Merkezi Aziýa döwletlerinde medeniýeti apropriasiýalaşdyrmak (rusça: культурная апроприация) barada juda az adam habardar ýaly.
Medeniýeti apropriasiýalaşdyrmak – bir medeniýetiň elementlerini başga bir medeniýetiň adamlarynyň ulanmagy ýa-da eýeçiligine geçirmegi. Emma, medeniýetiň assimilasiýasyndan tapawutlylykda, bu negatiw hadysadyr we kolonial häsiyete eýedir. Ýagny, agalyk ediji medeniýetiň adamlary başga bir medeniýetiň elementleriniň nusgasyny alyp, olary asyl nusgasyndan tapawutlylykda ulanylýarlar.
Ekspertleriň bellemegine görä, sebitiň hökümetleri etnik nagyşlaryň we milli matalaryň dünýä bazarlarynda satylýandygyna we global moda dizaýnerlerini höweslendirýändigine hoşal bolup, munuň öz ýurtlaryna we medeniýetlerine bähbitsizdigini unudýarlar.
Soňky ýyllarda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň etnik nagyşlary we milli bezegleri dünýä markalarynyň dizaýnerlerini we modalýerlerini täze kolleksiýalar döretmäge ruhlandyrdy. Nagyşlardaky çapraz reňkleriň kybap ýerleşişi, reňkleriň garyşygy, matalaryň tebigy we ekologiýa taýdan arassa dokalmagy we etnik stil hemişe trend bolmagynda galýar. Ýöne, dizaýnerleriň ählisi bu bezeg nagyşlaryň gelip çykan ýerlerini agzamaýarlar.
Adatça, günbatar ýurtlarynda milli nagyşlar, matalar we milli egin-eşikler biçak halanýar. Soňky on ýylda, dünýä brendleri adras, ikat ýaly milli matalary hem-de Merkezi Aziýanyň milli nagyşlaryny ýygy-ýygydan täze kolleksiýalarynda ulanýarlar.
Geçmişe ser salsaňyz, Merkezi Aziýanyň ençeme çarwa nesilleri ýurtda (türkmenler “gara öý diýýärler”) ýaşapdyrlar. Saýlama dizaýnerleriň teklibi bilen, Şweýsariýanyň daglarynda ýurtlar eşik we aksesuarlar satylýan dükan hökmünde ulanyldy. 2022-nji ýylyň ahyrynda, Şweýsariýanyň daglaryndaky Sankt-Moris şypahanasynda modalar öýi ýurt görnüşinde wagtlaýyn gurnalýan dükany açdy.
2014-nji ýylda, Britan brendi bolan Burberry sumka dizaýny üçin türkmen halysynyň nagyşlaryny ulandy
Çeşme: 1stdibs.com web saýtyndan alynan skrinşot (19.04.2023ý)
Italýan modalar öýi Valentino 2015-nji ýylyň ýaz-tomus kolleksiýasynda “suzani” özbek nagyşlaryny ulandy
Vivienne Westwood 2016/2017 güýz-gyş kolleksiýasynda kalpagy ulandy. Kalpak başga nagyşlar bilen bezelen bolsa-da, onuň şekili gyrgyz we gazak kalpaklaryna örän meňzeýär.
Çeşme: Vivienne Westwood-yň Facebook sahypasyndan alynan skrinşot
2016/2017 güýz-gyş kolleksiýasynda Vivienne Westwood gyrgyz “şokulo” başgabyny başgaça dizaýnda ulandy. Gadymy döwürlerde, şokulo gelinleriň kellesine geýdirilip, ony gelinleriň ejesi tikipdir.
2018-nji ýylda, amerikan moda dizaýneri we işewür zenan Donna Karan milli gyrgyz nagyşyny kolleksiýasynda ulandy. Bu nagyşlar adatça şyrdakda nagyşlanýar. Emma, dizaýner ony paltolarda we tomus köýneklerde ulandy.
Çeşme: urbanzen.com web saýtyndan alynan skrinşot (22.04.2023)
2017-nji ýylda, fransuz modalar öýi Hermes gyrgyz nagyşlary bilen bezelen şarf öndürdi. Şarf Appaloosa atynyň hatyrasyna Appaloosa des Steppes diýilip atlandyryldy. Bu atyň gelip çykan ýeri Demirgazyk Amerika hasaplanýar. 2015-nji ýylda Birleşen Patyşalygyň UK TV teleýaýlymynyň alypbaryjysy Konor Woodman tegmilli at barada dokumental film taýýarlady. Onda Woodman “appaloosa” atyny gyrgyz “çar aty” bilen baglanyşdyrýar.
Gucci modalar öýi 2021-nji ýylyň ýaz kolleksiýasynda sähra nagyşlaryny penjekleriň serpme ýakalarynda ulandy. Nagyşlar gazaklaryň “koşkar muýiz” milli nagyşyna meňzäp, goçuň şahyny ýatladýar.
2021-nji ýylda dünýäde meşhur New Balance brendi amerikaly dizaýner Salehe Bembury bilen bilelikde “Ýurt” atly krossowka kolleksiýasyny döretdi. Sähra ýaşaýşynyň şekili mahabatda, ýagny wideolarda we krossowka gutularynyň bezeginde ulanyldy.
“Kurak” usuly daşary ýurtlarda örän meşhur. Kurak – bu gurnama el işi bolup, köplenç mata galyndylary, köne eşikleriň bölekleri birleşdirilip tikilýär. Amerikaly dizaýner Daniel Koronado eşikleriň dizaýnynda gurnama nagyşlary ulanypdyr.
Gyrgyz “beldemçi” örtükli ýubkasynyň prototipi Ýewropa brendlerinde meşhurdyr. Adatça, aýallar ony ilkinji çagasy dogulandan soň geýýärdiler. Ýubkanyň üýtgedilen nusgasyny käbir kolleksiýalarda görmek bolýar.
Özbegistanyň milli nagyşlaryna ETRO-nyň 2022-nji ýylyň ýaz-tomus kolleksiýasynda duş gelmek bolýar. Zolakly “bekasam” matasy erkekleriň milli donlarynda ulanylýar.
Çeşme: Farfetch.com web saýtyndan alynan skrinşot (22.04.23ý)
ETRO 2022 ýaz-tomus kolleksiýasynda sähra bezeglerini görkezýär. Mysal üçin, eginiňe degýän uly gulakhalkalar gazaklaryň milli gulakhalkalaryna, ýagny “syrga” meňzeýär.
Çeşme: Shopstyle.com web saýtyndan alynan skrinşot (22.04.23-den)
Ralf Laureniň “Bahar Ikat 22” atly tomus kolleksiýasy Merkezi Aziýanyň mediýasynda iň köp agzalan tema boldy. Kolleksiýa ýüpek matadan tikilen köýnek, ýubka, kardigan we ş.m eşikleri öz içine aldy. Bu Özbegistany we Täjigistany örän buýsandyrdy. Brend Instagram sahypasynda şeýle ýazdy: “Rowaýat kimin dizaýny we milli Ikat usulyndan ylhamlanan kolleksiýa söz azatlygyny özünde jemleýär”.
Dünýä belli BA&SH modalar öýi täjik milli nagyşyny 2023 bahar kolleksiýasynda ulandy.
Çeşme: ba-sh.com web saýtyndan alynan skrinşot (18.04.2023ý)
Dünýä markalary köplenç egin-eşik kolleksiýalaryny döredenlerinde etnik matalaryň we nagyşlaryň gelip çykyşy, medeniýeti barada agzamaýarlar.
Gazagystanda Maddy däl medeni mirasy goramak we ösdürmek konsepsiýasy bar. Konsepsiýanyň esasy wezipesi Gazagystanyň halkynyň maddy däl medeni mirasyny goramak, beslemek we ýaýratmak.
Gazagystanyň Medeniýet we sport ministrliginiň wekilleri: “Milli bezegler, nagyşlar maddy gymmatlygy bolan obýektler hasaplanýar. Ýöne, olary döretmegiň usullaryna maddy däl medeni miras hökmünde seredilýär” – diýip bellediler.
Gazagystanyň resmileri Gazagystanyň nagyşlaryny, bezeglerini we beýleki maddy däl medeni mirasyny bütindünýäde mugt ýaýramagyny goldaýarlar. Emma, ýurduň içinde bu meselä berk çemeleşilýär. Bir adam ýa-da kompaniýa medeni we taryhy miras bolan nyşany söwda belligi hökmünde ulanmak islese, ilki bilen, bu barada döwlet edaralary bilen ylalaşyga gelmeli. Ýöne, bu belligi apropirlemäge rugsat beriljekdigini kepillendirmeýär.
Merkezi Aziýanyň ekspertleri milli nagyşlaryň global derejede ýaýmagyň pozitiw taraplary bilen bir hatarda, negatiw taraplaryny hem belleýärler.
Gyrgyzystanyň Dizaýnerler birleşiginiň başlygy Natalýa Sultanowanyň aýtmagyna görä, dünýä brendlerine garşy şikaýat etmek mümkin däl. Hatda, kazyýetde-de hiç zat edip bolmaýar. Kazyýetler şeýle şikaýatlary red edýärler. Sebäbi her bir modelde diýen ýaly şekiller özgerdilýär ýa-da stili üýtgedilýär. Bu bolsa ähli zady subut etmegi kynlaşdyrýar.
Gyrgyzystanyň Medeniýet ministrligine görä, global brendlerden Gyrgyzystanyň medeniýetiniň awtorlygyny görkezmegini talap etmek mümkin däl.
“Milli nagyşlar halk döredijiligidir we olar barada ähli bilimler we başarnyklar nesilden-nesle geçip gelýär. Nagyşlar halka degişlidir we olary brendleriň öz işlerinde ulanylmagyny gadagan edip bilmeris” – diýip Medeni mirasy gorap saklamak we ösdürmek edarasynyň baş hünärmeni Atyrkul Seýizowa belleýär.
2018-nji ýylda ÝUNESKO Täjigistanyň milli keşdeleriniň bir görnüşi bolan “çakan” keşdesini maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizdi. “Beýleki nagyşlar barada aýdylanda bolsa, ýurt olary entek aýratyn brend hökmünde görkezmedi” – diýip Täjigistanyň Medeniýet ministrliginiň Medeniýet we maglumat gözleg institutynyň başlygy Abdulfattah Amini nygtaýar. Bu kazyýete şikaýat edip bolmajakdygyny we başgalaryň milli nagyşlary erkin ulanyp biljekdigini aňladýar.
Abdulfattah Amininiň bellemegine görä, häzirki wagtda hökümetde bu nagyşlaryň täjikleriň eýeçiligidigini tassyklaýan resminama ýok. Täjigistanyň mirasyny tassyklaýan, esas hökmünde kabul edilip bilinjek ýeke-täk zat iňlis we täjik dillerinde elýeterli bolan ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawydyr. ÝUNESKO-nyň 2003-nji ýyldaky konwensiýasynda her bir döwletiň öz territoriýasyndaky islendik tapyndyny medeniýetiniň bir bölegi hökmünde yglan etmäge hukugy bar diýip bellenilýär.
Dünýä modasynda milli bezegleri ulanmak ýurduň medeni mirasynyň has giňden ykrar edilmegine esas döredip biler. Ýöne, bu bezegleriň asyl nusgasynyň we ähmiýetiniň ýitmegine sebäp bolmagy mümkin. Täjigistanda ýaşaýan medeniýet boýunça ekspert Jonibek Asroriýon dünýä brendleriniň milli bezegleriň medeni ähmiýetini görkezmezden, mahabat we täjirçilik maksatly ulanylmagyndan howatyrlanýar.
Özbegistanda hem milli nagyşlaryň apropriasiýa edilmeginden goraýan çäreler amala aşyrylmaýar. Medeniýet ministrliginiň bellemegine görä, ministrlik şu wagta çenli bu mesele bilen iş salyşmady. Ekspertler hökümetiň milli medeni bezegleriň, hususan-da nagyşlaryň we matalaryň kanuny ulanylmagyny düzgünleşdirmekde şowsuz bolandygyny nygtaýarlar.
K.Behzod adyndaky Milli sungat we dizaýn institutynyň binagärlik ylymlarynyň kandidaty Zuhra Dosmetowanyň aýtmagyna görä, Özbegistanyň milli mirasy bolan nagyşlar we matalar ýurda girdeji getirip biler. Hökümet diňe bir intellektual eýeçiligi goramaga däl-de, eýsem milli äheňde döwrebap kolleksiýalary döredýän milli brendleri maliýe taýdan goldamalydyr.
Gyrgyzystanda ýaşaýan dizaýner Tatýana Worotnikowanyň pikiriçe, Mango ýa-da Zara ýaly dünýä markalaryň eşikleri gündelik durmuşda geýmäge amatly we oňaýly. Milli lybaslary has meşhur etmek üçin olary özgertmeli, moda görä üýtgetmeli we amatly tikmeli.
Gyrgyzystanda KESHTE moda öýüniň esaslandyryjysy we müdiri Nazgul Kaarowa: “Döwlet milli bezegleri ulanylyp tikilen döwrebap kolleksiýalaryň gözegçiligi we hili üçin jogapkär bolmaly hem-de marketing meýilnamasyny taýýarlamalydyr. Diňe şondan soň, lybaslar owadan, hili ýokary we geýerlik bolýar. Şeýle hem, döwrebap milli eşikleriň meşhurlygy artar we hemişe modada bolar” – diýip belleýär.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli nagyşlarynyň söwdany we brendi ösdürmek üçin gural hökmünde ulanylmagy hünärmenleri aladalandyrýar.
Täjigistanly meşhur dizaýner Hürşed Sattorow: “Täjigistan atlas eşikleriniň önümçiligini netijesiz dolandyrýar. Bu milli nagyşlaryň goralmagyna päsgel berýär. Munuň tersine, Özbegistan dünýä moda arenasynda sergilenýän millionlarça metr mata öndürmek üçin uly tagallalary edýär. Täjigistanyň milli nagyşlarynyň dikeldilmegi we ösdürilmegi üçin Sowet döwründe gurulan ýüpek fabrikalaryny Söwda-senagat palatasy we beýleki önümçilik zawodlary bilen bilelikde gaýtadan işe girizmeli. Şeýle hem, milli matalaryň uly önümçiligine başlamaly. Dizaýnerleri çagyryň we milli bezegleri dikeltmek we bu matalary öndürmek, marketing etmek üçin köp mukdarda maliýe serişdesini teklip ediň. Diňe şeýle edilende bu nagyşlaryň bize degişlidigini we medeniýetimizi gorap biljekdigimizi aýdyp bileris” – diýip nygtaýar.
Abdulfattah Amininiň maslahat bermegine görä, awtorlyk hukugyny goramak üçin her bir nagyşyň we nyşanyň taryhyny düşündirýän materiallary çap etmeli, häkimýetler halkara hukugyny ulanmaly we Täjik nagyşlaryny ulanýan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk saklamaly.
Çeşme: Сabar.asia