Progres.Online

Pelsepe Hatlary

“Men öz watanymy gözi gapyk, başy egik, ýumdyrlan agyzlar bilen söýmegi öwrenmedim”.

Pýotr Ýakowlewiç Çaadaýew rus filosofy we publisist. 1794-nji ýylda Moskwada dogulýar we 1856-njy ýýlda şol ýerde aradan çykýar.Jemgyýetçilik düşünjesine çagyryş bolan, ýek-täk çap edilen işi bilen uzak wagtlap rus okyjylarynyň arasynda meşhurlyk gazandy. Onuň “Pelsepe (filosofiýa) hatlarynyň” ilkinji haty1936-njy ýylda “Teleskop” žurnalynda çap edilipdir. Ol hatlar ýygyndysynda Russiýanyň “ruhy durgunlygyň kesgitlenen taryhy wezipäni berjaý etmäge päsgel berýändigi” we “ynsan nesliniň bütindünýä terbiýesinden” daşlaşandygy baradaky ajy skeptisizm (sübhelenmek)) äheňi duýulýardy. Bu pikirler Nikolaý I gazaplandyrypdyr. Žurnal çykarmak gadagan edilipdir, redaktor sürgüne iberilipdir, metbugat gözegçisi işden kowulypdyr we awtor ruhy keselli yglan edilipdir. Russiýada Çaadaýewiň eserlerini çap etmek gadagan bolupdyr: olar resmi ideologiýa üçin “ýerliksiz” bolupdyr. Diňe ХХ asyryň başlarynda onuň döredijilik mirasy kem-kemden rus okyjylaryna ýetirilip başlanypdyr.

Progres Fondy kitapdan bir bölegi terjime edip okyjylara ýetirmegi makul bildi.

Ynanyň siziň her biriňizden beter men öz watanymy söýýärin, oňa uly abraý arzuw edýärin, öz halkymyň ýokary adamkärçilik aýratynlyklarynyň gadyryny bilýärin. Ýöne şeýle bir hakykat bar, meni ruhlandyrýan watançylyk duýgularym öz gykylygy bilen meniň parahat ýaşaýyşymy bozýanlaryň duýgularyna hiç meňzänok. Ýene-de meni adamlaryň howsala ummanyna, gaýygymy bolsa hajyň etegine zyňyp taşlady. Men öz watanymy gözi gapyk, başy egik, ýumdyrlan agyzlar bilen söýmegi öwrenmedim. Bir adam diňe öz watanyna düşünen ýagdaýynda oňa peýda getirer diýip hasaplaýaryn; meniň pikirimçe aňsyz söýmegiň wagty geçdi, indiden beýläk biz watanymyza hakykaty borçly. Men öz ýurdumy Beýik Pýotyryň öwredişi ýaly söýýän.

Dogrymy aýtsam hemme zada gülala-güllük ýaly garaýan we öz boş hyýallaryny sowurýan, gynansakda bu dert başarnykly akyllary hem heläk edýän sähne watanperwerlik, ýaltalygyň watanperwerligi maňa ýat. Biz bu jahana beýlekilerden soňra gelmegimiziň sebäbi, olaryň ýalňyşlaryny gaýtalaman, nädogry pikirlerine we yrymlaryna uçraman, olardan has gowy bolmak üçin geldik diýip hasaplaýan.

Meniň pikirimçe, bizden has binesip halklaryň eden birgiden tentekliklerini gaýtalap we olaryň başdan geçiren bütin jebir-jepalaryny täzeden ýaşaýandygymyzy aýdýan kişi bize düşen roly düýpgöter ýalňyş düşünendigini görkezer. Meniň pikirimçe biziň ýagdaýymyz gaty şowly, munuň gadyryny bileli. Başga ýerlerdäki adamyň düşünjesini bulaşdyrýan we kararyny bozduran jylawsyz gopbamsylyklardan we ejiz nebisjeňlikler bar. Bulardan erkin görnüşde, dünýäni öz aklyň beýikliginden oýlanmak we ýazgarmak uly bagt diýip hasap edýän. Üstesine-de jemgyýetçilik tertibiniň meseleleriniň köpüsini çözmek, köne jemgyýetlerde ýüze çykan pikirleri tamamlamak, adamzady gyzyklandyrýan iň wajyp soraglary jogaplamak täleýimize ýazylandygyna ynanýaryn. Köplenç aýdyşym ýaly, ýene-de höwes bilen gaýtalaýaryn: hakykat şudyr, biz ynsanyň tebigatyna laýyk adalatly bolmalydyrys. Adam aňynyň we jemgyýetiň äpet tribunallarynyň öňündäki köp dawalaryň hakyky ynsaply sudy bolmak borjumyzdyr.

Çeşme:
Pýotr Ýakowlewiç Çaadaýew “Pelsepe hatlary”
(Пётр Я́ковлевич Чаада́ев “Философические письма”)

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: