Progres.Online

Türkmenistanyň metan zyňyndylary baradaky hasabatynyň düýpli nädogrulyklary ýüze çykaryldy

Pariž Ylalaşygynyň hasabat berme talaplaryna laýyklykda, ylalaşyga gol çeken ýurtlar kömürturşy we metan gazy ýaly parnik gazlarynyň zyňyndylary barada ýyllyk çaklama hasabatlaryny tabşyrmaly. 2023-nji ýylda Lu Şen we onuň awtordaşlarynyň çap eden barlagy Türkmenistanyň metan zyňyndylary baradaky hasabaty bilen sputnikden alynan ölçegleriň arasyndaky uly tapawudy ýüze çykardy. Alymlar nebit, gaz we kömür öndürmek bilen bagly metan zyňyndylaryny ölçemek üçin 2018-nji ýylyň maýy 2020-nji ýylyň fewraly aralygyndaky ýokary hilli sputnik maglumatlaryny ulandylar.

Barlagyň netijeleri ýurtlaryň nebit we gaz pudagynyň syzdyrýan zyňyndylary baradaky hasabatlarynyň sputnik maglumatlaryna esaslanýan çaklamalardan 30% pesdigini görkezdi. Türkmenistan metan syzmasy boýunça dünýäde dördünji orundadyr. Emma, ýurduň hasabat beren zyňyndy mukdary sputnik görkezijilerinden 2.4 esse pes. Munuň tersine, sputnik maglumatlary goňşy Özbegistan boýunça az zyňyndy derejesini görkezip, ýurt hakyky syzdyrýan zyňyndy mukdaryny çişirip hasabat beripdir.

Barlag Türkmenistanyň nebit we gaz pudagynyň zyňyndy mukdarynyň dünýäde iň ýokary hasaplanýandygyny görkezdi. Has takygy, ýurtda öndürilýän her ýangyç birliginiň syzdyrýan zyňyndy mukdary ep-esli artdy. Türkmenistanyň zyňyndy derejesi 5%-den ýokary bolan ilkinji 8 döwletiň hataryndadygy bellärliklidir. Alymlar diňe şu 8 ýurduň zyňyndy meselesini çözmegiň global metan zyňyndylaryny 18% azaldyp biljekdigini çaklaýarlar. Bu bolsa dünýäniň metan ýüküni biçak ýeňletmek üçin mümkinçilikdir.

Türkmenistanyň zyňyndylar boýunça hasabatynda syn edilen nätakyklygyň düşündirişlerinden biri ýurduň milli zyňyndy inwentaryny düzmek üçin ulanýan usullary bolmagy mümkin. Adatça, şeýle hasabatlar “aşakdan ýokaryk” çemeleşmesini ulanýarlar. Bu çemeleşme dünýäde soňky birnäçe ýylda öndürilen tebigy gazyň her kilogramy üçin syzdyrylýan metanyň kilogramyna görä ölçemek ýaly ortaça we öňki zyňyndy faktorlaryna esaslanyp hasaplanýar. Gynansakda, bu çemeleşme esasanam Türkmenistanda giň ýaýbaňlanan nebit we gaz önümçilik ýataklaryndaky syzmalary we betbagtçylyklary doly hasaba almaýar.

Barlag Türkmenistanda metan zyňyndylarynyň aşa ýokarydygy we ýurduň bu zyňyndylary yzygiderli az görkezýändigi baradaky ençeme subutnamalaryň üstüni ýetirýär.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: