Progres.Online

Dedowşina näme we oňa garşy nähili göreşmeli?

Resmileriň beýanatlaryna we harby özgertmelere garamazdan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goşunlarynda dedowşina we harby düzgünlere/kanunalara laýyk gelmeýän gatnaşyklar heniz hem saklanyp galýar.

Dedowşina näme?

Dedowşina – goşunda resmi däl gatnaşyk ulgamy bolup, uzak wagtdan bäri gulluk edýän esgerleriň ýaş esgerlere, esasanam täze gulluga başlan esgerlere kemsidiji we zalym çemeleşmesi. Dedowşina rus dilinde “дедушка” (türkmençe – ata) sözünden gelip çykyp, gullugyň soňky ýylyndaky esgerleriň atlandyrylyşyny aňladýar.

Dedowşina nähili ýüze çykýar?

Dedowşina rehimsizligiň, ekspluatasiýanyň, fiziki ýa-da jynsy zorlugyň ulanylmagy esasynda ýüze çykýar.

Dedowşina nireden gelip çykdy?

Dedowşina Merkezi Aziýanyň goşunlaryna Sowet goşunyndan galan mirasdyr.

Sowet goşunynda dedowşinanyň nähili döränliginiň birnäçe düşündirişi bar. Olardan biri: 60-njy ýyllaryň ortalarynda jenaýatkärleriň gulluga alynmagy ýaly ýaramaz amalyň ýüze çykaran negatiw täsiri. Bu türme tertibiniň, paýyş sözleriň we kemsitmeleriň goşunda ýüze çykmasyna getirdi. Emma, käbir ýatlama edebiýatlarynda XIX asyrda Rus imperiýasynyň saýlama harby bilim edaralarynda täze gelenleriň kemsidilmesi barada agzalyp geçilýär.

Ýöne, CABAR.asia-nyň ekspertlerine görä, harby bölümleriň ýolbaşçylary köplenç öz täsirini ýokarlandyrmak üçin dedowşina ulgamyny ulanmaga synanyşýarlar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goşunynda dedowşina SSSR-iň mirasy bolup, harby gulluga çagyrylanlar üçin çynlakaý mesele bolmagynda galýar. Ekspertler esgerleriň özüni alyp barşyna netijeli gözegçilik edip, zorlugyň we dedowşinanyň öňüni almak üçin ofisserleri has seresaply saýlamagy we taýýarlamagy maslahat berýärler.

Harby goşunlara eýýäm käbir üýtgeşmeler girizildi. Emma, dedowşinany ýok etmek hem-de harby gullukçylar üçin has ygtybarly we sylagly gurşaw döretmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi dowam etmeli.

Esgerleriň taýýarlygyny we bilimini ýokarlandyrmak sebitdäki ýurtlaryň ýaragly güýçlerinde üýtgeşmeleri döretmäge kömek eder. Diňe şondan soň professional we häzirki zaman goşunynyň döredilmegine goşant goşýan üstünlikli özgertmeler barada söz açsa bolar.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: