Progres.Online

Derňew: Täjigistanyň pasport gullugyndaky korrupsiýa

Cabar.asia-nyň geçiren žurnalistik derňewine görä, Täjigistanyň pasport gulluklarynda korrupsiýa hasaba alynyp, käbir işgärler raýatlaryň zagran pasportlarynyň bahasyny ýokarlandyrýarlar.

Täjik hökümetiniň kararyna laýyklykda, Içeri işler ministrliginiň (IIM) pasport hasaba alyş gullugy raýatlara pasporty 10 ýyl möhlet bilen berýär. Pasport 15 günde taýýarlanyp, pasport üçin tölenmeli mukdaryň jemi $88,3.

IIM-iň kesgitlän düzgünine görä, raýatlar zagran pasport üçin tölegi “Amonatbanka” tölemeli we degişli kwitansiýany pasport gullugyna tabşyrmaly. Emma, iş ýüzünde ulgam bütinleý başgaça işleýär. Raýatlardan pasport almak üçin tölegi pasport hasaba alyş gullugynyň işgärleriniň özleri ýygnaýarlar.

Derňew nähili geçirildi?

2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda, Cabar.asia bir žurnalisti Duşanbedäki IIM-iň Pasport beriş we hasaba alyş gullugyna zagran pasport almak üçin ugratdy. Žunalist pasport gullugyna gelende gullugyň işgäri žurnalistden 15 gün içinde pasportyň taýýarlanmasy üçin 1030 somon ($94.59) tölemegini sorady. Žurnalist eksperimentiň hakykylygy goramak üçin garşy çykmazdan, tölegi berdi.

Pasport gullugynyň işgäri žurnalistiň bu tölegi berendigini subut edýän töleg kagyzyny bermedi. Diňe pasportyň 21-nji fewrala çenli taýýar boljakdygy barada resminama berdi.

2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda, Täjigistanyň Milli bankynyň resmi dollar bahasyna görä zagran pasport üçin töleg mukdary $88.3.  

Şuňa meňzeş ýagdaý ýurduň beýleki şäherlerinde we etraplarynda hem bolup geçýär. 2023-nji ýylyň 25-nji aprelinde Gissar şäheriniň ýaşaýjysy zagran pasport almak üçin pasport gullugyna ýüz tutdy. Gullugyň işgäri 15 günüň içinde pasport taýýarlamak üçin ondan 1100 somon (~ $101) alypdyr.

Ýöne, Milli bankyň resmi kursuna görä, 25-nji aprelde pasport üçin tölegiň bahasy 960 somondy ($87).

Faýzabad etrabynyň pasport gullugynyň golaýynda ýerleşýän Amonatbankyň şahamçasynyň işgäri eýýäm birnäçe aý bäri zagran pasport üçin töleg etmäge hiç kimiň gelmeýändigini aýtdy. 

Edil şuňa meňzeş ýagdaýa Wahdat şäherinde hem duş gelmek bolýar. Şäheriň pasport gullugynyň golaýyndaky Amonatbankyň işgäri zagran pasport üçin töleg almaýandygyny, eger töleg alsa-da, bankyň beren kwitansiýasy bilen pasport alyp boljagyny kepillendirmeýändigini nygtady.

Žurnalist Amonat bankyň işgärine düzgüne görä pasport üçin tölegiň Amonatbanka tölenmelidigini ýatlatdy. Bakyň işgäri oňa: “Men tölegi kabul ederin we kwitansiýa bererin. Ýöne, pasport gullugyna kwitansiýa bilen baranyňyzda, ony kabul etmezlik üçin bahana taparlar. Şeýle ýagdaýda men kwitansiýany yzyna alyp we puly yzyna gaýtaryp bilmerin” – diýip jogap berdi.

Derňewde syn edilişine görä, Wahş we Kuşoniýon etraplarynda hem raýatlardan pasport almak üçin tölegi pasport gullugynyň işgärleri alýar eken.

Pasport bermekdäki hukuk bozulmalaryna kanuny seljereme

Täjigistanyň “Döwlet pajy hakynda” kanunynda döwlet paçlarynyň banklara ýa-da olaryň şahamçalaryna tölenmelidigi we kesgitlenen töleg kagyzynyň berilmelidigi bellenilýär. Täjigistanyň raýatlara pasport bermek düzgünine görä, pasport bermek üçin bellenilen tölegiň kwitansiýasy pasport bermek esaslarynyň biridir.  

Amonatbank döwlet bankynyň resmi jogabyna görä, 2017-nji ýyldan bäri ylalaşyk boýunça IIM-iň pasport beriş we hasaba alyş hyzmatlary üçin tölegler Amonatbankyň şahamçalarynda kabul edilýär.

“Мир Закона” ýurdiki guramanyň ýuristine görä, raýatdan kesgitlenen mukdardan köp pul alan işgär Täjigistanyň jenaýat kodeksine (madda 316) laýyklykda wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmagy boýunça jerime salynyp ýa azatlykdan mahrum edilip bilner.  

Korrupsiýa garşy göreş boýunça agentligiň (KGGA) direktorynyň birinji orunbasary Suhrob Safarzoda  görä, agentlik 2015-nji ýyldan 2023-nji ýylyň birinji çärýegine çenli pasport gullugynyň işgäriniň amala aşyran 16 sany kanun bozmalarynyň üstüni açypdyr. Emma, bu görkeziji diňe korrupsiýa agentliginiň ýüze çykaran jenaýatlarydyr. Täjigistanda jenaýat işine Baş prokuratur, IIM  we Döwlet howpsuzlyk komiteti seredýär.

Pasport gullugyndaky korrupsiýa garşy göreş

KGGA IIM-iň garamagyndaky edaralara korrupsiýa garşy göreş boýunça duşuşuklar geçirýändigini nygtaýar. Bu barada pasport hasaba alyş gullugynyň web saýtynda hem bellenilýär.

1-nji awgustdan başlap, Täjigistanda döwlet hyzmatlary, şol sanda pasport almak üçin nagt däl hasaplaşyk ýola goýular. “Nagt däl hasaplaşyga geçilmegi bilen pasport gullugyndaky korrupsiýa azalar” – diýip pasport gullugynyň işgäri aýdýar.

Ekspertler diňe nagt däl hasaplaşyga geçmek bilen bu ýagdaýy üýtgedip bolmajakdygyny nygtaýarlar.

Ykdysadyýet boýunça ekspert Nur Safarow: “Pasport gullugyndaky parahorlygy azaltmak üçin töleg prosesini sanlylaşdyrmaly. Pasport almak isleýänler üçin  terminallaryň we pasport gullugynyň  onlaýn ulgamynyň üsti bilen awtomatik hasaba aljak maglumat ulgamy döredilmelidir. Bu ulgamda raýatlar terminallar arkaly pasport üçin töleg tölemäge we pasport alan wagtynda kwitansiýany görkezmäge mümkinçilik bolmaly” – diýip belleýär.

Şeýle hem, ekspertiň pikiriçe, döwlet hyzmatlaryny ýokary derejede üpjün etmekleri üçin pasport edaralarynyň işgärleriniň aýlyklaryny we durmuş derejesini ýokarlandyrmak möhümdir.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: