Progres.Online

Aldawy kanuny esaslandyrma: Özbegistanda emlägi elinden alma, ýerden mahrum etme we mejbury göçürme

Täze barlag barada

Bu hasabat 2017–2024-nji ýyllar aralygynda Özbegistanda jaýlaryň we fermalaryň mejbury elinden alynmagy boýunça adam hukuklary gözegçiliginiň esasy netijelerini beýan edýär. Adamlaryň emlägini elinden almalary esasan uly göwrümli hususy ösüş taslamalaryny amala aşyrmak üçin döwlet tarapyndan gurnaldy.

Adam hukuklary gözegçiligi ýerine ýetiriji häkimýetiň amala aşyrmagynda, ygtybarsyz kazyýetiň goldaw bermeginde döwlet tarapyndan hususy ýerleriň we fermalaryň bikanun we konstitusiýa garşy ulgamlaýyn elinden alynmagyny açyp görkezýär. Bu ulgamlaýyn mesele ýerleriň täzeden adalatsyz paýlanmagyna iteren meseledir.

Täjirçilik maksatly hususy taslamalar üçin ýerleri mejbury almak köplenç döwlet ygtyýarlyklaryndan çynlakaý hyýanaçylykly peýdalanmagy öz içine alýar. Bu Özbegistanyň jenaýat kodeksini we konstitusiýasyny bozmak bilen birlikde, Özbegistanyň konstitusiýasynda we halkara adam hukuklary kanunynda berkidilen esasy hukulary bozýar.

Bu gödek hukuk bozulmalar Özbegistanyň prezidentiniň we milli jogapkär edaralaryň dykgatyna ýetirilen bolsa-da, bu meseleleri çözmek üçin ýerlikli çäre görülmedi. Hasabat bu taslamalaryň hökümet işgärleri tarapyndan resmi ýa-da resmi däl syýasatlary durmuşa geçirmek üçin esasy adam hukuklary standartlarynyň gödek bozulýandygy barada netijä geldi.

Çözgüt

Barlag netijeleri meseläni dessin çözmäge, şol sanda Özbek hökümetiniň ähli mejbury we “meýletin” gozgalmaýan emlägi elinden almalary tä aşakdaky kesgitli çäreler ýerine ýetirilýänçä gyssagly bes etmäge çagyrýar:

(a) pidalara ýetirilen zyýanyň öwezini tölemeli, hökümet işgärleri we kazylary amala aşyran hukuk bozmalary üçin jogapkärçilige çekýän dessin we ulgamlaýyn jemgyýetçilik derňewi geçirmeli;

(b) bu hasabatda we başga ýerlerde resmileşdirilen hukuk bozulmalaryny çözmek üçin halkara derejede gyzyklanýan taraplaryň forumy geçirilmeli we ol forum adam hukuklaryna laýyklykda özgeriş meýilnamalaryny işläp düzmeli; we

(c) esasy adam hukuklaryny özgertmek üçin köptaraplaýyn ýol kartasyny doly durmuşa geçirmeli.

Şeýle hem, maslahat berilýär:

d) gozgalmaýan emläk we emläk taslamalary arkaly bikanun maliýe hereketleriniň öňüni almak üçin milli strategiýany işläp düzmek we durmuşa geçirmek boýunça köpsanly gyzyklanýan taraplaryň forumyny döretmeli.

Hasabatyň awtorlary

Bu hasabat Ulster Uniwersitetiniň Hökümet Dolandyryşy Merkezi tarapyndan garaşsyz ekspertleriň we aktiwistleriň topary bolan “Ýer Öý Adalat” we Adam Hukuklary boýunça Özbek Forumynyň goşantlary esasynda taýýarlanyldy. Hasabatyň netijeleri şäher merkezlerinde ýaşaýyş jaý hukuklarynyň bozulmalaryny, dolandyryş we korporatiw meseleleri, obalarda ýerleriň konfiskasiýasy bilen bagly subutnamalary toplan gyzyklanýan taraplaryň bilelikdäki tagallalaryny görkezýär. Ýerleriň konfiskasiýa edilmegini resminamalaşdyrmak we gözegçilik etmek işi Adam Hukuklary boýunça Özbek Forumy tarapyndan berjaý edildi. “Ýer Öý Adalat” tory 2017–2024-nji ýyllar aralygynda mejbury göçürmäni öz içine alýan öýleriň ýykylmasy, emläk hukularynyň bozulmasy we bölekleýin medeni mirasyň ýumurulmasy boýunça barlag geçirdi.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: