Progres.Online

Näme üçin atlar türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi?

2017-nji ýylda, Aleksandr A. Kim we Ogulgerek J. Nazarowa “Türkmenleriň arasynda atyň roly” atly makalany çap etdiler. Awtorlar makalada atyň türkmen taryhyndaky wajyp orny we onuň türkmen medeniýetiniň möhüm nyşany bolmagyny nähili dowam edýändigini gözden geçirdiler.

Taryhy we medeni ähmiýeti

Türkmenistanda atlaryň gymmatyny bilmek adaty türkmenler halk hökmünde emele gelmezden ozal ýüze çykypdyr. Bu olara häzirki Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan taýpalardan galan miras bolmagy ahmal.

Türkmenler XIX asyra çenli çarwa halk bolupdylar. Çarwa durmuşy sebäpli at olaryň gündelik durmuşynda, şol sanda transport hökmünde we söweşde möhüm rol oýnapdyr. Taryhçylar her taýpada her sekiz adam üçin bir atyň bolanlygyny çaklaýarlar. Atlary bolan maşgalalar gurply we hormata mynasyp hasaplanylypdyr.

Esasanam, Ahalteke atyna türkmen medeniýetinde örän ähmiýet berilýär. Olar adatdan daşary ýyndamlygy, çydamlylygy we özboluşly teni üçin gymmatlydyr. Ahalteke atlaryny tohumlandyrmak we seýislemek tärlerine aýratyn üns berilýär.

Ahalteke atlarynyň eýeleri aw etmek, başga taýpalara we uzak ýurtlara hüjüm etmek ýaly dürli çärelere gatnaşyp bilipdirler. At eýelerine il arasynda hemişe uly hormat goýupdyrlar. Atlar durmuş toýlary ýaly birnäçe baýramçylyklaryň we dabaralaryň arzyly gatnaşyjylary bolupdyr.

Söweş meýdanynda atlaryň ussatlyk bilen hereket edişi we söweşde öz çapyksuwarlaryna ýardam berişleri türkmenleriň atlara bagyşlap ençeme aýdymlary, goşgulary, rowaýatlary we ertekileri döretmeginiň sebäbidir. Atyň keşbi sungatyň dürli görnüşlerinde, şol sanda türkmen halylarynda, şaý-seplerinde we beýleki senetlerde şekillendirilip, atyň türkmen medeniýetinde sylagly ornuny görkezýär.

Häzirki döwür

Atlar türkmen jemgyýetinde häzirki wagtda hem möhüm rol oýnaýarlar. Atlar toýlar, patalar we sport çäreleri ýaly dürli dabaralaryň aýrylmaz bölegidir. Ýurtda at çapyşygy henizem meşhur bolup, hatda, aýallar hem oňa gatnaşyp bilýärler.

Ahalteke atlarynyň tebigy häsiýeti türkmen jemgyýetinde güýji we owadanlygy alamatlandyrýar. Şeýle-de bolsa, atlar käwagt diýen etmezek bolup bilerler. Şol sebäpli, daşary ýurtly seýisleriň köpüsi Ahalteke tohum atlaryna tälim bermezlige synanyşýarlar. Çünki, başga bir at tohumyny tapmak we seýislemek has aňsat.

Türkmenler we olaryň ata-babalary atlaryna uly ähmiýet beripdirler. Atlar geçmişde-de, şugünki günde-de mukaddes haýwan hasaplanýar we gowy seýislenýär, ideg edilýär hem-de iýmit hökmünde ulanylmaýar. Türkmenler bilen atlarynyň arasyndaky berk baglanyşyk asyrlar boýy türkmen medeniýetini şekillendirdi we saklanyp galdy.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: