2023-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Uruş we parahatçylyk reportažlary institutynyň (UPRI) Merkezi Aziýadaky wekilhanasy we Ýewropanyň howpsuzlygy öwreniş merkezi (CESS) Russiýanyň propagandasynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky täsirine bagyşlanan halkara ekspertleriň duşuşygyny gurady. Duşyşykda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, Ukrainadan we Ýewropadan gelen bilermenler rus propagandasynyň sebitde nähili emele gelýändigi we raýatlaryň olary nähili kabul edilýändigi barada ekspert seljermelerini beýan etdiler.
Ekspertleriň duşuşykdaky çykyşlary we seljermeleri:
UPRI-niň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň direktory Abakhon Sultonazarow sebitde bolup geçýän wakalary obýektiw seljermekde analitikleriň bilen žurnalistleriň arasynda gepleşikleri geçirmegiň möhümdigini aýtdy.
Groningen uniwersitetiniň mediýa we žurnalistika ylymlary merkeziniň dosenti we Ýewropa – Merkezi Aziýa monitoringiniň (EUCAM) gözlegçi alymy Dr. Raşid Gabdulhakow UPRI gözleg topary we CESS-iň EUCAM maksatnamasy tarapyndan ýazylan barlagy tanyşdyrdy. Barlagyň awtorlary Russiýa Federasiýasynyň telewizorlar, onlaýn mediýalar we gazetler ýaly esasy kanallar arkaly Merkezi Aziýada propagandalar edýändigini ýüze çykardylar. Barlagyň esasy netijeleri şulardan ybarat:
- Merkezi Aziýa döwletleriniň Russiýadan daşlaşmak we jemgyýetiň “dekolonizasiýa” hereketlerini goldamak synanyşyklary Russiýa tarapyndan howp hökmünde kabul edilýär.
- Russiýa günbatary “ahlaksyz” görkezýär, Russiýany bolsa ruhy we däp bolan gymmatlyklary eýeriji “ahlakly” ýurt hökmünde beýan edýär.
- Russiýa mediýada özüni Merkezi Aziýa döwletlerine maliýe, material, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet bergisini geçýän ýa-da migrant işçileri kabul edýän ýurt hökmünde görkezýär.
- Mediýada syýasy taýdan tapdan gaçan GDA Russiýa bilen öňki SSSR ýurtlaryň arasyndaky gatnaşygyň täsirli mehanizmi hökmünde şekillendirilýär.
Gabdulhakowyň bellemegine görä, sosial mediýa algoritmleri adamlaryň maglumatlary almagyna we düşünjelerine täsir edýär. Adamlaryň öýde, işde we onlaýn gurşawda öz düşünjesine gabat gelýän şol bir maglumatlar halkasynda batyp galmak töwekgelçiligi bar. Habarlary teklip edýän algoritimleriň täze mehanizmi adamlaryň dünýä barada alternatiw garaýyşlary hödürläp biler.
Kamila Smagulowa Russiýanyň propagandasynyň täsiri barada toplumlaýyn barlaglaryň ýetmezilik edýändigini aýtdy. Smagulowagörä, gazak jemgyýetindedekolonizasiýa hereketini goldaýanlar we Russiýanyň tarapdarlary bolan iki sany gapma-garşy pikirler döredi. Kazagystanda ulgamlaýyn deňagramsyzlyk bolup, gazagystanlylaryň aglabasy henizem rus dilindäki maglumatlary ulanýarlar. Rus dilini bilmek bolsa adama artykmaçlyk berýär.
Rus onlaýn mediýalarynyň Gazagystanyň garaşsyz mediýalarynyň döwlet dili bolan gazak dilini ulanmagyny stigmalaşdyrmagy (biabraýçylyk) we ony “milletçilik” diýip kesgitlemegi güýçlenýär. Şeýle-de, Russiýanyň tarapdary bolan mediýalar şäherleriň we ýurtlaryň adyny sowet döwründäki atlary bilen ulanmagy (Meselem: Gyrgyzystanyň ýerine Kirgiziýa, Almaty diýmegiň ýerine Alma-Ata) polýarlaşmagyň (pikirleriň ýa toparlaryň gapma-garşy iki topara bölünmegi) adaty mysalydyr. Bu jemgyýetdäki gapma-garşylyklary ýaramazlaşdyrýar. Gazagystanyň aktiwistleri şeýle atlaryň ulanylmagyna garşy çykýarlar.
Smagulowanyň aýtmagyna görä, Russiýanyň ýene bir propagandasy LGBT adamlara we Gazagystandaky feminist hereketlere garşy ýigrençli dili ýaýratmakdyr.
“Detector Media” atly jemgyýetçilik guramanyň guramanyň (Ukraina, Kiýew) ýolbaşçysy Galina Petrenko öz çykyşynda rus propagandasynyň demokratik jemgyýetlere saýlawlara gatyşmagy barada belledi. Petrenko muňa mysal hökmünde, Slowakiýanyň parlament saýlawlarynda rus propagandasy “Russiýanyň urşa başlamagy günbatar tarapyndan öjükdirildi we urşuň başlamagyna günbatar jogapkär”, “Slowakiýanyň NATO agza bolmagynyň peýdasyzlygy we howplary”, “Ýewropa bileleşiginiň ABŞ-nyň yzyna kör deýin eýermegi” we ş.m. propagandalary ulandy.
Dezinformasiýanyň ýaýramagynyň möhüm aýratynlygy çylşyrymly dipfeýk (ýalan maglumatlary ýaýratmak üçin bir adamyň ýüzini ýa bedenini sanly ulgam arkaly üýtgedip, başga adam hökmünde görkezýän wideo) döretmek üçin emeli akylyň (AI) ulanylmagydyr. Mysal üçin: rus propagandasy Polşanyň öňki ýerlerini Ukrainadan almak isleýändigi baradaky myş-myşlary işjeň ýaýradýan wideolar.
Petrenko görä, şeýle propagandalaryň öňüni almak üçin agressiw dezinformasiýa garşy umumy ulgamy döretmeli. Şeýle hem, mediýada we akademiki giňişlikde emeli akylyň ulanylmagy üçin bilelikdäki çemeleşmeleri we düzgünleri işläp düzmek möhüm. Diňe rus propagandasynyň gürrüňlerini ýygnamaly we derňemeli däl, eýsem diňleýjileriň şähdini öwrenmek hem zerur. Meselem: Rus propagandasyny diňleýänler özlerini nähili duýýarlar? Olar näme hakda pikir edýärler? Olaryň rus propagandasy barada garaýşylary nähili?
Maastricht uniwersitetiniň Kiber howpsuzlyk we syýasat ylymlary kafedrasynyň dosenti Dr. Marielle Wijermars Yandex platformasynda, Russiýanyň internetinde we mediýa giňişliginde maglumatlary senzura etmek üçin algoritmleriň döredilişi barada belledi. Marielle Wijermars iki esasy çemeleşmäni, ýagny döwlet propagandasyny ýaýratmak we Russiýada garaşsyz žurnalistikanyň iş ugurlarynyň gysylmagyny kesgitledi. Birinji çemeleşme maglumatlaryň ýaýramagyna gözegçilik etmekden we ikinji çemeleşme garaşsyz žurnalistleriň gorkuzmagyň nusgawy usullaryndan ybarat. Yandex ýaly onlaýn mediýalarda habarlary teklip edýän algoritmleriň ösdürilmegi garaşsyz mediýanyň köpçüligiň dykkatyndan ýitmegine getirdi. Şonuň üçin bu prosese “göze görünmeýän senzura” diýilýär.