Progres.Online

Elektron haklary hünärmeni: “Hytaý Merkezi Aziýada awtoritar sanly ulgam modelini ulanýar”

Hytaýa esaslanýan sanly infrastruktura döretmegi maksat edinýän HHR “Sanly Ýüpek Ýoly” taslamasy Merkezi aziýa hökümetleriniň ilata gözegçilik etmegine mümkinçilik döreder. Onlaýn adam haklaryny bozma meseleleri Almatada geçirlen “Ýewraziýadaky özgeriş pursatlary: Merkezi Aziýadaky geosyýasat, ykdysadyýet we raýat jemgyýetleri” atly halkara konferensiýada ara alyp maslahatlaşyldy. RFI-niň soraglaryna Aziýa ýurtlaryndaky elektron haklar baradaky hünärmen Swetlana Zens jogap berdi.

RFI: HHR uly infrastruktura taslamalaryna bolşy ýaly Merkezi Aziýa ýurtlarynda sanly tehnologiýa ulgamyna hem işjeň maýa goýumlary edip başlady. Köpçülikde ýüzleri saýgaryp bilýän tehnologiýalary bolan we ABŞ tarapyndan sanksiýa goýulan Hikvision hytaý kompaniýasy Gazagystanyň uly şäherlerini öz önümleri bilen üpjin edýär. Huawei bolsa birnäçe ýyl mundan öň Gazagystanyň her 10 kişiden sekizsine internet birikdirýärdi. Muňa meňzeş mysallar gaty köp.

Swetlana Zens: Soňky ýyllarda Hytaý Halk Respublikasy hakykatdan hem sebitiň aragatnaşyk we sanly tehnologiýa ulgamyna işjeň maýa goýumlary edýär. Bir tarapdan bu internet we mobil priloženiýa elýeterliligini artdyrmaga ýardam edýär. Beýleki tarapdan bolsa, hytaý maýa goýumlarynyň artmagy adam hukularyny gorama, gizlinligi saklama, sanly ulgamdaky howupsyzlygy we söz azatlygy babatynda çekinjeňlik döredýär. Hytaý Merkezi Aziýada awtoritar sanly ulgam modelini ulanýar. Bu gurluş bolsa maglumatlaryň daşyndan gelmegine we içerden gitmegine päsgelçilik berýär. We bu model hytaý maýa goýumlarynyň girýän ýurtlarynda ulanylýar.

“Akylly şäherler”, Hytaýy 2025-nji ýyla çenli dünýäniň öňdebaryjy äpet tehnologik döwlete öwürmek üçin 2015-nji ýylda kesgitlenen strategiýanyň bir bölegidir. Hytaýa esaslanýan sanly infrastrukturanyň döredilmegi nämäni aňladýar?

Meselem, maglumat platformalara we sosial mediýa basgy bar. Umuman adam hukuklaryny we elektronik giňişlikde bu ýörelgeleri berjaý etmeýän örän meşhur hytaý sosial mediýalary bar. Eger käbir maglumatlary peteklemek talap edilse, olar HHR-nyň buýrugyny berjaý edýärler. We bu diňe Hytaýyň territoriýasynda däl, şol bir wagtyň özünde bu platformalary ulanýan raýat jemgyýetleriniň ýurtlarynyň territoriýasynda hem şeýledir.

Elbetde, syýasy taýdan täsirli düzümi bolan mowzuklary senzurlamak (öňüni almak) we bütindünýä möçberinde ýurt baradaky maglumatlaryň çäklendirilmegi-de Merkezi Aziýa täsir edýän sebäplerden biridir. Şu ýerde munyň turizm ýada ýurduň taryhy hakyndaky maglumtalar däldigini takyklamalydyr. Bu esasan hem ýurduň içinde bolup geçýän wakalar, adam haklarynyň bozulmagy, hukuk goraýjylaryň haklary, tussaglar we ezýetler baradaky maglumatlardyr. Ýada belki täze hökümet dolandyryş şekillerini öňe sürmek isleýän syýasy partiýalar bolup biler. Ýöne bu maglumatlar ýurdyň çäginden daşary çykmaýar. Olar güýçli dereje saýhallanýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kanunlary bu howplara nähili garşy durup bilýär?

Şeýle platformalaryň aýratynlygy adam hukuklaryny goramagy wada etmeýärler. Olary diňe örän berk kaunlar bilen jogapkärçilige çekip bolýar. Ýewropada şeýle kanunlar bar. Ýaňy-ýakynda Ýewropa parlamenti sanly hyzmatlaryň sazlanmagy barada kanun (Digital Services Act) çykardy we oňa görä şeýle platformalar onlaýn giňişlikde adam haklaryny nähili goraýandyklary barada hasabat bermäge borçludyr.

Emma Merkezi Aziýa ýurtlaryna beýle kanunlar ýok. Hatda şahsy maglumatlaryň, täsirli maglumatlaryň gizlinligini saklamak we maglumatlary goraýan kanunlar hem sebitdäki her ýurtda ýokdyr. Şeýle maglumat gorama kanuny bolsada, ol şahsy maglumatlaryň goralmagy, gizlinlik haklary ýada maglumatlara ygtyýar berilme meseleleri halkara standartlaryna (ölçeg) gabat gelmeýär.

Adam haklarynyň goragçysy (HRW) hytaýyň CEIEC (Hytaýyň Milli elektron import we eksport korporasiýasy) kompaniýasy tarapyndan Gyrgyzystanda wideo gözegçilik ulgamynyň gurulmagy barada resmi beýannama bilen çykyş etdi. Hukuk goraýjylar Merkezi Aziýada ýygnanan maglumatlaryň gidýän ýeriniň näbelliliginden biynjalyk bolýarlar. Has dogrusy Hytaýa gidýändir öýdüp çaklaýarlar. Bu maglumtlaryň ýagdaýy barada habar barmy?

HHR maglumatlary dürli-dürli maksatlar üçin ýygnaýar – bu ýurtlaryň ilatyna gözegçilik etmek, öz ideologiýasyny (aňyýet) öňe sürmek we iş alyp barmak. Eger ilatyň belli bir häsiýetlerini bilseňiz, olara näme hödürlejegiňizi hem bilersiňiz.

“Adam haklary we gizlinligi gorama nukdaýnazaryndan bu örän howply zat, sebäbi bu maglumatlaryň nirä gidýandigi näbelli. Bu maglumatlary ýygnaýan kompaniýalar gaty gümürtik, jemgyýetçilik toplumlary bilen hiç hili aragatnaşygy ýok.”

Hytaý Halk Respublikasynyň Merkezi Aziýada işleýän tehnologik kompaniýalaryna uly täsiri bar. Olarda bolsa şahsyň razylygy bolmasada onuň ýüzüni anyklamak we biometriki maglumatlaryny almaga mümkinçilik döredýän tehnologiýalar bardyr. Şeýle-de halkyň kiber howpsuzlyk we kiber arassaçylyk baradaky umumy sowatlylygy entegem örän pes. Adamlar munuň nämedigine doly düşünmeýärler, diňe hökümet işleri we möhüm howupsyzlyk ýagdaýlaryna degişlidir öýdýärler. Aslynda bu adaty ýagdaý. Adamlara haýsy tehnologiýalary ulanmaly we haýsylaryndan uzak durmalydygyny düşündirmeli.

Şoňa görä, bu adamlara mundan beýläk gözegçilik etme mümkinçiligi döredýär. Köplenç olar awtoritar häkimýete halamaýan adamalar – mysal üçin hukuk goraýjylar.

Gürrüň haýsy kompaniýalar barada? Ýerlimi?

Olar Hytaý kompaniýalarynyň ygtyýarnamasy bilen işleýän ýerli şereketler bolup biler. Meselem, kamera satýan dükan açdyňyz. Kamera satýaňyz emma emeli aň (AI) tehnologiýasyna, ýüz hatda göz setçatkasyny tanaýan tehnologiýalary bolan gurnaýjylar bilen şertnama baglanyşyp bilersiňiz. Ýagny bu şeýle bir güýçli tehnologiýa welin ýüzde maska bolsada tanap bilýär. Elbetde bu biynjalyklyk döredýär. Bular hytaý kompaniýalary bolup biler. Hikvisionuň ýüz tanama we emeli aň (AI) ýaly aýratynlykly kameralary bar. ZTE-niň telearagatnaşyk we priloženiýa enjamlary bar. Huaweide bolsa ikisem bar (Huawei tehnologiýasy zähmet lagerlerine ýada hytaýdaky uýgurlaryň “aňyýetini täzeden terbiýelemäge” gatnaşan bolup biler – RFI).

Işiň maddy tarapy hem örän wajyp, çünki bu tehnologiýalar günbataryň önümlerinden has arzan we olaryň gurma işleri örän az wagt alýar.

Üstesinede hökümetler maglumatlaryň nirä gidýändigi we gizlin maglumatlaryň ýurduň çäginde galmagy üçin nähili şertnamalary baglanşmaly diýen soraglara jogap berip bilenoklar.

Bularyň ählisi Merkezi Aziýa üçin örän möhüm we aktual meselelerdir. Raýat jemgyýetleri bu hakynda çynlakaý pikirlenmeli, elektron strategiýasyny ösdürmeli, adamlara düşündirmeli we bu tehnologiýalar bilen üpjin edýän şereketleriň halkara hukuk standartlaryna laýyk, ahlaky we aýdyňlygyna göz ýetirmeli.

Çeşme: RFI

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: