Progres.Online

2023-nji ýylda Merkezi Aziýa-Hytaý arasyndaky söwda dolanyşygy uly derejede artdy

Hytaýyň Baş Gümrük Müdirligi 2023-nji ýylyň ilkinji alty aýynda Merkezi Aziýa-Hytaý arasyndaky söwda dolanyşygyna degişli sanlary çap etdi. Söwda dolanyşygna eksport we import statistikalary girýär.

Degişli döwürde, Hytaýyň Merkezi Aziýa döwletlerine ugradan eksporty 26.4 milliard dollar we Merkezi Aziýadan gelen importyň möçberi bolsa 13.5 milliard dollara deň boldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diňe Özbegistanyň statistika gullugy degişli döwürdäki söwda dolanyşygyna degişli öz çykaran sanlaryny çap etdi. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti söwda dolanyşygyna degişli hiçbir sanlary çap etmeýär.

Çeşme: Eurasianet

Degişli döwürde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Hytaý bilen pozitiw söwda balansyny saklan ýeke-täk döwlet Türkmenistan boldy. Bir ýurduň eden eksportlarynyň möçberi gelen importlar bilen deňeşdirilende, ýokary bolan ýagdaýynda söwdä balansy pozitiw bolýar. 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan Hytaýa 5.076 mlrd dollar möçberinde haryt eksport edip, onuň 99.6 göterimi gaz ekportlaryndan ybarat boldy (5.058 mlrd dollar). Şol bir wagtyň içinde, Türkmenistan Hytaýdan 476 million dollar mukdarynda haryt import etdi. Iki ýurt arasyndaky umumy söwda dolanşygy 2023-nji ýylyň ilkinji alty aýynda 5.55 mlrd dollara deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12.3 göterim ýokary boldy.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: