230 Mwt güýçlülikli Garadag Gün Elektrostansiýasy şu ýylyň ahyrynda ulanyşa berilýar, emma Bakunyň gaýtadan dikeldilýan energiýa çeşmeleri baradaky uzak möhletleýin strategiýalary hakyndaky soraglar jogapsyz galdy.
Azerbeýjan ýurdyň ilkinji uly elektrostansiýasy bolan, kuwwaty 230 Mwt-lik Garadag elektrostansiýasynda gün panelleriniň gurnamasyna başlady.
Birleşen Arap Emiratlarynda ýerleşýän, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini öndürýän Masdar kompaniýasy tarapyndan gurulan elektrostansiýa bu ýylyň ahyrynda işe başlamagyna we ýylda 500 Gwt/sag (gigawatt/sagat) energiýa öndürmegine garaşylýar.
Azerbeýjan 2030-njy ýyla çenli ýurduň 30% energiýa talabyny üpjin etmek maksady bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri pudagyndaky işläp taýýarlanýan täze taslamalary goldaýar.
Baku özüniň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek arkaly elektrik energiýasyny öndürmek üçin ulanylýan tebigy gaza bolan baglylygyny peseltjekdigine ynanýar. Eksport üçin has köp tebigy gazy aýyrmak bilen, ýurduň nebit ýataklaryndan gazyp çykarylyşyny azaldyp eksport giredijlerini gorap saklmagy çaklaýar.
Diňe Garadag elektrostansiýasynyň özi ýylda 110 million kubometr gazy tygşytlamak üçin ýeterlik elektrik energiýasyny öndürjekdigine garaşylýar.
Elektrik energiýa önümçiligi üçin tebigy gazy tygşytlama mümkinçiligi hakykatdyr.
Bu ýylyň ilkinji bäş aýynyň jemi hakyndaky resmi maglumatlara görä Azerbeýjanda öndürlen 11,887 Gwt/sag elektrik energiýanyň 93% gaz ýakýan elektrostansiýalaryň, munuň diňe 6.1 göterimi bolsa suw, ýel we gün bilen işleýän elektrik stansiýalarynyň paýyna düşýär.
Bu sazlaşyksyzlyk bolsa Azerbeýjanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri pudagyndaky planlaryny durmuşa geçirmek üçin Garadag elektrostansiýasynyň işe başlamagynyň wajyplygyny görkezýär.
Daşary ýurtly garaşsyz maýa goýumlaryna esaslanýan ilkinji “kommunal möçberdäki” özbaşdak gün elektrostansiýasy hökmünde, bu taslama Bakunyň täzelenýän energiýa çeşmelerini ösdürmek üçin daşary ýurtly maýadarlary çekme baradaky tagallalrynyň miwe berýändigini belli bir derejede tassyklaýar.
Şu wagta çenli Baku gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri pudagynda täze taslamalar üçin höwes döretmekde we takyk kesgitlenmedik şertnamalara gol çekmekde ukybyny görkezdi, emma bu taslamalaryň işläp taýýarlanmagy şowsuz bolupdy.
Azerbeýjan şu aýyň başynda “Bakunyň energetiki hepdesi” forumynda Total Energies we Nobel Energy kompaniýalary bilen 900 Mwt güýçlülikdäki ýel we gün energiýasyny ösdürmek üçin “hyzmatdaşlyk şertnamasyny” baglanşdylar. 650 Mwt güýçlülikdäki elektrostansiýa azerbeýjan anklawy (bir döwlete degişli bolan ýeriň tutuşlygyna başga döwletiň territoriýasynda bolmagy) bolan Nahçiwanda ýerleşer, şeýle hem 400 Mwt-lik gün elektrostansiýasy Nobel kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanar.
Şeýle hem iýun aýynyň başynda Azerbeýjanyň Energetika Ministrligi bilen China Gezhouba Group Overseas Investment Korporasiýasy potensial mümkinçiligi 2GWt bolan täzelenýän energiýa çeşmeleri taslamalaryna degişli özara düşünişme memorandumyna gol çekdiler.
Azerbeýjanyň Energetika Ministriniň orunbasary Elnur Soltanow 2026-njy ýyla çenli 60-sany täze gidroelektrostansiýa işläp taýýarlamaga umyt edýändiklerini aýtdy, emma bu barada jikme-jik magluamt bermedi.
Eýýäm ýanwar aýynda Baku Masdar bilen kuwwatlylygy 2GWt bolan birleşdirilen (integrirlenen) deňiz ýel elektrostansiýasyny we ýaşyl wodorod öndürýän desgany, muňa goşmaça kuwwatlygy 1GWt bolan kenar ýaka ýel we 1GWt güýçlülikdäki gün elektrostansiýasyny işläp taýýarlamak üçin ikinji şertnama gol çekdiler.
Geçen ýylyň dekabyrynda bolsa Azerbeýjanyň Energetika Ministrligi Awstraliýanyň Fortescue Future Industries kompaniýasy bilen Azerbeýjanda mümkinçiligi 12GWt çenli täzelenýän energiýa çeşmelerini we ýaşyl wodorod taslamalaryny öwrenmek üçin birlikde işlemek barada “çarçuwa şertnamasyna” gol çekdiler.
Şeýle-de Azerbeýjanyň günorta-günbataryndaky Jebraýil etrabynda ýerleşýan BP-niň sponsorlyk edýän kuwwatlygy 250 MWt bolan Şafag gün elektrostansiýasynyň taslamasy hem borçlandyrmaýan şertnamalara degişlidir.
Geçen aý Elnur Soltanowyň habar bermegine görä Baku bilen BP kompaniýasy taslamanyň “tehniki we kommersiýa görkezijileri” babatynda ylalaşdylar we çözülmeli käbir kiçiräk meseleler galdy.
Baku özüniň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek üçin daşary ýurtly maýadarlara bil baglaýandygyny göz öňüne tutsak, bu “taslamalaryň” gör näçesi durmuşa geçer belli däl.
Ikirjiňlendirmeýän ýagdaý bolsa, ilkinji nobatda Kaspi deňizindäki ýel energetikasy bilen birlikde Azerbeýjanyň täzelenýan eneriýä çeşmeleriniň önümçiligini ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri bar.
Bakunyň öz resmi kesgitlemelerine görä ýurduň kuwwatlylygy gury ýerde 27Gwt we deňizde-de 135GWt täzelenýän energiýä öndürme mümkinçiligi bar.
Geçen ýyl Bütindünýä Banky “Azerbeýjan üçin deňiz ýel energetikasy üçin ýol görkeziji plany” çap etdi, onda ýurdyň Kaspi deňiziniň ýalpaklarynda 35 GWt gozganmaýan ýel güýjüniň we çuňňur suwlarda 122GWt çenli ýüzýän güýjüniň barlgyny kesgitledi.
Bankyň bahalandyrmagyna görä çalt ösýän dekarbonizasiýa (uglerodsyzlaşdyrmak) strategiýasyna eýerse, 2040-njy ýyla çenli Azerbeýjan 7.2GWt deňiz ýel energetikasyny ösdürip ýurduň 37 göterim elektrik energiýasyny öndürip biler.
Munuň tersine pes ösüşli strategiýalar 1.5GWt deňiz ýel energetikasyny öndürip, ýurdyň diňe 7 göterim elektrik energiýa talabyny üpjin eder.