetde biriniň ikinji aýaly bolmak bilen baglanyşykly stigma bar bolsa-da, käbir gazagystanly aýallar çäklendiriji we ýürekgysgynç durmuşdan gaça durmak üçin tokal bolmagy isleýärler. Söhbetdeşlige gatnaşan ýene bir tokal oýnaşynyň ene-atasy bilen ýaşamakdan ýüz öwürendigini belledi, sebäbi olaryň uborşitsasy (süpürijisi) bolmagy islemeýär.

Ýene biri: “Men egoist. Işim gaty kyn, köp jogapkärçiligim bar we işden soň gije ýeke özüm bolmagy isleýärin. Şahsy giňişlige, meniňki we beýlekileriň giňişligine hakykatdanam hormat goýyaryn. Meniň ýoldaşym näme üçin oňa uzyn gün SMS ýazmaýandygym bilen gyzyklanýar. Birinjiden, meniň işim, aladam kän, ikinjiden, adamlar özlerini erkin duýmalydyrlar. Aýal gün uzyn adamsyny biynjalyk etmeli däldir. Men gaty garaşsyz adam.”

Köp aýallylyk kanunlarda

Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan tapawutlylykda Gazagystanda köp aýallylyk jenaýat hasaplanylmaýar. Nika we maşgala kanunynda köp aýallyk gadagan edilse-de, jenaýat kodeksinde köp aýallylyk hakda hiç zat aýdylmaýar. Gazagystanyň jenaýat kodeksi 1998-nji ýylyň ýanwar aýynda üýtgedildi, şol wagt 1959-njy ýyldan bäri bar bolan “köp aýallylyk” baradaky madda aýryldy. Şeýle-de bolsa, Nikalaşmak we maşgala baradaky kanunyň 2-nji bölüminiň 11-nji maddasynda şahsyýetleriň biri resmi taýdan durmuşa çykan/öýlenen bolsa, döwletiň nikany bellige alyp bilmejekdigi (ZAGS-yň) bellenilýär. Ikinji nikany hasaba almagyň mümkin däldigi baradaky bu düzgünden başga, kanunda hiç zat birden köp partnýor bilen uzak möhletli maşgala gatnaşyklaryny dowam etdirýän erkekleri ýa-da aýallary aýratyn ýazgarmaýar ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekmeýär. Şonuň üçin birden köp aýaly ýa-da ýoldaşy bolany üçin hiç kim jogapkärçilige çekilip bilinmez.

Gazagystanyň hökümeti köp aýallylygy kadalaşdyrmak üçin has köp zat etmäge synanyşdy. 2001-nji ýylda Mejlisiň agzasy Amangeldy Aýtaly köp aýallylygy doly kanunlaşdyrjak maşgala we nikalaşmak baradaky kanuna üýtgetme girizdi, ýöne bu başlangyç ret edildi. 2008-nji ýylda geçirilen ikinji synanyşyk hem şowsuz boldy.

Bu kanuny näbellilik köp aýallylygyň ösmegine mümkinçilik döredýär. Bikanun häsiýetini göz öňünde tutsak, Gazagystanda bu hadysanyň derejesi barada ygtybarly statistika ýok, ýöne köp aýallylygyň gazagystanly maşgalalaryň 2% -ine degişlidigi çak edilýär. Hakykatdanam, 2013-nji ýylda Almatydaky iň uly metjidiň baş ruhanysy metjitde geçirilen yslam nikasynyň dabaralarynyň takmynan 10% -iniň tokala (ikinji aýal bilen nika) degişlidigini aýtdy.

Barlagdaky gyzykly netijeler we bellikler

  • Käbir adamlar köp aýallylygyň kanunlaşdyrylmagynyň ýa-da kadalaşmagynyň, ilat sany köpelýän hem bolsa, ýurduň demografiki meselesini çözüp biljekdigini öňe sürýärler.
  • Aýallar bilen deňeşdirilende ähli dinleriň arasynda esasan erkekler köp aýallylygyň kanunlaşdyrylmagyny makullaýar.
  • Köp aýallylyk hadysalaryň köpelmegi şeýle gatnaşyklary kanunlaşdyryp biljek çäkli yslam dininiň galkynyşynyň çäginde bolup geçýär. Gazagystanyň üç şäherinde (Almaty, Nur-Soltan we Gyzylorda) geçirilen 18 pikir soraşyk toparynyň arasynda 66 sany gatnaşyjynyň aglabasy köp aýallylygy yslam dini bilen baglanyşdyrdy we onuň kanunylaşdyrylmagyny din bilen häkimiýetiň bölünişiginiň islenilmeýän bozulmasy hökmünde belledi.
  • Nur-Soltanyň metjitlerinde durmuş gurýan maşgalalara 2017-nji ýylda Gazagystan musulmanlarynyň ruhy müdirligi (DUMK) tarapyndan gazak dilinde neşir edilen “Musulman maşgalasy” atly kitaby berilýär. Bu kitap jübütlere durmuş gurmak we çagalary yslam ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemek boýunça görkezmeler berýär. Kitabyň soňky bölüminde “Yslamda köp aýallylyk” atly bölüm, Gurhanyň haýsy aýatlarynyň köp aýallylyk nikany goldaýandygyny we esaslandyrýandygyny düşündirýär we halal köpaýally maşgala nika baglaşmak üçin görkezmeler berýär.
  • DUMK web sahypasynda tapylan başga bir elektron kitap, Hanafi akymynyň hak hukuklary laýyklykda nikany düzgünleşdirýän kadalary düşündirýär. Köp aýallylygy aklaýan sebäpler getirilýär: ýetimlere we dul aýallara ideg etmek, şeýle hem erkekleriň jyns isleglerini kanagatlandyrmak ýaly sebäpler. Hakykatdanam, kitap erkeklere we aýallara “är aýal gatnaşyklary sowaşan bolsa” köp aýallylygy göz öňünde tutmagy maslahat berýär.
  • Gazagystanyň resmi ruhanylary köp aýallylygyň kanunlaşdyrylmagyna aç-açan çagyryş etmeýärler, ýöne bu olaryň işine kömek eder diýip hasaplaýarlar. Şeýle-de bolsa, gözlegler Gazagystanda köp aýallylygyň diňe dini ynançlar bilen baglanyşykly däldigini görkezýär.

The Many Faces of Polygyny in Kazakhstan

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: