Din barada ýazmak çylşyrymly iş bolup, aýratyn çemeleşmäni talap edýär. Žurnalistleriň obýektiwligi saklamagy we esassyz pikirlerden gaça durmagy möhümdir.
Merkezi Aziýada ençeme etniki we dini toparlar ýaşaýar. Şol sebäpli din temasy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu meseläniň ähmiýetine we ynjyklygyna düşünmek ekspertleri “Dini azatlyk we dinleriň dürlüligi temalarynda media kontentleri taýýarlamak boýunça Goldanma” döretmäge höweslendirdi. Taslamanyň awtorlaryndan biri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty we media tälimçisi Maral Aitmagambetowa žurnalistleriň işinde ýüze çykyp biljek gizlin howplar we olardan nädip gaça durmak barada CABAR.asia gürrüň berdi.
CABAR.asia: Žurnalist üçin din hakynda professional gürlemek nämäni aňladýar? Bu dindar bolmagy aňladýarmy?
Maral Aitmagambetowa: Ýok. Çünki, din temasynda ýokary hilli kontent döretmek obýektiwligi göz öňünde tutýar. Žurnalistiň özüne bermeli ilkinji soragy: “Material ýazanymda nädip obýektiw bolup bilerin?”. Şeýle ynjyk temada makala ýazmakdan ýüz öwürmegiň sebäpleriniň biri žurnalistiň özi-de biçak dindar bolmagy we bu ýagdaý žurnalistiň bitarap beýan etmegini böwetläp biler. Eger dini amallary we ähli dini adatlary ýerine ýetirýän adam bolsaňyz işiňizde başga meseleleri ýazmalysyňyz.
Mediýada dini temalar barada aýdylanda haýsy ýörelgelere we ahlak standartlaryna eýermeli?
Hil taýdan ýokary žurnalistikanyň standartlary üýtgemeýär, olar mowzuga bagly bolmaýar. Etiki ýörelgelere eýermek we dürli nukdaýnazarlary görkezmek ukyby islendik žurnalistik materialyň özenini düzýär. Ynanyjylaryň duýgularyna hormat goýmaly, dünýewi çemeleşmäni saklamaly we tarapgöýlikden gaça durmaly. Žurnalistik tekstdäki dünýewilik dini sitatalary ret etmek bilen (mysal üçin: dini dogmalara salgylanmak, dini kanunlary düşündirmek) görkezilýär. Dünýewilik tarapsyzlyk arkaly amala aşyrylýar. Okyjylaryň saýlamak azatlygy we öz ynançlaryny, şol sanda dinini seçmek erkinligi bolmaly.
Žurnalistiň başarnygy, ýagny adamlar bilen nä derejede gowy baş edýänligi, medeniýetler we dinler arasyndaky özara gatnaşyklar barada ýazmak tejribesiniň, gapma-garşylyklara garşy ynjyk temalarda žurnalistlik ukyby bolmagy möhüm. Bular adamda bolup biljek iň şahsy zatlary – gymmatlyklary, ynançlary we imany hakda söhbetdeşlikdir. Dini temalary açanyňyzda aşa dramadan gaça durmak wajyp. Okyjylaryň ünsüni özüne çekmek üçin temadan daşary many çykarmaň we subýetktiw bahalandyrma ulanmaň.
Emma hadysalara we ýagdaýlara baha bermek zerur. Olara kim baha bermeli?
Bahalandyrmalar, düşündirişler, netijeler – bularyň ählisi žurnalistler tarapyndan däl-de, ekspertler tarapyndan berilmeli. Dini adalgalary dogry ulanmak möhüm. Ýalňyşlyklar diňe bir maglumatlaryň ýoýulmagyna däl, eýsem temanyň ynjyklygy zerarly dindarlaryň duýgularyny kemsidip we sosial dartgynlygy ýokarlandyryp biler. Şol sebäpli din baradaky hekaýalar/gürrüňler köplenç hem jemgyýetiň hem häkimiýetleriň ünsüni özüne çekýär.
Žurnalist dini jemagatlary we amallary beýan edende esassyz pikirlerden we stereotiplerden nädip gaça durup biler?
Stereotipler we esassyz pikirler dini azatlyk baradaky žurnalistik makalalarda ýok edilmeli zatlar. Dini jemagatlaryň durmuşy, bu ýa-da beýleki dine uýýan adamlar hakynda gürrüňler köpdürlüligimiz barada söhbetlerdir. Ynjyk temalarda kontent döretmegiň bir usuly hekaýa ýazmakdyr. Haýsyda bolsa bir dine uýýan adamlar barada ýazmak has gowy. Bu dinler arasyndaky gepleşikleri ösdürer. Parahatçylyk žurnalistikasy diýen konsepiýa bar. Bu materialyň adamlary diskriminasiýa etmek ýaly aýyrman, eýsem biri-birine ýakylaşdyrmagydyr. Başga bir din hakynda bir adamyň hekaýasy esasynda ýazylan materialy okanyňda, şol (başga dinli) adamyň garaýyşlarynyň we ynançlarynyň saňa ýakyndygyna düşünýärsiň. Dürli dinlerde gymmatlyklaryň köpüsi muwapyk. Mysal hökmünde “Hijabyň (baş örtgüsi) arkasyndaky arzuwlar” žurnalistik taslamasyny aýdyp bilerin. Taslama adamlary biri-birine has ýakynlaşdyrýar, gymmatlyklaryň umumylygyny, hususan-da belli jemgyýetler arkaly aýallaryň gymmatlyklaryny görkezýär.
Dini temalar barada materiallar çap edilende haýsy kanunlar göz öňünde tutmaly?
Žurnalistler üçin öz ýurtlarynda dini düzgünleşdirýän esasy kanunlary bilmek wajyp. Materiallar taýýarlanyňyzda gadagan edilen guramalaryň sanawlaryny barlaň. Žurnalistler şol gurmalaryň haýsydyr biri barada beýan edenlerinde guramanyň statusyny görkezmeli. Olar dini propaganda, dini we dinler arasynda ýigrenji öjükdirmäge rugsat berilmeýänligini aklynda tutmaly.
Bu kontekstde propaganda we ýigrenji öjükdirmek nämäni aňladýar?
Propagandanyň mysaly bolup biljek materiallar ruhanylar bilen döredilen hekaýalar bolup, olaryň žurnalist bilen geçiren söhbetdeşligi şahsy ynançlaryna we okyjyny ýa-da diňleýjini öz dinine çekmek islegine esaslanýar. Şeýlelikde, neşir wagyz-nesihata öwrülýär.
Jenaýat barada maglumat berlende material üçin juda zerur bolmasa, jenaýatçynyň dini degişliligini görkezmeli däl. Biz köplenç dini degişliligiň belli bir bikanun hereket bilen baglanyşdyrylýandygyny görýäris. Bu dini ýigrenji öjükdirmäge ýardam edýär. Tomaşaçylaryň aňynda: “eger bir adam bu dine uýýan bolsa, ol adam jenaýatçy diýmekdir” diýen baglanyşygy döredýär. Bu diňe bir din meselesinde däl, eýsem migrasiýa we gender meselelerinde hem şeýledir.
Žurnalistler başga nämelerden gaça durmaly?
“Hudaýsyz adam”, “takwa (fanatik)”, “sekta”, “adaty däl hereket” ýaly emisional taýdan täsirli dili we baha beriji sözlerden gaça duruň. “Sekta” sözüniň aslynda negatiw manysy ýok. Sekta – bu bir zadyň bir bölegi. Uly dini hereket bar we onuň bir bölegi aýrylyp, sekta boldy.
Ygtybarly çeşmelerden, statistikalary, sanlary we ýokarda belläp geçişim ýaly ygtybarly ekspertleriň barlan maglumatlaryny ulanmaly. Barlamak möhümdir – kanuny nukdaýnazardan haýsydyr bir bozulmanyň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlamak üçin materialy hukukça görkeziň. Materialyňyz dinler ýa-da dinler arasyndaky gatnaşyklara degişlidigini bilýän bolsaňyz, adalgalaryň we jikme-jiklikleriň dogrulygyny barlatmak üçin teksti dini alymlara görkezip bilersiňiz.
Bu ynjyk ugurda dogry eksperti nädip saýlamaly?
Ekspertler dini alymlar, dini we hukuk meselelerini öwrenýän hukukçylar, psihologlar, dini jemagatlaryň ýolbaşçylary, resmiler, dini işler boýunça edaranyň wekilleri bolup bilerler. Dini alymlar dürli dinleriň aýratynlyklaryny öwrenýärler we umumylaşdyryp suratlandyrýarlar. Teologlar belli bir dini öwrenýärler. Umuman, bu dini amal edip din bilen meşgullanýan adamdyr.
Žurnalistiň hünär ussatlyklaryndan biri bu ugurda esasy ekspertleriň sanawynyň depderçesinde bolmagy we olar bilen aragatnaşyk saklamagy. Žurnalist täze çykyş edijileri hem gözlemeli, ýöne “ekspertler” diýip atlandyrylýanlaryň ygtybarlylygyny barlamak (käri, bilimi, tejribesi) jogapkärçiligini unutmaň. Müňlerçe yzarlaýyjylaryň bolmagy ol hünärmeniň ukyplydygyny hemişe görkezmeýär.
Çeşme:
Казахстан: как корректно освещать темы, связанные с религией