Progres.Online

Türkmenistanda ene ölümçiligi: Görkezijiler, Meseleler we Soraglar.

Türkmenistan eneleriň ölümini azaltmakda çäkli öňegidişlik gazandy, emma elýeterli maglumatlaryň has içgin barlagy öňegidişligi böwetläp biljek boşluklary we meseleleri ýüze çykarýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna (BSGG) görä, ene ölümçiligi – göwrelilikde, çaga dogrumda ýa-da göwreliligiň düşmesinden ýa-da abortdan soň 42 günüň içinde aýalyň ölmegini aňladyp, jemgyýetde aýallaryň saglyk ýagdaýynyň möhüm görkezijisidir. Aýallar göwrelilik we çaga dogurmak bilen bagly öňüni alyp boljak sebäplerden ölmeli däldir.

Aýallara garşy Diskriminasiýany Ýok etmek baradaky Komiteti (CEDAW komiteti) 2024-nji ýylyň fewralynda çykaran Türkmenistan boýunça altynjy döwürleýin hasabatyň jemleýji synynda ene ölümçiligi, aýal-gyzlaryň jynsy we reproduktiw saglyk hyzmatlaryna elýeterliligi, saglygy goraýyş işgärleriniň aýallaryň jynsy we reproduktiw saglygy we hukuklary barada türgenleşiginiň bolmazlygy, ýatgynyň boýunjugynyň rak keseliniň, göwüs ragynyň we AIW/AIDS-iň ýaýraýyşy barada köpçülige açyk maglumatlaryň ýetmezçiligi babatda alada bildirdi. Komitet ene ölümçiligini azaltmak üçin Türkmenistana jynsy we reproduktiw saglygy goraýyş hyzmatlaryna ähliumumy elýeterliligi üpjün etmegi, aborty kanunylaşdyrmagy we abortyň ähli ýagdaýlarda jenaýat hasaplanmagyny ýatyrmagy, aýallaryň we ýetginjek gyzlaryň howpsuz aborta we abortdan soňky hyzmatlara ýerlikli elýeterliligini üpjün etmegi, ähli aýallara we gyzlara häzirki zaman göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini mugt bermegi we AIW/AIDS-iň ýaýraýyşy barada maglumatlary ýygnamagy maslahat berdi.

Biz bu makalada BSGG-nyň, BMG-nyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň köpçülige elýeterli maglumatlaryny ulanyp, Türkmenistanda enäniň saglyk we ölümçilik ýagdaýyny gysgaça beýan edýäris. Ýöne, Türkmenistanda eneleriň ölümi baradaky sanlaryň we maglumatlaryň hiliniň arasynda gapma-garşylyklar bar.

Ene ölümçiligi barada haýsy görkezijiler elýeterli?

BSGG görä, 2000-nji ýylda Türkmenistanda eneleriň ölümçilik derejesi her 100,000 diri dogrumda 29 ölüme deň boldy. 2020-nji ýyla çenli bu görkeziji her 100,000-den 5 ölüme düşüp, dünýäde iň pes görkezijileriň biri boldy. Şeýle-de bolsa, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti 2020-nji ýylda her 100,000 ene üçin 2.4 ölümçilik derejesini hasabat berip, milli we halkara maglumatlar çeşmeleriniň arasyndaky tapawudyň barlygyny nygtaýar.

Çeşme: UNFPA Turkmenistan.

Türkmenistanda enäniň saglygyny gowulandyrmak üçin nämeler edildi?

2023-nji ýylda Türkmenistanyň hökümeti UNFPA-nyň goldawy esasynda enäniň saglygyny gowulandyrmakda çäkli öňegidişlik gazandy. Olar aşakda gysgaça berilendir.

Emma, hökümet bilen hyzmatdaşlygyň bir bölegi hökmünde işlenip düzülen okuw materiallarynyň, ilaty bilimlendirýän maglumatlaryň we medisina protokollarynyň köpçülige elýeterli edilendigi ýa-da edilmänligi barada maglumat ýok. Biz olary online ulgamda (internetde) tapyp bilmedik. UNFPA görä:

  • $700,000-a golaý hökümet maliýesi lukmançylyk anyklaýyş enjamlaryna, garýragoýulmasyz akuşerçilik kömegi gurallaryna, dermanlara we göwreliligiň öňüni alyş serişdelerine maýa goýuldy. Bu 40-dan gowrak potensial ene ölümçiliginiň öňüni almaga kömek etdi.
  • Gaýragoýulmasyz we esasy akuşerçilik kömegi berýän çaga dogrulýan öýler tutuş ýurt boýunça deň paýlanandyr we olaryň sany BSGG-nyň standartlaryna laýyk gelýär.
  • Ähli çaga dogrulýan öýlerde 44 sany täze akuşerçilik protokollary durmuşa geçirildi. Akuşerler enelere yzygiderli ideg bermek üçin sebitiň saglygy goraýyş ekspertlerinden bu protokollar boýunça tälim aldylar. Okuwlar döwlet tarapyndan maliýeleşdirildi.
  • Ýurduň ähli enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde akuşerler UNFPA we BSGG tarapyndan berlen seljeriş gurallaryny ölüm howply ýagdaýlary gözden geçirmek/içerki bahalandyrma üçin peýdalandylar. Onuň maksady kemçilikleri ýüze çykarmak we geljekdäki ölüm howply wakalaryň öňüni almakdy.
  • Ganazlyk ýa-da hroniki keselleri bolan aýallar meýilleşdirilmedik göwreliligiň öňüni almak üçin mugt göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri bilen üpjün edilýärler. 2020-nji ýyla çenli bu aýallaryň 64%-i ýurduň 95 sany reproduktiw saglyk otaglarynda meýletin maşgala meýilleşdiriş hyzmatlaryndan peýdalanýardy.

UNFPA Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine işçi güýjüniň, enjamlaryň, hyzmatlaryň we standart kliniki amallaryň kesgitlenen toplumy bilen birlikde milli, sebit we ýerli derejelerde enäniň saglygyny goramagyň üç derejesini döretmäge goldaw berdi. Netijede, 2020-nji ýylda çylşyrymly dogrumlaryň 82%-i sebit we milli derejedäki çaga dogrum merkezlerinde geçirildi. Deňeşdirsek, du görkeziji 2014-nji ýylda 40 göterimdi.

ÇeşmeUNFPA Turkmenistan.

Türkmenistanda ene ölümçiliginiň esasy sebäpleri haýsylar?

Aýallar göwrelilik we dogrum döwründe hem-de olardan soň gaýraüzülmeler sebäpli ölýärler. Bu gaýraüzülmeleriň aglabasy göwrelilik döwründe ýüze çykyp, olaryň öňüni alyp ýa-da bejerip bolýar. Beýleki güýraüzülmeler göwrelilikden öň ýüze çykýar, ýöne kesel aýalyň ideginiň bir bölegi hökmünde bejerilmese göwrelilik döwründe has-da erbetleşip biler. Gynansakda, Türkmenistanyň hökümeti Türkmenistanda ene ölüminiň sebäpleri we olaryň ýaýraýyş gerimi barada barlaglary alyp barmaýar, ösdürmeýär we maliýeleşdirmeýär. Ene ölümçiliginiň ~75%-ini emele getirýän esasy gaýraüzülmeler aşakdakylary öz içine alýar:

  • Çaga dogrumdan soň ýiti ganama: UNFPA görä, 2020-nji ýylda ene ölümçiliginiň esasy sebäbi ganama bolup, ganazlyk hem ýaýbaň bolmagynda galýar, aýratyn hem pes girdejili maşgalalarda. Keselleriň sany barada anyk maglumatlar çäkli bolsa-da, Bütindünýä Banky 2019-njy ýylda Türkmenistanda göwreli aýallaryň arasynda ganazlygyň 28%-digini hasabat berdi. BSGG görä, 2000-nji ýylda lukmanlarynyň sanynyň ilat sanyna düşýän paýy 27 bolanlygyndan 2020-nji ýylda 21-e çenli azaldy. Şeýle-de bolsa, 2019-njy ýyldaky MICS hasabaty soňky 2 ýylda diri çaga dogrumy bolan 15–49 ýaş aralygyndaky aýallaryň 99.7%-iniň dogrumdan öň lukmandan ideg alandygyny, 99.8%-iniň bolsa dogrumda ýa-da kesarewo kesimi wagtynda lukmançylyk kömegini alandygyny belleýär.
  • Ýokançlyklar: Sepsis bedeniň ýokançlyga garşy ölüm howply jogaby bolup, UNICEF-e görä, sepsis Kawkaz ýurtlarynda we Merkezi Aziýa sebitinde ene ölümleriniň 8.5%-ini, AIW bilen bagly ölümler bolsa ölümçiligiň 2.3%-ini düzýär. Bu töwekgelçiliklere garamazdan, türkmenistanly aýallaryň 70%-i AIW barada giňişleýin bilime eýe däl we diňe 58%-i dogrumdan öň ideg wagtynda AIW barada maslahat aldy. Şeýle hem, BSGG-nyň Ýewropadaky sebitleýin edarasy üçin Türkmenistan inçekeseliň öňüni almak meselesi boýunça ileri tutulýan ýurtdyr.
  • Göwrelilik döwründe ýokary gan basyş: 2014-nji ýylda preeklampsiýa we eklampsiýa dünýäde ene ölümçiliginiň 14%-ine sebäp boldy. 2020-nji ýylda Türkmenistanda dört aýaldan biri gipertoniýadan ejir çekýärdi ýa-da gan basyşyna garşy dermanlary kabul edýärdi. 2019-njy ýylda reproduktiw ýaşdaky aýallaryň 99.9%-i gan basyşyny ölçedenligine, barlag üçin peşew we gan tabşyranlygyna we dogrumdan öňki idegiň bir bölegi hökmünde azyndan bir gezek ultrases barlagyny geçirenligine garamazdan, Türkmenistanda göwrelilik döwründe gipertoniýa ýa-da preeklampsiýa başdan geçiren aýallaryň sany barada maglumat ýok.
  • Howpsuz abort: UNFPA maşgalany meýilleşdirmek, göwreliligiň öňüni alyş hyzmatlary, ýatgynyň boýunjygynyň rak keselini barlamak, ýetginjekleriň reproduktiw saglygy we howpsuz abort hyzmatlaryny bermek üçin Türkmenistanda 95 sany reproduktiw saglyk bölümini maliýeleşdirýär. Hökümetiň nä mukdarda serişde berýändigi ýa-da bermeýändigi näbelli. Şeýle-de bolsa, reproduktiw ýaşdaky aýallaryň (15–49 ýaş) ~60%-i reproduktiw kararlary bermäge ygtyýarlygy ýokdur. Ýurtda 2018-nji ýyldan bäri 15–19 ýaş aralygyndaky aýallara maşgalany meýilleşdirmek mugt elýeterli bolsa-da, häzirki wagtda durmuşa çykan ýa-da bilelikde ýaşaýanlaryň 10% golaýyna maşgalany meýilleşdirme zerurlyklary elýetersiz. Halkara guramalaryň çaklamalaryna görä, Türkmenistanda 2015-2019-njy ýyllar aralygynda meýilleşdirilmedik göwreliligiň 83%-i abort etdirildi. Emma, kanunyň diňe göwreliligiň 5-nji hepdesine çenli abort edilmegine rugsat berýändigini göz öňünde tutup, bu bikanun we howply abortlara sebäp bolup biler.
  • Tälim alan ginekologlaryň ýetersizligi: 2022-nji ýylda 76 sany ginekologa howpsuz aborty amala aşyrmak boýunça şahadatnama berildi. Emma, abort amallaryny berjaý edýänleriň umumy sany we olaryň bütin ýurt boýunça paýlanyşy näbelliligine galýar. Aýratyn hem ýyllyk abort zerurluklaryny göz öňünde tutsak, bu ähli saglygy goraýyş edaralarynda abort hyzmatlarynyň elýeterlidigi ýa-da mugt berilýändigi barada çuňňur aladalary döredýär. Türkmenistanda lukmançylyk abortlaryň elýeterliligi barada maglumat ýok.
  • Oba ýerlerinde akuşerleriň ýetmezçiligi: UNFPA Türkmenistanda akuşerçilik mekdeplerine pes kabul ediliş we ilatyň artmagy zerarly oba ýerlerinde akuşerleriň ýetmezçiliginiň bardygyny belleýär. Bu maýyp aýallar üçin enäniň saglygyny goraýyş hyzmatlarynyň çäkliligi we elýeterliligi bilen birlikde maglumatlaryň ýoklugy sebäpli näbelli ýitilikdäki meseleleri döredýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine we UNFPA-nyň Türkmenistandaky edarasyna soraglar

UNFPA eneleriň ölüm derejesiniň gowulanýandygyny, gaýraüzülmeler baradaky maglumatlar boşlugyny hasabat berse-de, saglygy goraýyş hünärmenleri Türkmenistanyň ýurtda ene ölümçilik derejesiniň pesligini belleýän beýanlaryndan şüphelenýärler. Maglumatlaryň köpçülige çäkli elýeterliligi aç-açanlygy we jogapkärçiligi çäklendirip, ilat arasynda howply saglyk amallarynyň ýaýramagyna goşant goşýar.

Hökümetden we UNFPA-dan soralýan esasy soraglar jogapsyz galýar, şol sanda:

  • Aşakadaky meseleler boýunça esasy statistikalar haýsylar:
    • Ýaş topary, girdeji derejesi, geografiki ýerleşişi we saglyk ýagdaýy boýunça bölünen reproduktiw ýaşdaky aýallaryň maşgala meýilleşdirişe elýeterliligi näçe göterim?
    • Aýallaryň ganazlygynyň ýaş topary, girdeji derejesi, şäherde we obada ýaşaýyş ýagdaýy boýunça bölünen derejesi näçe?
    • Hökümet maglumatlaryna görä ýetginjekleriň dogrum derejesiniň ýaş topary, girdeji derejesi, şäherde we obada ýaşaýyş ýagdaýy boýunça bölünen görkezijisi näçe?
    • Şäher we oba ýerlerinde dogrumdan öň lukmançylyk idegini alýan aýallaryň paýy näçe?
    • Şäher we oba ýerlerinde hünärmen akuşerleriň we gaýragoýulmasyz akuşerçilik kömegini berýänleriň umumy sany näçe?
  • Jemgyýetçilik we saglyk işgärleri döwlet mediasynda ýygy-ýygydan agzalýan milli maksatnamalaryň jikme-jikliklerini nireden öwrenip we/ýa-da alyp bilerler:
    • 2021-2030-njy ýyllar üçin reproduktiw, eneleriň, bäbekleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça Milli strategiýa we onuň durmuşa geçirilmegi üçin bölünip berlen býujet?
    • UNFPA-nyň websaýtynda habarlar bölüminde agzalan seljeriş gurallaryň we amallaryň netijeleri?
    • Döwlet websaýtlarynda göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri barada türkmen dilinde ygtybarly maglumatlar?
    • UNFPA bilen bilelikde işlenip düzülen 44 sany lukmançylyk protokoly
    • UNFPA tarapyndan maliýeleşdirilýän 95 reproduktiw bölümleriň maglumatlary
    • UNFPA-nyň goldawy bilen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan işlenip düzülen gaýragoýulmasyz akuşerçilik kömegi, ýokançlygyň öňüni almak we gözegçilik etmek boýunça täzelenen goldanmalar
    • Hökümet 2020-nji ýyldaky Maşgalany meýilleşdiriş maýa goýum taslamasyny nähili ulandy we onuň netijesinde emele gelen anyk syýasatlar haýsylar?
    • Hökümet şäher we oba ýerlerinde aýallaryň we erkekleriň arasynda göwreliligiň öňüni alyş çäreleri barada habardarlygy ýokarlandyrmak üçin haýsy anyk kampaniýalary amala aşyrdy?

UNFPA-nyň bellemegine görä, Türkmenistan saglygy goraýyşy maliýeleşdirmegi, gaýragoýulmasyz akuşerçilik kömegini, reproduktiw saglyk terbiýesini, keselleriň öňüni almagy, ganazlyk derejesini we göwreliligiň öňüni alyş serişdelerine elýeterliligi gowylandyrmak arkaly öňüni alyp bolýan ene ölümçiliginiň soňuna çykyp biler. Saglyk topary bu çözgütleriň we halkara maksatnamalaryň netijeli durmuşa geçirilmegi üçin maglumat ýygnamak, aç-açanlyk, gözegçilik we hökümetiň jogapkärçiligi möhüm şertlerdigini nygtaýar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters:

Your Header Sidebar area is currently empty. Hurry up and add some widgets.