Progres.Online

Gazagystanda femisidiň sebäplerine syn

Gazagystanda hökümet derejesinde korrupsiýa, jeza berilmezlik, býurokratiýa we garyndaşparazlyk soňky döwürde aýal-gyzlara duşmançylykly, ýigrenç bilen çemeleşmegiň düýpli ýokarlanmagynyň düşündirişi bolup biler. 30 ýyla golaý wagt bäri döwlet edaralarynyň ähli derejelerinde yzygiderli we “hroniki” korrupsiýanyň ýaýramagynyň netijesinde ýurduň syýasy, sosial, adalat we hukuk goraýjy ulgamlary gowşady. Gazagystanda aýal-gyzlara garşy zorlugyň we femisidiň köpelmeginiň esasy sebäpleri: taryhy patriarhiýa, jyns deňsizligi, diniň täsiri, erkekleriň aýallardan ykdysady agdyklygy, korrumpirlenen we býurokratik hökümet, garyndaşparazlyk we ýurtdaky jezasyzlyk bolup durýar.

“Femisid” termini “aýalyň öldürilmegi” we “aýallaryň aýal bolandygy sebäpli öldürilmegi” (BMG-nyň Neşe serişdelerine garşy göreş we jenaýat gullugy 2018) diýip kesgitlenilýär.

Aýal-gyzlara garşy zorluk dünýäde ösen we ösüp barýan ýurtlarda, konserwatiw we liberal jemgyýetlerde, şäher we oba ýerlerinde ýüze çykýan ählumumy meseledir. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG 2017) hasabatyna görä, dünýäde her üç aýalyň biri fiziki ýa-da jynsy zorlugy başdan geçirdi. Bütin dünýäde aýal-gyzlaryň öldürilmeginiň 38% -i ýoldaşy tarapyndan amala aşyrylýar. Pidanyň we agressoryň ikisiniňem hem bilim derejesi pes, çagalyk döwründe kemsidilse, ejeleri zorlugyň pidasy, spirtli içgileri we neşe serişdelerini ulanýan, psihiki saglygy meselesi bar bolan ýa-da “erkekleriň artykmaçlygy” mentalitetine eýerýän ýagdaýlarynda, jyns esasly zorluga gatnaşma ähtimallygy ýokary bolýar.

Gabanjaňlyk, terk edilip ýeke galmak gorkusy, aýallary ýençmek we akyl saglygy problemalary aýallaryň öldürilmeginiň esasy görkezijileri hökmünde ykrar edildi (Liem, Gen we Koenraadt 2007). Gazagystanda jemgyýetçilik pikirini öwreniş merkeziniň geçiren gözlegleri, adam öldürmäge alyp barýan agressiýany maliýe kynçylyklar, durnuksyzlyk, maşgala dawalaryny çözüp bilmezlik we iş sebäpli ýadawlyk (CIOM 2018) ýaly sosial sebäpler bilen düşündirilýändigini görkezýär.

Pandemiýadan öň we dowamynda aýal öldürmeginiň derejesi

Soňky birnäçe ýylda Gazagystanda aýallaryň häzirki ýa-da öňki ärleri tarapyndan öldürilýändigi barada habarlar ýygy-ýygydan ýaýraýar. Içeri işler ministrligi we Respublikanyň Baş prokuraturasy tarapyndan berlen statistikalara görä, 2018-nji ýylda aýallara garşy öýdäki zorlugynyň derejesi 103,7% ýokarlandy we 2015-nji ýyldan bäri aýal-gyzlara garşy jenaýatyň umumy sany 90% ýokarlandy. Her ýylda 400 aýal öldürülýär (Mamyrhanowa 2019). Mundan başga-da, saglyk ýagdaýy we maşgalada başdan geçirýän emosional we fiziki sütemleri sebäpli “haýal ölüme” sezewar bolan müňlerçe aýal-gyzlar goşulmalydyr (Fergana 2019; EXPO & Women 2020).

Gazagystanyň Içeri işler ministri Erlan Turgumbaýew 2020-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen metbugat ýygnagynda karantin başlany bäri üç aýyň içinde maşgaladaky zorlugyň 25% ýokarlanandygyny aýtdy (Rahmetow 2020).

Gazagystandaky femisidler ýurduň aýal-gyzlarynyň näderejede ejizdigini paş etdi: ne jemgyýet, ne-de hökümet aýal-gyzlary zorlukdan we sütemden goramak üçin ýeterlik we adalatly goraglylygy üpjün edip bilýär. Sosial mediada we ýerli telewideniýe gepleşiklerinde geçirilen birnäçe çekeleşikde gazagystanly aýal-gyzlarynyň özlerini howpsuz duýmaýandygynyň we hukuklaryna hormat goýulmaýandygynyň sebäpleri öwrenildi. Gadymy taryhyň we geografiýanyň gazagystanly aýallaryň häzirki ornuna täsir edendigi öňe sürülýär, ýöne bu faktorlaryň soňky taryhy wakalara garanyňda meseläniň gowşak düşündirişi ýaly görünýär.

Kanunlar we hakyky pikirleniş

Teoretiki taýdanGazagystan gender meselelerini çözmekde we aýal-gyzlaryň erkini güýçlendirmek meselesinde dogry ýolda ýaly bolup görünýär. Feminist aktiwisti we Gazagystanyň Aýal-gyzlar mugallymlary taýýarlaýyş uniwersitetiniň Ylym we innowasiýa bölüminiň müdiri Swetlana Şakirowa görä patriarhal hökümet işgärleri halkara guramalarynyň gender deňligi syýasatyny ýerli däp-dessur gymmatlyklaryna çapraz gelýär diýip hasaplaýarlar, ýöne muňa garamazdan, olary dowam etdirmek üçin borçlaryny duýýarlar. Hökümet BMG-a agzalygy gazanmagy we halkara jemgyýetçiliginiň öňünde “demokratik we dünýewi döwlet” hökmünde görülmegi isleýär (Şakirowa 2013).

Häzirki Gazagystanda aýallaryň ýüzbe-ýüz bolýan esasy meselesi jyns esasly diskriminasiýa we maşgalalaly zenan zähmetkeşlerine garşy diskriminasiýa bolup durýar. Bu bolsa, zenanlaryň ýokary aýlykly işlerde bolmazlygyna, zenanlaryň işsizligine we garyplygyna sebäp bolýar. Post-Sowet ýurtlarynda göwreli enelere we ýaş çagalaryň enelerine garşy diskirminasiýa giňden ýaýrandyr (Hamzina we başg. 2020).

Zenanlar = eneler

Hökümet “ene bolmagy, eneligiň” sosial syýasatynyň merkezinde goýup, gender deňsizligini we jyns esasly zähmet bölünişigini güýçlendirýär. Mysal üçin, 2006-2016-njy ýyllarda Prezident administrasiýasy tarapyndan çykarylan Gazagystan Respublikasynyň gender deňligi boýunça strategiýada aýallar ýaş nesliň ahlak terbiýeçisi hökmünde kabul edilýär we “enelik” ýaş milletiň abadan geljeginiň açary hökmünde nygtalýar (Akorda 2005). Hökümet ilaty köpeltmek maksady bilen (Kapital 2020) dörtden köp çagany terbiýeleýän aýallara aýlyk tölegler ýaly pronatalist (adamlary çaga edinmäge höweslendirmek syýasaty) we enäni goldaýan syýasatlary girizdi. Jemgyýetde aýal-gyzlaryň çaga dünýä inenden soň işden rugsat almak ýa-da işini taşlamak, kakalaryň bolsa durmuşlaryny adaty ýagdaýda dowam etdirmegine garaşylýar Enelik rugsadynyň tölegleriniň ýeterlik däldigi, bu syýasatyň patriarhal esaslaryna subutnama bolup biler, sebäbi ene-atalyk rugsadyny alýan aýallaryň, maddy taýdan goldaw berip biljek ýokary aýlykly ekleýjileriniň bardygyny aňladýar.

Zenan mugallymlar, zenan hyzmatkärler

Mundan başga-da, aýallar az aýlykly, ýarym günlük we hyzmat pudagyndaky işlerde agdyklyk edýär. Zähmet bazaryndaky ýokary derejeli ýolbaşçy we karar beriş wezipelerinde esasan erkekler işleýär. Mysal üçin, saglyk, bilim we jemgyýetçilik hyzmatlary pudagynda işleýän işgärleriň 70% -den gowragy aýallardyr (Buribaýew we Hamzina 2019). 2016-njy ýylda aýallar Mejlisiň 22% -ini emele getirdi we bank pudagynda ýerine ýetiriji işleriň 24% -ini eýeledi (Gazagystanyň Milli Ykdysadyýet ministrligi 2017). Mejlisde we hukuk goraýjy edaralarda erkek wekilleriniň agdyklyk etmegi “erkek raýdaşlygy” diýlip atlandyrylýan ýagdaýy döredýär we sosial syýasat programmalary düzülende aýallaryň zerurlyklaryna düşünmek we olar barada pikir etmek üçin az ýer galdyrýar. Mysal üçin, maşgaladaky zorluk Gazagystanda jenaýat işi hökmünde garalmaýar we jenaýatkärler jenaýat jogapkärçiligine çekilmeýär; tersine, zulumkäre diňe duýduryş berilýär ýa-da ol 10-15 gün tussag edilýär (Sputnik 2020). Maşgala zorlugy üçin jenaýat işiniň bolmazlygy aýallaryň çekýän jebirlerine we şikeslerine äsgermezçilik edýär. Aýlyklaryň aratapawudy hem bar: aýallar erkek kärdeşlerinden ep-esli az gazanýarlar. Gazagystanyň Milli Ykdysadyýet ministrliginiň (2017) hasabatyna görä, aýallar ortaça erkeklerden 31,4% az gazanýar.

Ata-babalaryň pähimleri

Netijede, patriarhal gymmatlyklar we aýallara edilýän zulum gazak jemgyýetinde has giň ýaýrady. “Pidany günäkärlemek” mentaliteti agdyklyk edýär, esasanam oba ýerlerinde aýal-gyzlaryň pida bolmagyna prowokasiýa we boýun egmezlik hökmünde “pida rehimsizlige mynasyp” diýip garalýar. Gazak maşgalasyndaky gelinlere “özüni erbet alyp barýan gelni günäkärlemeli däl, ene-atasy günäkär bolmaly” ýaly meşhur ata-babalaryň jümlesi bilen duýduryş berilýär. “Gelne başdan terbiýe bermeli “,” Gelni suw ýaly siňdirilmeli we täze maşgalasynda daş ýaly gark bolmaly “,”Gelni adamsynyň garyndaşlaryny begendirmek maksady bilen durmuşa çykýar, özini däl ” we “Doganlaryň arasynda dawa bolsa aýallarynda günä bar” (Kudaibergenowa 2018). Bu nakyllar, zenany biriniň gelni bolanyndan başlap, adamsynyň maşgalasyna hyzmatkär hökmünde goşulup, maşgaladaky kynçylyklar üçin jogapkärçiligi çekmegi garaşylýandygyndan habar berýär.

Mundan başga-da, jemgyýet we hatda polisiýa işgärleri maşgaladaky zorlugy “maşgalanyň içindäki” mesele diýip hasaplaýar we aýallary agressiw ýoldaşlaryndan goramak üçin hiç hili çäre görmeýärler. Bu biperwaýlyk yzygiderli fiziki şikeslere we hatda aýallaryň ölümine hem sebäp bolýar.

Bellenilen pikirlerden çen tutsak, gazagystanly aýal-gyzlaryň maddy taýdan ejizligi, ärine bolan maddy garaşlylygy we patriarhal däp-dessurlaryň dikelmegi bilen femisidiň barglanşygy bolup biler.

Şeýle-de bolsa, ykdysady we medeni faktorlar meseläniň diňe bir bölegini düşündirýär

Korrupsiýa, jezasyzlyk, býurokratiýa we garyndaşparazlyk ýaly hökümetiň gowşak taraplary zenan raýatlara garşy edilen jenaýatlaryň artmagyna sebäp bolýar. Parahorluk esasanam kazyýet we polisiýa ulgamlarynda giňden ýaýran. Jenaýatkärleriň kazylara we polisiýa işgärlerine pul tölemek bilen adalatly kazyýet işinden, jezadan gaça durmagyna kän duş gelip bolýar. Gender deňligi boýunça bilermen we öýdaki zorlugyň pidalary üçin Alaşa gaçybatalgasynyň müdiri Margarita Uskembaýewanyň belleýşi ýaly: “Jenaýatkärler polisiýany we lukmanlary satyn alýarlar. Bu ýerde hemme zat satylýar, “erkek raýdaşlygy” hem satuwda (Seýdakmetowa 2018).

Awtor: Moldir Kabylowa, Examining the Causes of Femicide in Kazakhstan

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: