Progres.Online

Gazagystanda garyplygyň kemter hasabat berilmegi

Gazagystan sosial üpjünçilik ulgamyny üýtgedýär. Garyplar has gowy ýaşarlarmy?” atly hasabata görä, Gazagystanyň hökümeti resmi statistikalaryň ýurtdaky garyplaryň sanyny nädogry hasabat berendigini boýun aldy. Gazagystanda hasaba alnan hojalyklaryň ýarysyna golaýy erbet, krizisde we adatdan daşary ýagdaýdadygy mälim boldy.

Gazagystanda garyplyk derejesi

Gazagystanyň milli statistika býurosyna görä, 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde iň pes gazanç derejesinde ýaşaýan adamlar 5.3% boldy. Bu ýylyň başyndan bäri iň ýokary görkezijidir. Emma, resmi garyplyk derejesi şäherlerde pesräk (4%) we obalarda has ýokary (7.3%).

Ykdysady taýdan ösen şäherlerde we sebitlerde garyplaryň sany azrak. Meselem: Astanada 2.2%, Ulytauda 2%, Atyrauda 3.5%. Günorta sebitlerde pes girdeji gazanýanlar köpräk, ýagny Türküstanda – 9.1%, Şymkentde 7.2%.

Umuman, ýurtda resmi taýdan 1 million 34 müň adam garyp. Bu 2022-nji ýylyň başyndakydan 17% kän.

Garyplyk standartlary

2022-nji ýylda, Bütindünýä banky halkara aşa garyplyk derejesini adam başyna günlik $2.15 diýip kesgitledi. Gazagystanyň garyplyk derejesi günlik $2.36 bolup, Efiopiýa bilen Bangladeşiň arasynda ýer alýar.

Gazagystanda ýaşaýan ykdysatçysy Arman Beisembaýewiň aýtmagyna görä, Gazagystanyň garyplyk derejesini doly görkezýän dogry statistika elýetersiz we resmi hasabatlar kemter berilýär. Hökümet adamlaryň aýlygy iň pes aýlykdan birneme ýokary bolanlary garyp däl diýip hasabat berýär. Döwlet şol adamlary ortaça girdejili raýat hasaplaýar, ýöne maşgalanyň iň pes aýlyk bilen güzeran aýlamagy juda kyn. Resmi garyplyk statistikasynyň hakykata laýyk gelmezliginiň ýene bir sebäbi raýatlaryň döwlet edaralaryna ynamsyzlygydyr.

Çözgüt näme?

Mätäçlere kömek etmek üçin uzak möhletli strategiýa, ýagny “sosial kodeks” işlenilip düzüldi. Parlamentiň ýedinji çagyryşynda käbir deputatlar taslama bilen tanyşdylar hem-de taslamanyň kemter we peýdasyzdygyny aýtdylar. Deputatlar garyplara kömek puluny bermek mehanizmini täzeden gözden geçirmegiň ýetmezçilik edýänligi sebäpli kodeksi tankyt etdiler. Bu Gazagystanyň sosial üpjünçilik ulgamynyň esasy kemçiliklerinden biridir.

Gazagystan garyplyk çägini kesgitlemekde täze çemeleşmeleri ulanmagy meýilleşdirýär. Ýöne, ol diňe 2025-nji ýylda amala aşyrylar. Garyplyk ýagdaýyny gowulandyrmak üçin täze kodeksi we onuň ýerine ýetirilişini ýamaşgan gözden geçirmek zerurdyr.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: