Mart 2023: palawyň bahasy peselmegine dowam edýär.
Soganyň bahasy ýanwardaky sowuk howadan soňra gymmatlygyna galýar.
2023-nji ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça nyrhy 78.7 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň mart aýyndaky palaw bahasyndan (78.9 manat) ýyldan-ýyla 0.3% arzan. Geçen aý (77.9 manat) bilen deňeşdirilende bolsa, palaw taýýarlamagyň nyrhyaýdan-aýa 1% gymmatlady.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylyň martynda soganyň we tüwiniň bahasy artyş görkezdi we şol bir wagtyň içinde beýleki ingredientleriň bahasy bolsa peseldi. Degişli döwürde, soganyň nyrhy 150.8% we tüwiniň bahasy 24.3% artdy. Bahasy peselen harytlaryň arasynda, käşir (-24.2%), bugdaý uny (-16.2%), sygyr eti (-15.4%) we günebakar ýagy 10.7% arzanlady (Netije 1 seret).
Soganyň bahasy ýene gymmatlady
2023-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda ýüze çykan aşa sowuk howadan soňra, soganuň bahasy ýokary bolmagyny dowam etdirýär we onuň bahasy 2023-nji ýylyň martynda ýyldan-ýyla 150.8% gymmatlady. Geçen aý (fewral 2022) bilen deňeşdirilende, soganyň bahasy 14.5 manatdan 15.6 manada ýokarlandy, bu 7.2% artyşdyr. Soganyň bahasynyň ýokarlanmagynyň arkasyndaky bolup biljek sebäpler hakynda biz soňky iki sany hasabatymyzda giňişleýin düşündirdik (Palaw Indeks Ýanwar 2023 we Palaw Indeks Fewral 2023 seret). Ýurtda soganyň täze hasyly aprel aýyndan başlap çöplenip başlanar we onuň bahasynyň arzanlamagyna itergi berip biler. 2022-nji ýylyň ýanwaryndan 2023-nji ýylyň martyna çenli sogan bahasynyň üýtgeýşini öwrenmek üçin 2-nji Netijä serediň.
Merkezi Aziýa sebitinde sogan üpjünçiligine degişli mart aýynda pozitiw üýtgeşmeler ýüze çykdy. Gyrgyzystan we Özbegistan sogan eksportyna girizen gadagançylyklaryny 2023-nji ýylyň mart aýynda ýatyrdylar. Şeýle hem, Gazagystandaky häkimiýetler sogan eksportyna girizilen gadagançylygy ýatyrmagy meýilleşdirýärler, ýöne gutarnykly karar heniz kabul edilmedi. Öňki meýilnama laýyklykda, Gazagystanyň sogan eksportyna girizen gadagançylygy 2023-nji ýylyň 28-nji aprelinde köýýär. Özbegistanyň günorta sebitinde soganyň täze hasyly eýýäm ýygnalyp başlandy we eksport üçin elýeterli soganlaryň täze hasyly 15-20-nji aprel töwereklerinde başlar diýlip çaklanylýar. Ýatlatsak, Türkmenistanly telekeçiler sogany soňky ýyllarda Özbegistandan import edýärdiler we olaryň aglaba bölegi gyş aýlarynda amala aşýardy.
Palaw bahalary bilen gara bazar kursunyň arasyndaky baglanyşyk
Türkmenistanda palaw taýýarlamagyň nyrhy 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri dowamly peselip gelýär we bu peseliş dollaryň gara bazardaky kursynyň düşmegi bilen baglanyşdyrylýar. Mart aýynda hem palawyň bahasy ýene peseldi we ýyldan-ýyla 0.3% arzanlady. Şol bir wagtyň özünde, gara bazar kursy hem 19.6 manatdan 19.4 manada düşdi we bu 1.1% peselişdir. 2022-nji ýylyň mart aýyndan 2023-nji ýylyň marty aralygyndaky ýüze çykan Palaw Indeks bahalarynyň we gara bazar kursunuň arasyndaky arabaglanşygy has giňişleýin öwrenmek üçin 3-nji Netijä serediň.
Metodologiýa
Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.
Işlere goldaw ber
Progres topary, Türkmenistanyň ähli uly şäherlerinde palaw ingredientleriniň bahasyny çöplemek arkaly, hasabatlarda beýleki şäherleri hem ýerleşdirmek isleýär. Bu sebäpden, bahalary çöplemekde bize kömek etmegiňizi we şu formany doldurmagyňyzy haýyş edýäris. Biz hiç hili şahsy maglumaty soramaýarys we ýygnamaýarys.