Allaýar Çüriýewiň “Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemi” atly kitabyndan Balyş Öwezow barada ýatlamalar.
Men şu makala material toplap ýörkäm, bir topar adamlar bilen söhbetdeş bolmaly boldum. Birnäçeleri Balyş Öwezowyň adamkärçilik häsiýetleri, onuň iş usuly hakda göwünjeňlik bilen gürrüň berdiler. Dogrusyny aýdaýyn, B. Öwezow bilen bile işleşen adamlaryň käbiri bolsa dymmak bilen oňdular. «Gowusy, sen muňa baş goşmasana. Seň munyňy halamajak adamlar bardyr. Soň özüňi «Nyşana alaýmasynlar» diýip, howatyrlananlar hem boldy.
Allaýar Çüriýew
Ýaşuly işe berlen adamdy. Işden soň öýüne pyýada gidýärdi. Baran ýerine milisiýa äkitmezdi. «Nämüçin men halkdan gorkmaly, halk maňa nämüçin ýamanlyk etmeli. Men halka ýagşylyk etmek üçin işleýärin» diýerdi. Pespäl adamdy.
Aladaçyl adamdy. Žurnalistleri biçak gowy görýärdi. Ýazyjylaň hemme kitabyny okaýardy. Teatrlarda görkezilýän täze spektakllary birjik-de sypdyrmaýardy. Berdi aganyň «Gaýgysyz Atabaýew» kitabyny okap, «Çeper eser däl-de, oçerk ýaly-la» diýerdi. Onuň «Suw damjasy – altyn dänesi» atly kitabyndan bölekleri okap, onam halamandy. «Gaýgysyz Atabaýy birhili jalataý, üç-dört aýal alan adam hökmünde görkezýär. Ýa bu edebiýatda bolýamy? Gelşiksiz dälmikä ýa-da dogrusymyka?» diýerdi. Şony gelşiksiz görýärdi.
Gazetde ilkinji okaýan zady oçerkdi. Soň feletony okaýardy. Döwlet Allaberenowyň, Nurmyrat Esenmyradowyň feletonlaryny höwes bilen okaýardy. «Tokmagy» başdan-aýak okaýardy. Aman Gulmämmedowyň, Ata Durdyýewiň, Sona Myradywanyň, Bazar Amanowyň rollaryndan mysal getirip, köpçülikde gürrüň berýärdi.
Ol adamlaryň nirdeliligine garap baha berenokdy. Şoň işlän döwründe özüniň doglan ýeri Daşhowuz oblastyndan bolan ýekeje-de ministr ýokdy. «Üýtgeşik akylly tire-de, üýtgeşik samsyk tire-de ýok» diýerdi. Saryk tiresindenem wezipeli adam bolmaly diýip, Ýazguly Hudaýberdiýewiň TKP MK-nyň sekretary wezipesine çekilmegine ýardam berdi. «Bir taýpadan bagşynyň ýa-da şahyryň döremezligi biziň betbagtçylygymyz» diýerdi. Ähli tire-taýpalara deň göz bilen garardy. Wezipedekä men onuň öýüne barmasam-da, iş kabinetine barardym.
Wezipeden çykandan soň weli, ol hepdede bir gezek özi menden habar tutýardy. O wagtlar ejemiz meniň ýanymda ýaşaýardy… jaň edip «Daşhowuz palawyny iýesim gelýär» diýýärdi. Towuk saklaýardym. Özi gelip «Towugy özüm öldürjek» diýerdi. Daş oklap goýbererdi, daş degen towugy hem öldürip, palaw bişirýärdik. «Seň öýüňe gelip, ýaşlygymy ýatlaýan. Garryny görmesem, bolanok» diýip, ejemi görkezýärdi.
Häzir Balyş Öwezow bilen baglanyşykly käbir zatlary okaňda, hakykata düýbünden laýyk gelmeýän zatlary ýazýarlar. Bu bizi gaty gynandyrýar. Ol kimdir birini ýamanlasalar gürrüňe goşulman oturýardy. Duşmanyny ýamanlasaňam geplänokdy. Men onuň bu häsiýetine ençeme gezek şaýat boldum.
Balyş Öwezowyň mazarynyň başujunda ýadygärlik dikdik. Çyzgy işini hudožnik Mämmet Mämmedow, boýustini Gylyç Ýarmämmedow döretdi. Hiç hili pulsuz-zatsyz. Soň beton, eýleki-beýleki gurluşyk üçin zat gerek bolanda, men şo wagt gurluşyk ministri bolup işleýän Žulenýowyň ýanyna baryp haýyş etdim. «Biçak gowy adamdy. Ol adam üçin gerek bolsa men kömek ederin» diýip söz berdi. Sözünde-de tapyldy.
Hojabaý Ataberdiýew
Okuwy zady gutaryp, Moskwada işläp ýörün. Kakam gelende meni görmän gidenokdy. Altmyşynjy ýyllaryň ortalarydy. Bir gezek gelende keýpi o diýen gowy däl. «Näme boldy?» diýip sorasam, «SSKP MK-da boldum. Birazajyk käýediler» diýdi. Ol şonda Hruşewa «Türkmenistanyň özünden gaz çyksa-da, ilaty gaz bilen üpjün edip bilemzok. Gazymyz bir metrlik turba bilen daşary ýurtlara iberilýär. Heý, bolmanda otuz santimetrlik turbadan özümize gaz alyp, ilaty gaz bilen üpjün etsek» diýip, meseläni goýupdyr. Şonda oňa «Sen näme milletçilik edýäň?» diýip käýäpdirler. Mesele-de çözülmän şonlugyna galyberýär.
Kakam ýaşlara jogapkärli wezipeleri ynanýardy. Bir gezek işden soň dem-dynjyny alyp, iş kabinetine girdi. Menem az salymdan oň ýanyna bardym. Şo wagt telefon jyňňyrdady. Trubkany göterip, rus dilinde gürläp başlady. Men onuň Moskwadandygyny gürrüň äheňinden bildim. Gepleşdi. Kakam dagy birini raýkomyň birinji sekretarlygyna hödürläpdir. Moskwadanam «Ýaşrak» diýipdirler. Oňam diýen zady häzirem ýadymda. Rus dilinde şeýle diýdi: «Etot nedostatok so wremenem on isprawit. A w ostalnom on w polnom podhodit» diýdi. Şo wagt ýanynda duramsoň, stoluň üstündäki kagyzlara gözüm düşdi. Gylyçdurdy Sähetmyradowyň şahsy işi ýatan eken. Soň görüp otursam, gürrüň şo hakda barýan ekeni.
Batyr Öwezow, ogly
Allaýar Çüriýew, Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemi
Surat