Progres.Online

Abai Merkezi – Gazagystany dünýä tanadýar

Waşingtonda ýerleşýän Abaýa Merkezi 2020-nji ýylyň başlarynada Gazagystanyň ABŞ-daky ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda guruldy. Meşhur gazak şahyry we filosofy Abaý Kunanbaýuly hormatyna atlandyrylan merkez George Waşington Uniwersitetiniň Merkezi aziýa programmasynyň esasynda döredildi.

“Gazaklar hakynda köp lenç edilen aňlatmalar bar. Daşary ýurtlylar bizi çarwa halk, Mongol ýada Sowet medenýetiň bir bölegi hökmünde görýärler. Abaý merkezi ýaly proýektler bu lenç edilen pikirleri üýtgedip, onuň ýerine hakykaty ýetirer” diýip merkeziň prodýuseri (gurujy, dörediji) Aýtolkun Kurmanowa aýdýar.

Gazagystan 1991-nji ýylda özbaşdaklygyny alany bäri ykdysady we tehnologiýa taýdan uly üstünlikler gazandy. Muňa garamazdan Gazagystany öňki sowet respublikasynyň bir bölegi hökmünde tanaýarlar. Abaý merkeziniň sanly platformasynda Gazagystanyň medenýeti we taryhy bilen tanyşdyrýan onlaýn wideolar, makalalar we söhbetdeşlikler, podkastlar (sanly ses ýazgylary) goýulandyr.

Gazak medenýetiniň gezçmişi we şu güni ägirt uly, dürli ugurly we gyzyklydyr. Taryhynda bolsa dürli döwletler, imperialar we şäherler gurulypdyr, ýykylypdyr we dikeldilipdir. Kurmanowanyň aýtmagyna görä gazak medenýeti diňe amerikanlary däl her kesi gyzyklandyryp biler.

Häzirki döwürde merkez «Beýik sähranyň owazy” atly 11 sany podkast taýýarlady. Podkast taýýarlamaga meşhur kýuý (milli sazly sahna) kompozitorlary Dina Nurpeýsowa, Kurmangazy, Nurgisa Tlendiýew we Tattimbet Kazangapuly gatnaşdylar. “Häzirki zaman gazak kyssalarynyň taryhy” atly podkast bölümleri bolsa gazak şahsyýetini aňladýan rowaýatlara, hekaýalara we halk döredijiligine esaslanýar.

Abaý adyndaky Milli Gazak Pedagogik (mugallymçylyk) Uniwersitetiniň filosofiýa ylymlarynyň doktory, kandidat Madina Moldagali we Çagalar aktýorlyk ussatlygy mekdebiniň müdiri, mugallym Ilnur Bildanow XX asyryň gazak edebiýatynyň ajaýyp eserlerini iňlis dilinde gysgaça audio görnüşde gürrüň berýarler.

ABŞ-da gazak jemgyýeti ösýär, ýurtda ep-esli derejede gazak çagalary dogulýar. Olar öz aslynyň taryhyny bilmek we gazak medenýetini öwrenmek isleýärler. Gazagystanyň ilçihanasy gazak medenýeti bilen tanyşdyrýan dürli çäreleri geçirýär.

Kurmanowanyň aýtmagyna görä Abaý merkeziniň George Waşington Uniwersitetiniň Merkezi aziýa programmasynyň esasynda bolmagy alymlar we hünärmenler bilen işleşmäge ýol açýar. Gazak dili we çarwalaryň durmuşy barada Gazagystanda uly işleri geçiren meşhur professorlar Anatoly Hazanow we William Fierman bilen wideo söhbetdeşlikler geçirildi.

Gazak halky Amerikan medenýetini edil ýewropa we rus medenýetini bilişleri ýaly bilenoklar. “Medenýet – adamlaryň özara gatnaşygynda we diplomatiýada uly rol oýnaýar. Eger bir medenýete düşünseň, şol halka hem düşünersiň” – diýip Kurmanowa nygtaýar.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: