Progres.Online

ANALITIKI BRIF / Iýul 2022: Türkmenistandaky inflýasiýa düşünmek: tendensiýalar we çözgütler

Maksady

Bu analitiki brifiň maksady Türkmenistandaky ýokarlanýan inflýasiýa derejesi barada maglumat bermek we ýurtdaky kanun çykaryjylar bilen ilat arasynda inflýasiýa barada habardar we konstruktiw pikir alyşma ýol açmakdyr. Aşakda jikme-jik bellenilip geçiljek çaklamalara esaslansak, Türkmenistanda inflýasiýanyň derejesi 2016-njy ýyldan bäri iki belgili (10%-den ýokary), kä halatlarda bolsa 3 belgili (100%-den ýokary) sanlara ýetip, ýurtdaky ilatyň durmuş şertlerine ýaramaz täsir etdi. Türkmenistanyň hökümeti ýokary inflýasiýanyň bardygyny boýun almaýar we ýurtdaky inflýasiýa bilen baglanyşykly statistika paýlaşmaýar. Şeýle hem, inflýasiýa garşy hökümet tarapyndan kesgitlenen syýasy çözgütler hem öňe sürülmeýär. Şonuň üçin, bu brif ilki bilen ýurduň içindäki inflýasiýanyň derejesini kesgitlemäge, ikinjiden, meseläniň düýp sebäplerini seljermäge we iň soňunda, inflýasiýa garşy göreşmek üçin teklipleri hödürlemäge gönükdirilýär. Bu brif Progres.online analitiki toparymyz tarapyndan Türkmenistana degişli köpçülige açyk çeşmelerdäki maglumatlary ulanmak arkaly taýýarlanyldy.

Giriş

Türkmenistanyň hökümeti ykdysady görkezijileri aýan etmeýär we diňe ýyllyk jemi içerki önümiň (JIÖ) ösüş derejesini aýtmak bilen çäklenýär. Emma JIÖ-niň hem dollardaky we manatdaky anyk mukdaryny bermeýär. Bu sebäpden, Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýyny öwrenmek üçin halkara guramalaryň hasabatlaryna bil baglamaly bolýarys. 2016-njy ýyldan bäri Türkmenistan tebigy gazyň eksportyna aşa garaşlylyk we  döwlet býujetiniň ýerliksiz dolandyrylyşy zerarly ýiti ykdysady çökgünligi başdan geçirýär. Netijede, ykdysadyýetde ýokary derejeli inflýasiýa we daşary ýurt walýutalarynyň alyş-çalşygy üçin parallel gara bazar döredi.

Türkmenistandaky inflýasiýa bilen baglanyşykly käbir ykdysady görkezijiler:

  • Türkmenistanyň 2020-nji ýyldaky ýyllyk eksportynyň 86.3% tebigy baýlyklardan ybarat bolup, umumy eksportyň 76.5%-ni tebigy gaz düzýär. Şo ýyldaky eksportyň galan bölegi gämilerden (2.82%), pagtadan (2.5%), dökünlerden (2.5), plastmassadan (2%) we beýleki harytlardan ybarat boldy (OEC). Şeýlelik bilen, tebigy baýlyklara degişli däl pudaklaryň umumy ekpsortdaky paýy bary-ýogy 13.7% bolup, ykdysadyýetiň tebigy baýlyklaryň eksportyna aşa garaşlydygyny görkezýär. 2014-2016-njy ýyllarda tebigy gazyň halkara bazarlardaky bahasynyň düşmegi netijesinde, Türkmenistanda ykdysady çökgünlik ýüze çykdy.
  • HPG-nyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň JIÖ-si 2014-nji ýylda iň ýokary derejesine çykyp, 55.5 mlrd dollara ýetdi we 2016-njy ýylda 41.7 mlrd dollara çenli azaldy. Bu bolsa 2 ýylyň içinde 24.9% peselişi görkezýär.  JIÖ-niň beýle çalt depginde peselmegi halkara tebigy gazyň bahasynyň düşmegi we Türkmenistandan Russiýa we Eýrana gaz eksportynyň togtadylmagy bilen baglanyşdyrylýar. JIÖ diňe 2021-nji ýylda gowulanyp, 63.4 mlrd dollara ýetdi. Halkara bazarlarda tebigy gazyň bahasy 2021-nji ýylda uly derejede artdy we 2014-nji ýyldaky rekord derejesindäki gaz bahalaryna ýakynlaşdy. Bu sebäpden, tebigy gazyň bahasynyň ýokarlanmagy Türkmenistanda JIÖ-niň 2021-nji ýyldaky artyşyna goşant goşan bolmagy mümkindir.
  • Bütindünýä Bankynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň eksportlary 2014-nji ýylda 20.3 mlrd dollara barabar bolan bolsa, ol tebigy gazyň bahasynyň arzanlamagy we Russiýa bilen Eýrana ugradylýan eksportlaryň togtadylmagy sebäpli 2016-njy ýylda 8 mlrd dollara çenli azaldy (60% peseliş). Bütindünýä Bankynyň maglumat bazasynda Türkmenistanyň eksport sanlarynyň iň soňkusy 2018-nji ýyla degişli bolup, onuň mukdary 9.2 mlrd dollar diýlip berilýär.
  • Tebigy baýlyklaryň bahasynyň arzanlamagy netijesinde Türkmenistanyň gazanýan daşary ýurt walýutalarynyň möçberi azaldy we ýerli walýutanyň hümmetiniň düşmegine itergi berdi. Manadyň hümmetiniň peselişini togtatmak üçin, hökümet daşary ýurt walýutalarynyň alyş-çalşygyna çäklendirme girizdi. Emma bu çäreler manadyň hümmetsizleşmegine garşy netije görkezip bilmedi we ýurtda daşary ýurt walýutalarynyň alyş-çalşygy üçin alternatiw parallel gara bazaryň emele gelmegine şert döretdi. Bularyň netijesinde, Türkmenistanyň ýyllyk import edýän harytlarynyň möçberi 2014-nji ýylda 19.3 mlrd dollar bolan bolsa, 2018-nji ýylda 5.1 mlrd dollara çenli (4 esse pes) azaldy (Bütindünýä Banky).

Walýuta degişli çäklendirmeler girizilmezinden ozal, ýerli manadyň 1 ABŞ dollaryna garşy hümmeti 3.5 manatdy. 2022-nji ýylyň 8-nji maýyndaky sanlara görä, ýurtda 1 dollaryň nyrhy 19.5 manada ýetdi (HronikaTM) we bu resmi kursdan 5.5 esse gymmatdyr. Gymmat walýuta sebäpli ýurtdaky import edilýän harytlaryň bahasy ýokarlandy. Ýerli önümçilik azalýan importyň ýerini tutup we harytlara bolan islegi kanagatlandyryp bilmedi. Şeýlelikde, haryt ýetmezçiligi we inflýasiýa ýüze çykdy. Bulara garamazdan, ýakynda hökümet ýurtda “maliýe we sosial durnuklylygyň saklanýandygyny” nygtady. Şeýle optimistik beýannamalar ýurtdaky ýokary inflýasiýanyň esasan hem pes girdejili raýatlara ýetirýän negatiw täsirlerini göz öňünde tutmaýar. Hökümetiň ýurtdaky garypçylyk derejelerini boýun almaýandygy we oňa degişli statistiki sanlary ilat we halkara guramalar bilen aç-açan paýlaşmaýandygy sebäpli, ýokary inflýasiýanyň jemgyýete ýetirýän täsirlerini takyk hasaplamak kyn. Bulara garamazdan, beýleki ýurtlaryň tejribesine esaslansak, 1 belgiden ýokary (10%-den ýokary) inflýasiýanyň derejesi adatça, ilatyň durmuş şertlerine agyr täsir edýär.

Harytlaryň, esasan hem azyk harytlarynyň bahalarynyň artmagy hususan-da girdejileriniň köp bölegini iýmite sarp edýän pes girdejili maşgalalaryň garyplaşmagy we maddy üpjünçiliginiň ýaramazlaşmagy bilen gönümel arabaglanyşyklydyr.  Türkmenistandaky maşgalalar aýlyk girdejileriniň ortaça 52%-ni azyk önümlerine harçlaýarlar (BMG). Bu goňşy ýurtlar Özbegistanda (30%) we Gazagystanda (43%) maşgalalaryň azyk harytlaryna harçlaýan mukdaryndan biraz ýokarydyr. Günbatar ýurtlarynda welin, adamlar aýlyk girdejileriniň 15%-den hem az bölegini iýmite sarp edýärler. Bu maglumatlary göz öňünde tutsak, azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy türkmen maşgalalarynyň, esasanam ilatyň pes girdejili böleginiň satyn alyjylyk ukybyna ýaramaz täsir edýär.

Inflýasiýanyň dinamikasy

Türkmenistanyň hökümetiniň resmi maglumatlary paýlaşmazlygyna garamazdan, halkara guramalar ýurtdaky inflýasiýanyň derejeleri barada çaklamalar çap edýärler. 2021-nji ýyl üçin HPG ýurtdaky inflýasiýa derejesini 15% diýip çaklan bolsa, Aziýa Ösüş Banky ony 12.5% diýip belledi. HPG-nyň 2022 we 2023-nji ýyllar üçin eden çaklamalary 17.5% we 10.5% boldy. Bütindünýä Banky bolsa, ygtybarly maglumatlarynyň ýoklugy sebäpli, 2020-nji ýyldan bäri Türkmenistana degişli ykdysady görkezijileri, girdejileri ýa-da ösüş maglumatlaryny neşirlerinde çap etmegini bes etdi.

Biziň Progres.online başlangyjymyz, türkmen analitiki merkez, ýurtdaky inflýasiýany alternatiw gurallar arkaly ölçemek maksady bilen Palaw Indeksini döretdi. Muny ölçemek üçin, Türkmenistanlylaryň milli nahary bolan palawyň ingrediýentleriniň (sygyr eti, tüwi, sogan, käşir, günebakar ýagy + bugdaý uny) bahasyna gözegçilik edýäris. Palaw Indeksiniň hasaplamalaryna görä, Türkmenistandaky ýyllyk inflýasiýanyň derejesi (geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende) 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda 45%, fewralda 20% we mart aýynda 16% boldy.

John Hopkins Uniwersitetinden professor Steve Hankeniň çaklamalaryna görä, Türkmenistandaky ýyllyk inflýasiýanyň derejesi 2017-nji ýylda 50%, 2018-nji ýylyň iýun aýynda 294% we 2020-nji ýylda 31% boldy. Halkara derejede kabul edilýän kesgitlemä salgylansak, 50%-den ýokary bolan inflýasiýa derejesine giperinflýasiýa diýilýär. Biziň Palaw Indeksimize görä, Türkmenistan 2022-nji ýylyň ýanwarynda giperinflýasiýa örän ýakynlaşdy. Professor Hankeniň çaklamalary bolsa 2017-2018-nji ýyllarda giperinflýasiýanyň ýüze çykandygyny görkezýär.

Walýuta alyş-çalyş kursy we inflýasiýa

Barlag işlerimiziň netijelerine görä, soňky ýyllardaky walýuta alyş-çalyş kursunyň üýtgemegi ýurtdaky inflýasiýanyň derejesine uly täsir etdi. Ýurduň esasy eksport edýän harydy tebigy gaz we onuň üsti bilen ýurduň ykdysady göwrümine görä ägirt mukdarda girdeji gelýär. Gaz eksportlaryndan gazanylýan daşary ýurt walýutalarynyň kömegi bilen, Türkmenistan 3.5 manatdan durnukly şekilde dollar alyş-çalşygyny ýola goýupdy. Emma, haçanda  gaz satuwlaryndan gelýän girdeji azalanda, daşary ýurt walýutalarynyň rezerwiniň mukdary hem azalýar we manadyň hümmetiniň peselmegine getirýär. Daşary ýurt walýuta alyş-çalyş rezerwleri esasan ABŞ dollarynda bolup, Türkmenistanyň Merkezi Bankynda saklanylýar. Banklaryň beýle rezerwleri saklamagynyň esasy sebäpleriniň biri walýutanyň bahasyny dolandyrmakdyr. Eger manadyň hümmeti birden güýçli peselse, bu rezerwler ätiýaçlyk serişdeleri hökmünde ulanylýar. Daşary ýurt walýutasynyň ýetmezçiligi ýerli walýutanyň hümmetiniň peselmegine getirýär. Hökümet walýuta hümmetini 3.5 manat / ABŞ dollarynda saklamagyny dowam etdi we walýutanyň erkin alyş-çalşygyny ep-esli çäklendirdi. Netijede dollaryň alyş-çalşygynyň 5.5 esse gymmat bolan gara bazary döredi.

Mundan başga-da, türkmen manady ABŞ-nyň dollaryndan has gowşak bolanda, eksportyň artmagyna getirýär we import has gymmatlaşýar. Mysal üçin, dollaryň gara bazar bahasynyň 19.5 manat bolmagy ýerli walýutanyň gowşakdygyny görkezýär. Türkmenistanyň köp işçi güýjüni talap etmeýän nebit we gaz ýaly çig tebigy baýlyklary eksport edýändigi sebäpli, bu eksportlar halkyň girdejisini ýokarlandyrmaýar. Türkmenistanda işçi güýjüniň esli bölegi oba hojalygynda işleýär (Bütindünýä bankynyň habaryna görä, 2019-njy ýylda 21%). Şeýlelik bilen, inflýasiýanyň ýokary bolmagy türkmen sarp edijileri üçin daşart ýurt harytlarynyň bahasyny gymmatlaşdyrýar, şol sanda daşary ýurda syýahat etmek ýa-da okuwa gitmek hem has gymmat bolýar. 

Ýokary inflýasiýa bilen göreşmek: nähili çözgütler bar?

Ýokary derejeli inflýasiýa çözgütleri gözlemek Türkmenistandaky täze hökümetiň esasy ileri tutýan meseleleriniň biri bolmaly. Muny nazarda tutup, biz syýasy dolandyryjylara inflýasiýa çäre görmek üçin tekliplerimizi hödürleýäris. Ýurtda iki sany parallel walýuta kursunyň bolmagy ýurtdaky harytlaryň bahalarynyň durnuksyzlygyna goşant goşýar. Durnuksyzlyk bolsa eksport we import bazarlaryna zeper ýetirip, halkara tranzaksiýalary has kynlaşdyrýar we üpjünçilige zeper ýetirýär.  Ýurtdaky harytlaryň bahasyny durnuklaşdyrmak üçin, biziň berjek ilkinji maslahatymyz ýurtdaky iki sany parallel walýuta kursuny deňleşdirmek we onuň alyş-çalşygyny ilata elýeterli etmek. Şol bir wagtyň özünde, inflýasiýanyň düýp sebäplerine çäre görmek üçin, orta möhletde hökümetiň umumy çykdajylaryny azaltmagy göz öňünde tutmaly, halkara täjirçiligi ýaýbaňlaşdyrmaly, içerki önümçiligi ýokarlandyrmak üçin uzak möhletleýin çäreleri göz öňünde tutmaly we ýerli önümçiligi tebigy gaz we beýleki tebigy serişdelerden diwersifikasiýa etmeli.

Iki parallel kursy birleşdirmek (HPG): Türkmenistanda iki dürli walýuta kursy bar: çäklendirilen resmi walýuta kursy we hemmelere elýeterli, ýöne 5.5 esse gymmat bolan gara bazar kursy. Hökümet bilen arabaglanyşygy bolan käbir hususy kärhanalar banklar arkaly resmi kursa görä walýutany çalşyp bilýän bolsalar, beýleki kärhanalara beýle mümkinçilik döredilmeýär (Gündogar). Şeýle-de bolsa, beýle hereketler aç-açan edilmeýär, korrupsiýany öz içine alýar we çäkli derejede amala aşyrylýar. Resmi kursa görä walýutany çalyşmak kiçi we orta derejeli telekeçiler üçin elýeterli däl, çünki hökümet konwertasiýa hyzmatyny diňe käbir kärhanalara  bermek arkaly haýsy kärhanalaryň bazarda üstünlikli boljagyny we bolmajagyny emeli şekilde saýlaýar. Gara bazar alyş-çalyş kursunyň gymmat bolmagy ýokary inflýasiýanyň iň uly sebäpkäri bolmaga çemeli; şonuň üçin bu meseläniň çözgüdi ilki bilen iki parallel kursy birleşdirmegi öz içine almaly. Munda manadyň hümmeti ýa ýene ABŞ dollaryna çatylyp, gara bazar bilen resmi kursuň arasynda bir nyrhda saklanylyp bilner ýa-da üpjünçilik we talaba görä kesgitlenilip bilner.

Professor Steve Hanke pes hümmetli walýutasy bolan ösüp barýan ýurtlara “walýuta geňeşini” girizmegi maslahat berýär. Walýuta geňeşiniň çäginde, içerki walýuta diňe merkezi bankyň elinde bar bolan daşary ýurt walýuta rezerwiniň mukdaryna proporsional şekilde çap edilýär we walýuta kursy güýçli halkara walýuta tarapyndan kesgitlenilýär. Haýsy usul ulanylsa hem, walýutanyň kursunyň durnukly saklanmagy we oňa telekeçileriň, maýadarlaryň we umumy ilatyň ynam bildirmegi örän wajypdyr. Iki dürli parallel walýuta kurslaryna çäre görmezden, haýsydyr bir öňegidişlige ýetmek kyn bolar.

Maliýe syýasatyny berkitmek (Halkara Maliýe Instituty): Berkidilen maliýe syýasaty adatça hökümetiň sowýan pulunyň azaldylmagyny we salgytlaryň köpeldilmegini öz içine alýar. Ýokary inflýasiýaly ykdysady çökgünlik döwründe salgytlary artdyrmagyň peýdalaryndan has köp zyýanlarynyň bolmagy ähtimal, sebäbi ilatyň uly bölegi garypçylykda ýaşaýar. Şonuň üçin, maliýe syýasatyny berkitmegiň usuly hökmünde hökümet çykdajylaryna täzeden göz aýlamagy maslahat berýäris. Türkmenistanyň hökümeti uly infrastruktura we gurluşyk proýektleri üçin milliardlarça pul harç etdi we bularyň içine birnäçe kaşaň myhmanhanalar, howa menzilleri, ýadygärlikler, Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi we başga-da birnäçe gymmat proýektler girýär. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen AIMAG Aziýa oýunlaryny gurnamak üçin Türkmenistanyň hökümetiniň takmynan 10 milliard dollar sarp edenligi çaklanylýar. Bu 2017-nji ýyldaky JIÖ-niň 21.5%-ne deňdir. Häzirki wagtda hökümet 37 mlrd dollar çykdajysy bolan 2500 sany iri gurluşyk taslamalarynyň üstünde işleýär. 2019-2022 ýyllar aralygynda dowam etjek bu taslamalaryň çykdajysy ady agzalan ýyllaryň her birinde ýyllyk JIÖ-niň ortaça 14-17%-ne deňdir. Şeýdip, hökümet infrastruktura proýektlerine aç-açan däl şekilde ummasyz mukdarda pul harçlamagyny dowam edýär – bu hem milli JIÖ-ni diňe gysga wagtlyk artdyrmakdan başga kän peýda bermeýär. Maliýe çykdajylaryna täzeden göz gezdirmek arkaly, korrupsiýany öz içine alýan iri infrastruktura proýektleri üçin pul sowmagyň ýerine, has takyk ugurlara pul gönükdirip bolardy. Meselem, kiçi we orta göwrümli telekeçilere, ösüş, bilim we saglygy goraýyş pudaklaryna, şeýle hem sebitara söwdany ýeňilleşdirmek üçin gerekli infrastrukturalara gönükdirmek. Progres.online toparynyň çaklamalaryna görä, 2020-nji ýyldaky jemi döwlet çykdajylarynyň paýy şo ýyldaky milli JIÖ-niň 50%-ne ýakyn boldy we bu Türkmenistan ýaly senagatlaşmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin ummasyz göterimdir. Deňeşdirme hökmünde: Gazagystanyň döwlet çykdajylary milli JIÖ-niň 24.3%-ne we Özbegistanyň çykdajylary 27.9%-ne barabar. Şonuň üçin, hökümetiň ykdysadyýetdäki roly düýpli täzeden gözden geçirmeleri we reformalary öz içine almaly. Döwlet býujeti köpçülikleýin ara alnyp maslahatlaşylmaýar we döwlet metbugaty diňe ýyllyk girdejileriň we çykdajylaryň mukdaryny habar bermek bilen çäklenýär. Täze döwlet çykdajylary hakyndaky teklipler mejlisde ara alnyp maslahatlaşylmaly we kabul edileninden soňra, çykdajylaryň aç-açan we jogapkärli bolmagyny seljermek üçin garaşsyz bilermenlerden düzülen aýratyn komitet döredilmeli.

Halkara täjirçiligi ösdürmek, paçlary we beýleki söwda päsgelçiliklerini azaltmak (BSG): ýokary inflýasiýanyň we gymmat alyş-çalyş kursunyň täsirini azaltmagyň ýene bir usuly import paçlaryny, kwotalary we beýleki söwda päsgelçiliklerini azaltmak bolup biler. Import çäklendirmeleri we gymmat baha gara bazar kursy birlikde harytlaryň bahasyny hasam ýokarlandyrar we bu goşmaça çykdajylar sarp edijiler üçin artykmaç ýük bolar.  Import üçin goýulýan paçlaryň göterimini hökümet köpçülige aýan etmeýär we muňa degişli maglumatlar World Integrated Trade Solutions (WITS) databazasynyň web sahypasynda 2002-nji ýyldan bäri täzelenmändir. 2002-nji ýyldaky berlen maglumatlara görä, käbir azyk önümleri üçin goýlan import paçlary: peýnir 20%, ýumurtga 10%, kartoşka 20%, pomidor 100%, sogan 100%, käşir 100%, hyýar 100% we kömelek 50%. Bu sanawda başga hem ençeme önüm ýer alýar.

Harytlaryň we hyzmatlaryň içerki önümçiligini ýokarlandyrmak üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny ýurda çekmek: kiçi we orta göwrümli hususy kärhanalary açmagy we ýöretmegi ýeňilleşdirmek üçin býurokratik proseduralaryň sany azaldylmaly. Corruption Perception Indeksine görä, Türkmenistan dünýäde korrupsiýanyň iň ýaramaz ýurtlarynyň arasynda 11-nji orunda durýar. Korrupsiýa aşa hökümet gözegçiliginiň we býurokratiýanyň alamatydyr. Şeýle hem, hökümet iri biznes açmak isleýän telekeçileriň diňe az bölegine ygtyýarnama bermek arkaly, hakyky bäsdeşligi ýoýýar we monopolistleriň ýokary bahadan haryt satmagyna ýol açýar. Mundan başga-da, içerki önümçilik, esasanam haryt önümçiligi we oba hojalygy daşary ýurtlardan çig mal we goşant talap edýär. Şonuň üçin, erkin we durnukly alyş-çalyş kurslary bilen birlikde erkin söwdanyň hem ýola goýulmagy ýerli öndürijiler üçin peýdalydyr. Içerki býurokratik we daşarky söwda päsgelçilikleri azalan halatynda, has köp kärhana gurmaga mümkinçilikler dörär we netijede harytlaryň bahasy hem arzanlar. Içerki önümçiligiň tebigy resurslardan diwersifikasiýa edilmesi hem peýdaly bolup biler, sebäbi resurslaryň bahasy durnukly saklanmaýar.

Manadyň aşa hümmetlendirilen resmi alyş-çalyş kursunyň we hümmeti pes parallel gara bazar kursunyň bolmagy hem daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi kynlaşdyrýar, sebäbi bular korrupsiýa ýol açýar we telekeçiligiň ösmegine päsgelçilik döredýär. Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek örän möhümdir. Çünki olaryň kömegi bilen has köp kärhanalar gurulýar, önümçilik artýar, iş orunlary döredilýär we ýurda tehnologiki know-how getirilýär. 2020-nji ýylda Türkmenistana gelýän daşary ýurt maýa goýumlary 45% azalyp, onuň mukdary 1.2 mlrd dollar boldy. COVID-19 pandemiýasy döwründe tebigy resurslara bolan islegiň azalmasy netijesinde, Türkmenistanyň eksport girdejileri we maýa goýumlary hem azaldy.

Demokratiýa tarap ulgamlaýyn reformalary girizmek: ýokardaky teklip edilen reformalaryň köpüsi üçin syýasy isleg, hökümet jogapkärçiligi we demokratik institutlaryň işlemegi wajypdyr. Freedom House guramasynyň çykaran hasabatynda Türkmenistan “jebisleşdirilen awtoritar režimli” ýurt diýlip häsiýetlendirilýär we umumy 100 utukdan 2 utuk berlip, dünýäniň iň awtoritar ýurtlarynyň hatarynda goýulýar.

Jemleme

Türkmenistanda ykdysady çökgünligiň netijesinde ýüze çykan ýokary inflýasiýa müňlerçe hojalygy garyplykda saklap, köp sanly jemgyýetçilik meselelerini döretdi. Şonuň üçin, inflýasiýa çäre görmek Türkmenistanyň täze hökümetiniň ileri tutýan wajyp meseleleriniň öň hatarynda ýer almaly. Progres.online inflýasiýa meselesini çözmek üçin iki walýuta kursuny birleşdirmegi, maliýe syýasatyny berkitmegi, halkara täjirçiligi güýçlendirmegi, içerki önümçiligi ýokarlandyrmagy we demokratiýa garşy ulgamlaýyn reformalary girizmegi maslahat berýär.

PDF GÖRNÜŞI

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: