Progres.Online

Bloger bolmak Özbegistanda howply kär

Özbegistanda soňky 3 ýylda özleriniň tankydy maglumatlary bilen meşhur bolan onlarça bloger tussag edildi we uzak möhletli azatlykdan mahrum edildi. Olaryň tussag edilmegi ýurtdaky söz azatlygy ýagdaýynyň erbetleşýändigini tassyklaýar. Ençeme hasabatlarda görkezilşi ýaly blogerleriň günäsi ýerli häkimýetiň hereketlerini gödek tankytlamak bolup, ýurtdaky söz azatlygy ýagdaýynyň erbetleşýändigini nygtaýar.

Yza gaýdyş

2016-njy ýylda awtoritar Yslam Karimowyň ölüminden soňra häkimýet başyna geçen Mirzaýewiň özgertmeleri netijesine Özbegistanyň halky ep-esli azatlygy duýdy. Eýýäm 2019-njy ýylda Özbegistan haklary we azatlygy goramakda dünýä barlaglarynda reýtingi peseldi. Human Rights Watch halkara guramasynyň 2022-nji ýyl boýunça Bütindünýä nutugynda habar bermegine görä, Özbegistanda 2021-nji ýylda prezident saýlawlaryndan öň birnäçe ugurda “yza gaýdyş” boldy, soňrada söz azatlygynda ýiti çäklendirmeler başlady. 2020-nji ýyldan bäri hukuk goraýjy işgärler onlarça blogerleri yzarlady we tussag etdi.

Fazilhoja Arifhožaýew, Otabek Sattorii, Olimjon Haýdarow, Abdugadir Mominow, Hurşid Daliýew we beýleki blogerler, pul zorlap almakda we hilegärlikde günäkärlenip 7.5 ýyl azatlykdan mahrum edildiler. Meselem, adam haklary boýunça özbek forumynyň hasabatynda ýerli häkimýetiň hereketlerini tankytlandygy üçin yzarlanyp, tussag edilen 10 sany bloger we sosial mediýa aktiwistleriniň işleri derňelýär.

Blogerlere žurnalistikanyň ahlak kadalary öwredilmeýär

Özbek žurnalisti Abror Kurbanmuratowyň aýtmagyna görä, Özbegistanda blogerlik özboluşly moda boldy. Olaryň wideo ýüzlenmeleri meşhur bolup, millionlarça diňleýjileri bar. Olar bilen telekeçiler we işewür adamlar mahabat şertnamalaryny baglanşyp başladylar. Bloger näçe abraýly bolsa şonça nyrhy artýar we olar gowy gazanç edýärler.

Blogerleriň esasy meselesi olar žurnalistikanyň ahlak kadalaryny bilenokler we hiç kimiň garamagynda däl. Birnäçe ýyl blogerleriň hereketlerine gözegçilik eden gizlin özbek žurnalisti CABAR.asia bilen söhbetdeşliginde, olaryň internetde paýyş sözleri ulanýangy, şahslary kemsidýändigi we ähli ahlak kadalaryny bozýandygyny gürrüň berdi. “Mu5” telekanalynyň žurnalisti Dilobar Asliddinowa Özbegistanda blogerlere tälim berýän we olara gözegçilik edýän guramalaryň ýokdugyny aýdýar.

“Gyzyl çyzgyny” aşdylar

50 müň abunaçyly iki habar kanaly bolan (https://t.me/fayzboguz we https://t.me/burchakosti) bloger Timur Malikow: “Özbek köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde (KHBS) ‘gyzyl çyzgy’ bar. Bu ugurda işleýänleriň ählisi bu çyzgynyň nirede başlap nirede gutarýandygyny bilýär [prezidentiň maşgalasy, giýewleri, gelinleri]. Bu ýazylmadyk kanunlary bilmeýänler uly kynçylyklar bilen ýüzleşýärler, bilýänler bolsa arkaýyn işleýär.

Berlindäki Carnegie Center-iň ylmy işgäri, analitik Temur Umarow blogerleriň işleriniň žurnalistlerden tapawutlanýandygyny we olaryň özlerini başgaça alyp barmagynda geň zat ýokdygyny aýdýar. Bu ugurda kanunlar ýok, jemgyýetiň oýlap tapan kadalary bar. Wagtyň geçmegi bilen bu ýagdaýlar sazlanar, şol sebäpli hökümet ýagdaýy ele alýar we blogerler olaryň berk gözegçiligindedir.Blogerler hökümete salgyt tölänek we olaryň işlerine degişli kada-kanunlar ýok. Temur Umarowyň pikirine görä, hökümet bilgeşleýin kanun çykarmaga howluganok we bu ýagdaýlary blogerlere basyş etmek üçin ulanýar. Ol blogerlere basyş dowam eder diýip hasaplaýar.

Mediýa analitik Hairulla Kiliçýewe salgylanýan Radio Azattyk özbek redaksiýasynyň saýtynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Özbegistanda köp diňleýjili blogerleriň ‘gara sanawnamasy” bar.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: