Progres.Online

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hasabatynyň düzümi manyly maglumatdan mahrum

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleri (IFRC) Türkmenistanyň 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlary üçin ýarym ýyllyk hasabatyny çap etdiler. Hasabatda Türkmenistandaky Gyzyl haç jemgyýetiniň ösüşi umumylaşdyrlyp görkezilen hem bolsa, bu ösüşleri tassyklaýan maglumatlar we doly beýanlar ýok.

IFRC-niň inçekesel we ynsanperwer betbagtçylyk ýaly üstünde işleýän meseleleriniň gerimini, ölçegini we çynlakaýlygyny düşünmek üçin ileri tutulýan ugurlar barada maglumatlar we doly beýanlar ýok. Gazanylan üstünlikler anyk maglumatlaryň, delillendirlen beýanlaryň we takyk mysallaryň ýerine umumy pikirler bilen görkezilendir. Guramanyň hasabatyndaky käbir kemçilikleri barada ozalky makalamyzda gürrüň edipdik.

2020-nji ýylda Lebap we Marydaky weýrançylykly apy-tupan

Hasabatda Milli jemgyýetiň ynsanperwer diplomatiýa wepalylygy we goşandy nygtalýar, Türkiýä edilen ynsanperwer kömegiň gurama üçin wajyp üstünlikdigini bellenip geçilýär. Emma Milli jemgyýetiň Türkmenistanyň raýatlaryna ugrukdyrlan ýardamlaryň hiç biri hakynda habar berilmeýär. Milli jemgyýet 2020-nji ýylyň aprel aýynda Lebap we Mary welaýatlarynda bolan weýrançylykly apy-tupan pidalaryna seslenmedi we ýardam etmedi.

Gurama 2020 ýyllyk hasabatynda tebigy betbagtçylykdan zyýan çeken Lebapda 43 kişä we Mary welaýatynda 57 kişä yardam edendigini bildirýär. Emma bu kişileriň apreldäki apy-tupanyň pidalarydygy anyk däl. Birmeňzeş görnüşde Milli jemgyýet 2020-nji ýylda medýadaky abraýyny gowulandyrmak üçin gazetlerde we žurnallarda 98 makala çap edipdir, 128 telereportaj we 17 radio habar edipdir. Muňa garamazdan olaryň hiç birinde aprel betbagtçylygy barada agzalmaýar.

Şeýle hem hasabatda, Milli jemgyýetiň tebigy betbagtçylyklara öz wagtynda we netijeli ýardam etmek we krizis wagtynda zyýan çeken toplumy esasy möhüm önümler bilen üpjin etmek üçin gerekli ilkinji ynsanperwer kömeginiň ätiýaçlaryny döredendigi aýdylýar. Muňa garamazdan, 2020-nji ýylda Lebap we Mary welaýatynda bolan tebigy betbagtçylykdan zyýan çekenlere hiç hili maddy, pul ýada beýleki görnüşde goldaw bermedi. Häzirki wagta çenli tebigy betbagtçylykdan zyýan çekenler, ölen kişileriň sany we ykdysady ýitginiň mukdary hakynda hiç hili statistiki maglumatlar ýok.

Hyzmatdaşlyk barada doly maglumat ýok

Hasabatda USAID-yň maliýeleşdirýän gowşak ilata ynsanperwer ýardam we goldaw berýän taslamany dowam etmegiň zerurlygy nygtalýar. Emma taslamanyň möhleti we býujeti ýa-da alyjynyň (benefisiar) anyk kimdigi takyklanmaýar. ABŞ-da ýerleşýän girdeji gazanmaýan jemgyýetçilik guramasy bolan Winrock International tarapyndan işgärleriň aýlyklary üçin maliýeleşdirilýän Krizis Merkezi barada gysgaça bellenip geçilýär.

Milli jemgyýet Kanada ilçihanasy we OSCE bilen hem hyzmatdaşlyk edip, gender meseleleri, maşgaladaky zulum, adam söwdasy we pidalar üçin krizis merkezini gurmak meseleleri boýunça taslamalary işläp taýýarlady. Ýöne ne hasabatda ne-de guramanyň web-sahypasynda “krizis merkezi” we maliýeleşdirmek barada hiç hili maglumat görkezilmeýär.

Şeýle hem hasabatda Global Gazna we UNDP tarapyndan goldanýan Türkmenistandaky inçekeseli (TB) kontrol etmek maksatly, ýurtda bu keseliň öňüni alma we ýardam etme taslamasynyň möhümdigi nygtalýar. Emma Türkmenistanda inçekeseliň howplulyk derejesi, her ýyl näçe kişi diagnostirlenýär, näçe kişi bejeriş aldy we haýsy-da bolsa gowulanma barmy belli däl. Meselem, Milli jemgyýet 2022 ýyllyk hasabatynda, 1535 TB hassalaryna we olaryň garyndaşlaryna “Hassa mekdebi” moduly arkaly bilim berilendigi, psihologik goldaw we bejergini üstünlikli tamamlanma maksady bilen 7029 hassanyň öýüne görmäge gidilendigi belläp geçilýär. Bu sanlar TB hassalarynyň jemi sanyna laýyk gelýärmi?

Köpçülik bilen aragatnaşyk

Milli jemgyýet guramanyň web-sahypasyny öz işleri hakynda habar bermek, aýdyňlygy we köpçülik bilen aragatnaşygy artdyrmak üçin ulanýandyklaryny nygtaýar. Emma gurama Türkmenistandaky adamlaryň ýüzleşýän hakyky kynçylyklaryna bagly hiç hili barlag işini çap etmedi. Olaryň web-sahypalarynda guramanyň netijeliligini kesgitleýän hiç hili statistika, gözegçilik we bahalandyrma hasabatlary ýok, saýtda sanalan çeşmeleriň köpüsi, mysal üçin 2014, 2015 we 2016 ýyllyk hasabatlary açylmaýar.

Milli jemgyýet maliýe aýdyňlygyny kämilleşdirmek üçin 2022-nji ýylda daşky auditden geçendigini tassyklaýan hem bolsa, auditiň netijeleri we meseleleriň göwrümi köpçülige bildirilmedi.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: