Progres.Online

Bilim beriji güýmenje programmalary aýallary we ýaşlary maliýe taýdan güýçlendirýär

Halkara maliýe korporasiýasy (IFС) “Merkezi Aziýada maliýe inklýuziwligi” taslamasynyň çäginde Jemgyýetçilik kadalary barada barlag geçirdi. Barlaga görä, Gyrgyzystandaky aýallaryň (29-50 ýaş aralygyndaky) 47%-inde we Täjigistandaky aýallaryň (31-50 ýaş aralygyndaky) 63%-inde banklarda we maliýe edaralarynda bank hasaplary ýok. Iki ýurtda hem, aýallar gazanan girdejilerini maşgalasyna bermelidigini kesgitleýän jemgyýetçilik kadasy bar. Şol sebäpli, gyrgyzystanly aýallaryň 39%-i we täjigistanly aýallaryň 23%-i ýoldaşyndan ýa-da maşgalasyndan gizlin pul toplaýarlar.

Jemgyýetçilik kadalary – başgalardan garaşylýan hereketlere we adamlaryň nähili hereket edişine täsir edýän resmi däl düzgünlerdir. Bu adamlaryň maliýe kararynda, şol sanda nähili we nämeler üçin pul tygşytlaýandygynda wajyp rol oýnaýar.

Geçen ýylyň oktýabrynda, Gyrgyzystanda “Akcha” (Pul) atly aýallary we ýaşlary maliýe taýdan güýçlendirmäge niýetlenen bilim beriji güýmenje programmasy ýola goýuldy. Programma teleserial görnüşde bolup, TEDx (ideýalary gysga we täsirli çykyşlar arkaly paýlaşmak üçin global platforma) ýaly çäreleri we sosial mediýa kampaniýalaryny hem öz içine alýar. Programma maliýe meýilleşdirmesiniň (maksatlaryňa ýa-da arzuwlaryňa ýetmek üçin maliýe (pul) serişdeleriňi oýlanşykly dolandyrmagyň uzak möhletleýin usuly) baý görünmekden möhümdigini nygtaýar. Programma görä, gyrgyzystanly aýallaryň 22%-i pullaryny özbaşdak harç edip bilmeýärler. Aýallaryň 49%-i bolsa jemgyýetçilik kadalary zerarly dabaralar we sowgatlar üçin aşa köp pul sarp etmäge özlerini mejbur duýýandygyny aýdýarlar. Täjigistanda toýlara, aýatlara, sowgatlara aşa sarp etmeleri çäklendirýän kanun sebäpli görkezijiler birneme pes.

Iki ýurduň hem ýaşlarynyň aglabasy, has takygy gyrgyzystanlylaryň 79%-i we täjigistanlylaryň 65%-i hiç wagt çykdaýjylaryny yzarlap hasaplamaýandygyny aýtdylar. Gyrgyz ýaşlarynyň 15 göterimi we täjik ýaşlarynyň 16 göterimi tehnologiýa ep-esli pul harç etmeginiň sebäbi sosial basyşdygyny bellediler. Sosial basyş – bir toparyň ýa-da jemgyýetiň kesgitli kadalara ýa hereketlere boýun bolmagy üçin bir adama ýa-da topara edýän täsiridir.

Maliýe elýeterliligi we meýilleşdirme boýunça üstünlikli kampaniýalar

2022-nji ýylda, Täjigistanda Gyrgyzystandaky “Akcha” kampaniýasyna meňzeş “Pul” kampaniýasy ýola goýuldy. Bu iki programma 5.8 million adam tomaşa edipdir. Kampaniýalaryň ikisi-de esaslandyrylany bäri, sarp edijileriň pul babatda garaýyşlaryna we çemeleşmelerine oňyn täsir etdi. Kampaniýalaryň netijeliligini barlamak üçin geçirilen Täsirlilik bahalandyrmasy sowalnamasyna görä, sarp edijileriň bank hasaplaryna eýeçiligi, pul tygşytlamalary we maliýe meýilleşdirmeleri has ýokarlanypdyr.

Subutnamalar bilim beriji güýmenje programmalarynyň adamlaryň harjamalar babatda garaýyşlaryny we puly oýlanşykly sarp etmegini, esasanam, berk jemgyýetçilik kadalaryna eýerişini üýtgetmek üçin netijeli guraldygyny görkezýär.

Çeşme: IFС

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: