Progres.Online

ÝUNISEF: Türkmenistanda çaga ölümçiligi azalýar, emma Merkezi Aziýa boýunça henizem iň ýokary derejede

ÝUNISEF-iň 2023-nji ýylda dünýädäki çagalaryň ölüm derejeleri we tendensiýalary barada çap eden hasabatyna görä, Türkmenistanda bäş ýaşa çenli çagalaryň ölüm derejesi 1990-njy ýylda 79 ölüm bolanlygyndan 2022-nji ýylda 40 ölüme çenli azaldy. Oglan çagalaryň (46) ölümçiligi gyz çagalar (35) bilen deňeşdirilende has ýokarydyr.

2022-nji ýylda Türkmenistanda 125 müň çaga diri doguldy. Şolardan 5 müň çaga 1 ýaşyna ýetmänkä öldi. Türkmenistanda 5 ýaşa çenli çagalaryň ölümçiliginiň aglabasy çaga doglandan 0-27 gün soň bolup, muňa neonatal ölümçilik diýilýär. Bu döwürde Türkmenistanda 3 müň çaga ölýär. Çaga ömrüniň indiki möhüm döwüri çaganyň doglan gününden takyk 1 ýaş aralygydyr. Bu döwürde Türkmenistanda 2 müň çaga ölýär. Umuman, Türkmenistanda 100 çaganyň 4-si bir ýaşa ýetmänkä ölýär.

Türkmenistanda her 1000 sany diri doglan bäbekleriň ölümçiligi 1990-njy ýylda 64 ölüm bolanlygyndan 2022-nji ýylda 35-e çenli azaldy. Şeýle-de bolsa, neonatal ölüm derejesi (her 1000 diri dogluşda ölüm derejesi) yzygiderli peselmedi. 1990-njy ýylda bu görkeziji 27 sany bolan bolsa, 2000-nji ýylda 30-a çykdy, soňra 2022-nji ýylda 23-e düşdi.

Aşakdaky tablisada görkezilişi ýaly, Türkmenistanda Merkezi Aziýa boýunça neonatal, bäbek, 5 ýaşa çenli çagalaryň ölümçiligi we 5-14 ýaş aralygyndaky çagalaryň, 15-24 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň ölme ähtimallygy iň ýokarydyr.

Tablisa 1. Merkezi Aziýada çagalaryň, ýetginjekleriň we ýaşlaryň ölümçiligi boýunça sanlar, 2022 ýyl

Çeşme: UNICEF 2023

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters:

Your Header Sidebar area is currently empty. Hurry up and add some widgets.