Progres.Online

Palaw Indeksi Mart / 2022

Paýtagt Aşgabat şäherinde bir maşgala üçin palaw bişirmegiň çykdajysy 2022-nji ýylyň mart aýynda 79 manada ýetdi. Bu bolsa geçen aýdaky, 2022-nji ýylyň fewral aýyndaky (77.4 manat) bahadan 2% gymmatdyr we geçen ýylyň (2021) mart aýyndaky (68 manat) bahasyndan bolsa 16.1% ýokarydyr.

Geçen ýylyň fewral aýyndaky bahalary bilen deňeşdirilende, käşiriň bahasy 30% arzanlady. Şo bir wagtyň özünde, soganyň bahasy 38%, sygyr eti 33%, günebakar ýagy 8%, bugdaý uny 5% we tüwiniň bahasy 3%ýokarlandy(Netije 1 seret).

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylyň martynda iň ýokary derejede bahasy ýokarlanan ingredient 38% artyş bilen sogan boldy. FAO-nyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistandaky ýyllyk sogan önümçiligi 2020-nji ýylda 88,671 tonna boldy we bu 2019-nji ýyldaky sogan önümçiliginden (88,906 tonna) 0.3% azdyr. Bu bolsa 2010-2019-njy ýyllar arasyndaky soňky 10 ýylyň ortaça ýyllyk sogan önümçiliginden (92,947 tonna) bolsa 4.6% az boldy. Türkmenistan şeýle hem, örän az mukdarda sogan eksportyny edýär. Soňky maglumatlara görä, 2020-nji ýylda Gazagystana 30,800 ABŞ dollary mukdarynda sogan eksport edilipdir.

Türkmenistanda sogan ekimi köplenç ýaz we güýz pasyllarynda amala aşyrylýar we gyş paslynda hiçhili ekim ýa-da hasyl bolmaýar. Ýaz ekimlik soganlar mart aýlarynda ekilýär we tomus aýlarynda hasyly ýygnanylýar. Güýz ekimlik soganlar bolsa sentýabr-oktýabr aýlarynda ekilýär we ýaz aýlarynda hasyly ýygnalýar. Gyş möwsüminde sogan üpjünçiligi azalýar, hasyl bolmaýar we şo sebäpden soganyň bahasy dekabr aýyndan mart aýyna çenli ýokarlanýar.

Türkmenistan şeýle hem, sogany goňşy ýurtlardan import edýär we umumy sogan importlaryň 86.8% Özbegistandan gelýär. Özbegistandan import edilen soganyň möçberi 2020-nji ýylda 2.23 mln ABŞ dollaryna deň boldy (umumy sogan importlarynyň möçberi 2.56 mln ABŞ dollary). 2021-nji ýyl üçin çaklamalar boýunça Türkmenistanyň Özbegistandan import eden soganynyň möçberi 1 ýanwar -15 oktýabr arasy 19,500 tonna bolupdyr. Pul möçberinde, 2015-2019-njy ýyllar arasynda soňky 5 ýylda ýyllyk ortaça Türkmenistanyň sogan importlary 6.4 mln ABŞ dollaryna deň bolupdyr we bu san 2020-nji ýyldaky edilen sogan importynyň möçberinden 3 esse kändir. 2021-nji ýyl üçin heniz maglumat paýlaşylmandyr. Sogan importlarynyň pul möçberi gara bazardaky dollar kursuna, şeýle hem sogany eksport edýän ýurtlardaky soganyň bahalaryna görä üýtgäp bilýändir.

Russiýa we Ukraina arasyndaky uruş Russiýanyň Türkmenistana eksport edýän günebakar ýagyna erbet täsir edip biler. Türkmenistanda ýerli günebakar ýag önümçiligi örän pes derejede bolany sebäpli ýurtda ulanylýan ýaglaryň aglaba bölegi daşary ýurtlardan import edilýär. Türkmenistana iň köp derejede ýag satýan ýurt Russiýadyr we Türkmenistanyň 2020-nji ýyldaky umumy ýag importlarynyň 88.4% paýy Russiýa düşüpdir. Türkmenistan 2021-nji ýylda Russiýadan 15,500 tonnalyk göwrümde günebakar ýagyny satyn alypdyr we onuň bahasy 23.7 mln ABŞ dollaryna deň bolupdyr. Bu bolsa 2020-nji ýylyň degişli döwründäki göwrümden 41.5% köpdür. Içerki azyk howpsuzlygyny goramak sebäpli, Russiýa günebakar ýag eksportlaryna 1.5 million tonnalyk kwota goýdy we bu ýagdaý 2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde güýje girip, şu ýylyň 31-nji awgustyna çenli dowam eder. Bu sebäpden, aprel aýyndan başlap Türkmenistanda hem günebakar ýag üpjünçiliginiň azalmagyny we onuň bahasynyň artmagy mümkindir.

Palaw ingredientleriň bahalary aýma-aý deňeşdirilende, sentýabr 2021 we fewral 2022 arasynda 116.4 manatdan 77.4 manada çenli 6 aý yzygider arzanlamasyny dowam etdiren bolsa, mart aýynda sähel artyş görkezdi we onuň bahasy 79 manada ýetdi. Sentýabr 2021 we mart 2022 arasyndaky baha tapawudy 32.2% arzanlady. Edil şolar ýaly üýtgeşmäni dollaryň gara bazarynda hem görüp bolýar. Bu ýerde hem dollaryň hümmeti sentýabr 2021-de 27.3 manatdan fewral 2022-de 18.6 manada çenli yzygiderpeseldi we mart 2022-de ýene sähel artdy (19.6 manat). Sentýabr 2021 we mart 2022 arasyndaky umumy baha tapawudy 28.4% azaldy. Ýagny görşümiz ýaly, gara bazar walýutasynda kursuň çala üýtgemegi hem palawyň ingredientleriniň bahalarynyň üýtgemegine täsir edip bilýändir.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: